Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda drony bar raýatlar soraga çekilýär we olara müňlerçe manat möçberinde pul jerimesi salynýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebapda kanun goraýjy edaralaryň işgärleri drony bar raýatlary soraga çekip, olara müňlerçe manat möçberine pul jerimesinisalýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Häzir organ işgärleri dron ulanylandygyny görse ýa-da eşitse, olaryň eýelerini soraga çekýärler we jenaýat işini hem gozgaýarlar. Golaýda organ işgärleri Türkmenabat şäherindäki toýlarda wideo operator hyzmatyny hödürleýän studiolaryň biriniň eýesini çagyryp, hamana döwlet howpsuzlygyna uly howp abandyran ýaly soraga çekipdirler. Oňa drony näme maksatlar üçin ulanýandygy, başga kimlerde dronyň bardygy, drony kimleriň, nädip daşary döwletlerden getirip berýändigi baradaky soraglary beripdirler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 2-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Habarçy Türkmenistana uzak aralykdan dolandyrylýan dronlary, ýagny pilotsyz uçarlary girizmegiň ýarag girizmek ýaly derejede gadagandygyny aýdyp, onuň ulanylyşyna garşy gözegçilikleriň soňky aýlarda güýçlenendigini belledi.

Şol bir wagtda, ol welaýatda geçirilýän toý-dabaralaryny surata düşürýän ýörite studiolaryň ýa-da wideo operatorlaryň öz hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin dronyň mümkinçiliklerinden peýdalanýandygyny hem aýdýar. Ýöne habarçy olaryň bu dronlary nireden we kimden satyn alýandygynyň näbelli bolup galýandygyny hem belleýär.

“Bu dronlar hiç ýerde aç-açan satylmaýar. Häzir dron ulanan raýatlara birinji gezekde 1000 manatdan 3000 manada çenli pul jerimesini salýarlar. Bu ýagdaý ýene gaýtalansa, onda olar jenaýat jogapkärçiligine çekilýär” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan Lebabyň polisiýa bölüminde işleýän bir ofiser welaýatda dronlaryň ulanylyşyna garşy gözegçiligiň güýçlenmeginiň birnäçe sebäbiniň bardygyny aýdyp, onuň esasylarynyň biri barada şeýle diýdi:

“Häzirki wagt türkmen häkimiýetleri döwlet dükanlarynyň öňündäki azyk nobatlarynyň, şeýle-de olaryň öňünde döreýän dawa-jenjelleriň wideo ýa-da surata düşürilmeginden alada edýärler” diýip, polisiýa ofiseri aýtdy.

Ýatlatsak, Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň döwlet dükanlarynyň öňünde un, çörek, şeker ýa-da ösümlik ýagyny satyn almak üçin uzyn nobatlara duran adamlara seržant we raýat eşigindäki adamlaryň gözegçilik edýändigi barada ençeme gezek habar beripdi.

“Olar nobatlaryň surata ýa-da wideo düşürilmeginiň öňüni alýarlar” diýip, maryly habarçy 5-nji sentýabrda gürrüň beripdi.

Türkmenistanda raýatlaryň şahsy dronlaryny ulanyp bilmeýändigi barada gadagançylygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny türkmen häkimiýetleri tarapyndan köpçülige ýetirlen maglumatlarda tapyp bolmady.

Şeýle-de, bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Içeri işler we Milli Howpsuzlyk ministrliklerinden maglumat almak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermedi.

Maglumat üçin aýtsak, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda, ýagny Täjigistanda, Özbegistanda we Gazagystanda raýatlardan öz şahsy dronlaryny ulanmak üçin resmilerden ýörite rugsatnama almak talap edilýär.

Gyrgyzystanda bolsa, raýatlaryň şahsy dronlaryny ulanmagy kanun esasynda gadagan edilmeýär. Şol sebäpli gyrgyz raýatlary öz şahsy dronlaryny ýörite gadagan edilen territoriýalardan başga ýerlerde erkin ulanyp bilýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG