Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp Ukraina baradaky çawuş aýyplamalary bilen bagly impiçment gepleşigini ret etdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň ukrain kärdeşinden syýasy bäsdeşini derňemegi sorandygy baradaky çawuş aýyplamalary bilen bagly impiçment gepleşigini ret etdi.

Tramp 23-nji sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş ederasyna baranda, Kongres tarapyndan impiçment howpuny näderejede çynlakaý kabul edýändigi barada berlen soraga “Hiç üns bermedim” diýip jogap berdi.

Birleşen Ştatlaryň media serişdeleri aňtaw gulluklarynyň çawuşynyň Trampyň telefon arkaly ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiýe basyş etmek synanyşygy diýilýän barada habarly edilenden soňra, awgust aýynda şikaýat bildirendigini habar berdiler.

22-nji sentýabrda Tramp 25-nji iýulda Zelenskiý bilen geçiren telefon arkaly gepleşiginde öňki wise-prezident Joe Baýdeniň (Joe Biden) we onuň oglunyň meselesini gozgandygyny tassyklady.

Ol Zelenskiýe “biz wise-prezident [Joe] Baýden we onuň ogly ýaly öz adamlarymyzyň Ukrainada bar bolan korrupsiýa goşant goşmagyny islemeýäris” diýip aýdandygyny belledi.

Ol Baýdeni derňemek barada Ukraina basyş edendigini ret edi. Baýden ABŞ-da öňümizdäki ýyl geçiriljek prezident saýlawlarynda Respublikan partiýasyndan bolan Trampyň garşysyna çykmaga synanyşýan Demokratlaryň iň öňe saýlanan kondidatlarynyň biridir.

Trampyň telefon gepleşigini tassyklamagy, Kongresde Demokratlaryň impiçment proseduralaryny başlatmak barada çagyryş etmegine sebäp boldy. Impiçment – bu kanun çykaryjy organ tarapyndan hökümet resmisine garşy aýyplama bildirilýän prosesdir.

“Biz ajaýyp telefon gepleşigini amala aşyrdyk. Hemmeler munuň Demokratlaryň jadygöý awçylygydygyny bilýär” diýip, ABŞ-nyň prezidenti 23-nji sentýabrda aýtdy.

Şol güni giçlik Tramp Polşanyň prezidenti Andrzej Duda bilen fotosessiýasynyň dowamynda, telefon gepleşiginiň ýazgysyny ýaýratmagy planlaşdyrýandygy ýa-da planlaşdyrmaýandygy barada berlen soraga şeýle hogap berdi:

“Men muny edip bilerin” diýip, Tramp prezidentiň daşary ýurt liderleri bilen telefon gepleşikleriniň ýazgysynyň ýaýradylmagynda ýol açyp biljek ýagdaýlara aladalanma hem bildirdi.

Bu galmagal Tramp bilen Zelenskiýniň arasynda şu hepde Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş assambleýasynyň çäginde geçirilmegi planlaşdyrylýan duşuşygyň öňüsyrasynda ýüze çykdy.

Ukrainanyň prezident administrasiýasyndaky ýokary derejeli resmi Oleksandr Danylýuk 23-nji sentýabrda Reuters neşirine beren maglumatynda Kiýewiň esasy maksadynyň Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklarda goldaw bermekden we ynam duýmakdan ybarat bolandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG