Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda häkimiýetler hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjilere köpçülikleýin häsiýetde jerime ýazýar


Arhiwden alnan surat
Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda hususy awtoulagynda adam gatnadyp, kireý edýän sürüjilere häkimiýetleriň alyp barýan göreşi Mary şäherinde güýçlenip dowam edýär.

Mary şäherinde Salgyt gullugynyň işgärleri hususy eýeçiligindäki awtoulagy bilen ygtyýarnamasyz adam gatnadyp, kireý edýän sürüjilere täzeden uçdan tutma jerime ýazmak çärelerini güýçlendirýär.

27-nji sentýabrda bu barada Azatlyk Radiosyna howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde maglumat beren maryly habarçymyz şahsy awtoulagynda kireý edýän sürüjilere garşy häkimiýetler tarapyndan alnyp barylýan göreşiň jikme-jikligi barada maglumat berdi:

“Şu gün Mary şäherinde hususy awtoulagynda taksi edýän raýatlary saklap, jerime salyp başladylar. Wokzaldan Aşgabat, Türkmenabat [şäherlerine] hem-de Tejen, Sarahs we Oguzhan etraplaryna gatnaýan ulaglaryň sürüjilerini saklap jerime saldylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, Salgyt gullugynyň işgärleri hususy ulagynda ýolagçy gatnadyp kireý edýän sürüjilere duzak gurýar – ýönekeý ýolagçy bolup, olaryň ulaglaryna münmegi soraýar. Olaryň yzýany Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri ygtyýarnamasyz ýolagçy gatnatmak işi bilen meşgullanýan sürüjileri anyklap, olara köpçülikleýin jerime ýazýar.

“Polisiýany görüp gaçan awtoulaglaryň yzlaryndan sirenalaryny ýakyp ýetip, tutýarlar we jerime ýazýarlar” diýip, habarçy 27-nji sentýabrda Mary şäherinde bolan wakany gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, sürüjiler polisiýa işgärlerine we salgyt resmilerine özleriniň iş tapman kösenýändiklerini, kireý etmegiň özleri üçin ýeke-täk girdeji çeşmesidigini aýdyp ýalbarýarlar.

“Muňa salgyt resmileri gülüp ‘bir aýdan gowrak wagt bäri size azar bermedik, pullanansyňyz-a’ diýip jogap berýärler” diýip, habarçy aýdýar.

Mary şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjilere jerime ýazmak çäresi mundan ozal köpçülikleýin häsiýetde soňky sapar iýulyň ortalarynda bat alypdy.

Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy soňky maglumatynda, Mary şäheriniň "Magtymguly" köçesi bilen "Türkmenistan" köçesiniň çatrygynda ýerleşýän kitap dükanynyň gabadynda garaşýan hususy taksilere-de jerime salynandygyny habar berdi.

Bu ýerdäki taksiler, habarçynyň maglumatyna görä, Şatlyk şäherçesine we Sakarçäge etrabyna ýolagçy daşaýar.

"Türkmenistan" köçesiniň "Magtymguly" köçesi bilen kesişýän çatrygynda ýerleşýän kitap dükanynyň gabadynda awto duralga bar.

“Olara jerime ýazylýandygyny görüp, Ýolöten, Tagtabazar we Guşgy etraplaryna ýolagçy gatnadýan ulag sürüjileri Mugallymçylyk mekdebiniň alkymyna bukuldylar. Ýöne Ýol polisiýasy olary hem tapyp, jerime ýazdy” diýip, habarçy aýtdy.

"Aşgabat" köçesiniň ugrundaky Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi agzalýan kitap dükanynyň gapdalyndaky ygtyýarnamasyz hususy taksileriň resmi bolmadyk duralgasyndan "Türkmenistan" köçesiniň ugry bilen iki çatryk uzakda ýerleşýär.

“Baýramaly etrabyna kireýine adam gatnadýan ulag sürüjileriniň garaşýan aýlawynda 27-nji sentýabrda ulag ýokdy. Olara-da jerime ýazandyrlar, ýa-da soňky ýagdaýlary eşidip, gaçan bolmaklary mümkin” diýip, habarçy belledi.

“Geçen sapar hususy taksi sürüjileriň tutha-tutlugyndan soň, ähli taksileriň nyrhy gymmatlapdy. Öňler Mary – Aşgabat aralygyna her ýolagçy başyna 40 manatdan alýardylar, şondan soň 100 manada çykdy” diýip, maryly bir ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Indi ýene nyrhlar galarmyka?” diýip, maryly ýolagçy ýerli ýaşaýjylaryň alada galýandyklaryny Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň aýagyndan bäri transport pudagy tapgyrlaýyn esasda hususylaşdyrylýar.

Türkmenistanda hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjilere edilýän gözegçilikler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji aprelde içeri işler ministri Isgender Mulikowa ygtyrýarnamasyz kireý edýän hususy awtoulag sürüjileri bilen baglylykda “berk käýinç” yglan etmeginiň yzýany güýçlenip başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG