Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Hytaýy Baýdeni açyk derňemäge çagyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýy demokratlardan prezident bolmaga umydygär Joe Baýdeni açyk derňemäge çagyrdy. Ol bu çagyryşy Kongresde Ukrainadan Joe Baýdeni we onuň ogly Hanteri derňemegi talap edendigi üçin impiçment soragynyň geçirilýän wagtynda etdi.

Tramp 3-nji oktýabrda Ak tamda žurnalistlere özüniň Hytaý we Ukraina ozalky wise-prezident Joe Baýden bilen onuň biznesmen ogluny derňemeli diýip ynanýandygyny aýtdy we impiçment derňewini "bolgusyzlyk” hökmünde häsiýetlendirdi.

"Men [ukrain] prezidenti [Wolodymyr] Zelenskä, eger bu men bolsam, olaryň Baýdenleri derňäp başlamagyny maslahat bererdim” diýip, Tramp aýtdy.

“Şonuň ýaly, Hytaý hem Baýdenleri derňemäge başlamaly, sebäbi Hytaýda bolan zatlar hem Ukrainada bolan zatlar ýaly erbet” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Tramp Hytaýyň prezidenti Si Jinpiňden şeýle etmegi talap etdiňizmi diýlip berlen sowala, “Men talap etmedim, emma munuň biziň pikirini edip başlajak zadymyz bolmagy gaty mümkin” diýip, Tramp biraz soň Twitterde “korrupsiýany derňemek biziň borjumyz” diýip ýazdy.

“Birleşen Ştatlaryň prezidenti hökmünde KORRUPSIÝANY derňemäge hakym bar, hatda belki-de men muňa borçly we muňa beýleki Ýurtlardan bize kömek etmegi soramak ýa-da teklip etmek hem degişli” diýip, Tramp Twitter sosial ulgamynda ýazdy.

CNN neşiriniň maglumatyna görä, 18-nji iýunda Si bilen geçiren telefon gepleşiginiň dowamynda Tramp Baýdeniň syýasy perspektiwalary meselesini gozgady. CNN bu gepleşikler barada habarly, ady agzalmaýan iki adama salgylanyp, Trampyň Si Jinpiňe söwda gepleşikleri ilerleýän mahalynda, Hong Kongdaky protestler barada dymyşlygyny dowam etdirjekdigini aýdandygyny hem belleýär.

Hytaýyň Waşingtondaky ilçihanasy bu barada kommentariý bermek baradaky soraga häzirlikçe jogap bermedi. Dünýäniň iň uly iki ykdysadyýetine eýe ýurduň arasyndaky söwda gepleşikleriniň nobatdaky tapgyrynyň öňümizdäki hepde geçirilmegine garaşylýar.

Baýden ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasynyň Kiýew bilen gatnaşyklaryna ýolbaşçylyk edýän mahalynda, onuň ogly Hanter Ukrainanyň “Burisma” gaz kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň agzasydy.

Bu iş boýunça Joe ýa-da Hanter Baýdeniň haýsydyr bir jenaýata baş goşandygy barada hiç bir delil orta atylmady.

Respublikanlaryň käbirleri Joe Baýdeni 2013-nji ýylda Hytaýa sapar eden mahaly, biznes gyzyklanmasy bilen Pekine barýan Hanteri wise-prezidentiň uçarynda alyp gitmekde tankyt etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG