Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp planlaşdyrylan Siriýa operasiýasynyň öňýanynda Türkiýäniň ykdysadyýetini 'derbi-dagyn' etmekde haýbat atdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Ankara Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda amala aşyrylmagy mümkin harby operasiýa üçin ähli taýýarlyklaryň “tamamlanandygyny” aýdýar. Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp eger Ankara “çäkden çyksa”, Türkiýäniň ykdysadyýetini “derbi-dagyn” etmekde haýbat atýar.

7-nji oktýabrda giçlik Türkiýäniň Goranmak ministrligi Twitter sosial ulgamynda ýazan tweetinde ýurduň ýaragly güýçleri “biziň serhetlerimizde terrorçylykly koridoryň dikeldilmegine hiç haçan çydamlylyk görkezmez” diýdi.

Bu beýanat Trampyň Birleşen Ştatlaryň Siriýanyň Türkiýe bilen serhedindäki goşunyny çykarmak baradaky garaşylmadyk kararynyň yzýanyna gabat geldi. Bu karar sebitde kürtleriň ýolbaşçylygyndaky güýçleri türk ýaragly güýçleri tarapyndan amala aşyryljak operasiýalara garşy gowuşgynsyz ýagdaýda galdyrdy.

Birleşen Ştatlaryň Siriýada 1000 sany harby gullukçysy bar we olaryň 50 sanysy ýurduň serhet regionlaryndan çykarylyp, “ot astynda bolmadyk” başga ýerlere ýerleşdirildi diýip, ABŞ-nyň administrasiýasynyň ýokary derejeli resmisi aýtdy.

Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Siriýanyň Demokratik güýçlerine (SDF) agalyk edýän Kürt halkynyň gorag birikmeleri (ÝPG) ABŞ-nyň “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň derbi-dagyn etmegine kömek eden esasy ýarany hasaplanýar.

Şol bir wagtda, Ankara bu güýçleriň soňky üç onýyllygyň dowamynda Türkiýede kürt awtonomiýasy üçin söweşýän kürt söweşijileri bilen ilteşiginiň bardygyny aýdyp, ony terrorçylykly gurama diýip hasaplaýar.

Donald Tramp we onuň türk kärdeşi Rejep Taýýip Erdoganyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginden soň, 6-njy oktýabrda Ak tam Türkiýäniň “ýakynda demirgazyk Siriýanyň içine köp wagtdan bäri planlaşdyran operasiýasyna girişjekdigini” we Birleşen Ştatlaryň güýçleriniň “mundan beýläk bu sebitiň golaýynda bolmajakdygy” aýtdy.

Ilkibada Tramp özüniň “bu gülkünç, gutarnyksyz uruşdan çykmak üçin” saýlanandygyny we “indi bu ýagdaýy Türkiýäniň, Ýewropanyň, Siriýanyň, Eýranyň, Yragyň, Russiýanyň we kürtleriň çözmelidigini” aýdyp, bu kararyny gorap çykyş etdi.

Ýöne Kürt halkynyň gorag birikmeleriniň (ÝPG) özleriniň “ýagyrnyndan pyçaklanandygy” baradaky aýyplamalarynyň we ABŞ-nyň Respublikanlary hem-de Demokratlary tarapyndan edilen tankytlaryň fonunda, Tramp eger Türkiýe “çäkden çyksa”, onda Türkiýäniň ykdysadyýetini “ýumurjakdygy we derbi-dagyn” etjekdigi barada haýbat atdy.

Soňra Birleşen Ştatlaryň prezidenti Erdogana eger “biziň islendik adamymyza zyýan ýetse”, onda “uly problemanyň” boljakdygyny hem aýdandygyny belledi.

Bu aralykda, Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif türk kärdeşi Mewlüt Çawuşogluna jaň edip, Türkiýäniň Siriýada amala aşyrmagyna garaşylýan operasiýalaryna Tähranyň “garşydygyny” beýan etdi diýip, Eýranyň Daşary işler ministrligi aýtdy.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Russiýanyň Waşington bilen Ankaranyň arasyndaky islendik ylalaşyk barada öňünden habarly edilmändigini mälim etdi.

“Biz ýagdaýy örän ýakyndan synlaýarys” diýip, Peskow aýtdy.

Siriýanyň raýat urşunyň dowamynda Russiýa we Eýran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady möhüm goldaw bilen üpjün etdi. Şol bir wagtda, Birleşen Ştatlar we Türkiýe Siriýadaky dürli pitneçi toparlary goldady.

Siriýadaky konflikt prezident Başar al-Assadyň hökümetiniň 2011-nji ýylyň martyndaky protestleri basyp ýatyrmagy netijesinde başlapdy. Şondan bäri bu konfliktde 400 müňden gowrak adam öldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG