Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sokulukdaky bir aýala başgalary gul edip saklamakda şübhe bildirilýär


Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanyň Çuý welaýatynyň Sokuluk raýonyndan Gülmira Teňişowanyň üç aýaly gul edip saklandygy baradaky habary eşiden gyrgyz jemgyýeti haýran boldy. Aýallaryň biriniň aýagy zynjyr bilen baglanypdyr. Beýleki bir aýal üç çagasy bilen gulçulyga düşüpdir.

Häzirki wagtda milisiýa organy ol işi derňeýär. Şonuň bilen birlikde, gulçulykda bolan aýallaryň hojaýyny olary günäkärleýär.

Özüni Kenžegül Žaparowa diýip tanadan aýalyň aýtmagyna görä, Sokulukda üç gyzy bilen geçiren bäş aýynyň dowamynda, örän agyr şertde işläpdir, munuň üçin ol ýeke şaýy hem almandyr. Ol jaýyň eýesi bolsa bu çagaly aýalyň öz ýanyna meýletin gelendigini, sebäbi depesinde penasynyň ýokdugyny aýdypdyr.

Aýan edilen fakt bir reýestr - ýazgy esasynda hasaba alnyp, Gyrgyzystanyň Jenaýat kodeksiniň 172-nji («Azatlykdan bikanun mahrum etmek») maddasy esasynda deslapky barlag işleri başlanypdyr. Çuý welaýatynyň Baş içeri işler bölümi 1-nji oktýabrdan bu iş boýunça derňewiň başlanandygyny mälim edýär.

30-njy sentýabrda Internetde ýaýradylan habarlara görä, Sokulukdaky bir ýaşaýjy üç aýaly gulçulykda saklapdyr, olardan biriniň aýagy zynjyr bilen daňlypdyr. Aýallardan biri – Kenžegül Žaparowanyň ýanynda kiçi ýaşly üç gyz çagasy bar eken. Olar bäş aýlap gulçulykda bolupdyrlar.

Çuý welaýatynyň IIB-niň metbugat-gullugynyň müdiri Nazira Imangaziýewanyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, jenaýatda şübhe bildirilýänden sorag edilýär we ekspertiza barlagy geçirilýär.

“Bize arza bilen ýüz tutan adam «üç aýalyň gulçulykda saklanýandygyny» mälim etdi. Olaryň saklanýan ýeri aýan edilende, bir aýalyň zynjyra daňlandygy mälim boldy. Aýan edilen fakt barada zerur bolan ekspertiza işleri bellenildi. Taraplaryň ählisinden sorag edilýär. Ýöne görkezmeler laýyk gelenok. Derňew dowam edýär” diýip, Nazira Imangaziýewa aýdýar.

Welaýat IIB-niň maglumatyna görä, zynjyra daňlan aýalyň dogany sorag wagtynda, ony özüniň zynjyr bilen baglandygyny boýun alypdyr. Sebäbi ol psihiki keseli eken, muny bolsa ol jaýyň hojaýyny bilmändir. Aýallar milisiýa entek arza bermändirler.

Olar çörek bişirmek üçin, Oşdan Bişkege gelipdirler.

Biz Kenžegül Žaparowanyň aklawçysy Ulan Kudaýberenow bilen baglaşdyk. Aýallar iş gözläp, Oş şäheriniň bazaryndaky radiorubkada, ýagny radio bilen bildiriş berilýän otagda öz telefon nomerlerini goýupdyrlar. Şondan soň olara Bişkek şäherinden Gülmira atly aýal jaň edip, öýünde işlemäge çagyrypdyr diýip, adwokat gürrüň berýär.

Adwokatyň sözüne görä, şu ýylyň maý aýynda Kenžegül Žaparowa kiçi ýaşly üç çagasy bilen Sokulukdaky Gülmiranyň öý işlerine kömekleşmäge hyzmatkäri hökmünde gelipdir. Her aýlyk hyzmat üçin olar 6 müň soma gepleşipdirler.

Aklawçynyň bellemegine görä, öý eýesi Kenžegül Žaparowanyň hem onuň çagalarynyň dokumentlerini, şeýle hem öýjükli telefonyny elinden alypdyr. Öý eýesi Kenžegüle içerdäki işlerden daşary tamdyrda çörek bişirmegi buýrupdyr. Muňa garamazdan, ol ýeke teňňe-de tölemändir.

“Ol Kenžegüle her günde 3-4 halta undan hamyr etmegi, soňra bolsa olary tamdyrda ýapmagy buýrupdyr. Kenžegül ir ertir 5-den, gije sagat 2-ä çenli işläpdir. Onuň uly gyzyna bolsa ir ertir 7-den, agşam sagat 11-12-lere çenli Sokuluk bazarynda çörek satdyrypdyr. Kenžegülüň ortanjy gyzy bolsa, Bişkekde bu hojaýyn aýalyň garyndaşlarynyň 3 ýaşly hem 9 aýlyk çagasyna seredişipdir” diýip, aklawçy aýdýar.

Häzir Kenžegül Žaparowanyň çagalary 12, 10 hem 6 ýaşynda. Şeýlelikde, onuň uly gyzlarynyň okuwy başlanýar, şonuň üçin olar yzlaryna – Alaý raýonyndaky öýlerine gaýtdylar. Çuý welaýatynyň IIB-niň bu işi örän haýal derňeýändiginden Ulan Kudaýberenow närazylyk bildirýär.

Öz gezeginde kämillik ýaşyna ýetmedik üç çagasy bilen olaryň ejesini gulçulykda saklan Gülmira Teňişowa garşylykly tarapy aýyplaýar.

Ol bazardaky radiorubkanyň reklamasy bilen tanşan Kenžegül Žaparowanyň üç çagasy bilen 2019-njy ýylyň maý aýyndan bäri öz öýünde ýaşandygyny aýdýar. Galan maglumatlary bolsa ýalana çykaryp, hyzmatkär saklanan aýalyň diňe öý işlerini edendigini aýdýar. Onuň ortanjy gyzynyň ýaş çagalara seretmegini bolsa öz islegi bilen edendigini öňe sürýär.

“Olar (Kenžegül Žaparowa hem onuň gyzlary – redaktoryň belligi) öz islegi bilen geldiler. Ol aýal maňa «adamym urýar, pyçakly topulýar, onuň bilen ýaşamak mümkin däl» diýdi. Soňra dört çagasynyň bardygyny boýun aldy. «Bir çagamy goýup gaýtdym. Meniň Bişkekdedigimi adamym bilenok, bilse ol meni ýenjer» diýdi. Oşdan bu ýere taksi bilen geldi. Bu gürrüňleriň üsti açylan güni men toýdadym. Maňa gyzym jaň edensoň, yzyma dolanmaly boldum. Oňa çenli milisionerler biziň jaýymyza gelipdirler. Ol aýal özüne edilen ýagşylygy unudyp, indi bolsa meni garalaýar. Aýdyşym ýaly, milisiýa gelende, men toýdadym. Ol (Kenžegül Žaparowa – redaktoryň belligi) bu zatlaryň ählisini öňünden gurnap, soňra milisiýany çagyrypdyr” diýip, Gülmira Teňişowa aýdýar.

Gülmira Teňişowa öý hyzmatlaryna ýardam beren aýalyň kiçi gyzyny mekdebe ýerleşdirmäge kömek edendigini, Kenžegülüň uly gyzlaryny-da şol ýere ýerleşdirmek barada gepleşendigini aýdýar.

Ýüze çykan bu ýagdaý Gyrgyzystanda adam hukuklarynyň berjaý edilişi, onuň azatlygynyň çäklendirilişi hem gulçulykda saklanmagy ýaly meseleleri ör boýuna galdyrdy.

Bübüsara Ryskulowa
Bübüsara Ryskulowa

Gyrgyzystandaky «Sezim» merkeziniň ýolbaşçysy Bübüsara Ryskulowa bu ýagdaýa salgylanyp, eger öň gyrgyzystanly aýallaryň ýurduň çäginden daşarda gulçulyga düşýändigi mälim bolsa, indi ol gulçulyk ýurduň içinde bar diýýär.

“Graždanlaryň ýurduň çäginden daşarda köp ýagdaýda gulçulyga düşýändigini bilmekleri gerek. Olar Türkiýede, Birleşen Arap Emirliklerinde seksual gulçulyga duçar bolýarlar, Orsýet bilen Gazagystanda bolsa zähmet gulçulygyna. Ýöne ýurduň içinde-de adamyň gul hökmünde saklanýan halaty bar. Meselem, biz köp mal saklaýan hojaýynlaryň hossarsyz ýa ýakyn golaýy bolmadyk adamlary güýç bilen özüne gul edýändiklerini bilýäris” diýip, Bübüsara Ryskulowa aýdýar.

Resmi maglumatlara görä, Gyrgyzystanda köplenç migrantlar gul ýagdaýyna düşýärler. Her ýylda ortaça şular ýalylaryň ona golaýy hasaba alynýar.

Ýöne halkara guramalary gulçulyga düşýänleriň köpüsi kanun goraýjy organlara ýüz tutmaýandygyny belleýärler, netijede şeýle jenaýat bilen ýüzbe-ýüz bolýanlaryň sany has artyk bolup, olaryň ýylda 100 adama ýetmegi mümkin.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG