Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda it-pişikleri awlaýanlardan "säwlikleri düzetmek" talaby güýjeýär


Aşgabat (arhiw suraty)
Aşgabat (arhiw suraty)

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary we türkmenistanly haýwanlary goraýjylar şäher häkimiýetleriniň itleri we pişikleri ýok etmek boýunça işleri has batlandyrandygyny, şol sanda haýwanlary tutmak işine çekilýän jemagat hojalygy işgärlerinden edilýän talaplary pugtalandyrandygyny habar berýärler.

- Şu gün 6-njy, 10-njy we 11-nji etrapçalarda haýwanlary gyrmagyň nobatdaky tapgyry başlandy. Adamlar olary goramaga synanyşýarlar. Şäheriň arassalaýyş işler boýunça bölüminde birnäçe işgäriň "iş kemçiligi" üçin işden kowlandygy mälim boldy. Şäheriň ýolbaşçylarynyň Aşgabatda haýwanlaryň ählisi ýok edilmändir diýip pikir etmegi muňa sebäp bolupdyr. Şeýlelikde, "säwlikleri düzetmek" boýunça işler başlanypdyr - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 15-nji oktýabrda habar berdi.

Soňky aýlarda Aşgabadyň jemagat gulluklarynyň işgärleri köçelerdäki itleri we pişikleri ýok etmek boýunça çärelerini öň görlüp-eşidilmedik derejede amala aşyrypdy, itleri we pişikleri köçelerde köpçülikleýin tutup, käbir halatlarda şol ýerde rehimsizlik bilen öldüripdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we aşgabatly haýwanlary goraýjylaryň sözlerine görä, jemagat gulluklarynyň, şol sanda köçe süpürijileriň haýwanlary tutmak boýunça has netijeli işlemegi üçin olara itleriň we pişikleriň sanyna degişli gündelik plan girizilipdir.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatly köçe süpürijileriň sözlerine görä, olar her günde haýwany, ýa-da onuň jesedini tabşyrmaly. Bu plany ýerine ýetirmediklere pul jerimesi ýa-da işden kowulmak howpy abanýar.

Aşgabatly haýwanlary goraýjylar, şeýle plan sebäpli öýsüz haýwanlardan daşary öýde ýaşaýan itlere we pişiklere köpçülikleýin howp abanýandygyny aýdýarlar.

​16-njy oktýabrda Azatlyk Radiosyna Aşgabatda hususy jaýlaryň birinde bolan ýagdaýlaryň biri mälim boldy.

- Şäheriň merkezi böleginde ýerleşýän hususy jaýlaryň birinde çagaly pişikli bir öýüň eýsi öýüne baryp, awtoulagyndan harytlaryny öýüne daşap başlaýar. Derweze açyk galypdyr. Haçan-da ol öýünden çykanda onuň howlusynda häkimligiň jemagat işgärleriniň ençemesiniň aýlanyp, dörüp ýörendigini görýär. Öý eýesi: "Siz bu ýerde näme edýärsiňiz - diýip, olara gygyryp başlanda, olar - biz pişikleri gözleýäris, häkim olaryň ählisini ýok etmegi tabşyrdy" diýipdirler. Öý eýesi olary kowupdyr, emma agşam pişik hassalapdyr we pişijikleriň biri ýitipdir - diýip, Azatlyk bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan aşgabatly haýwanlary goraýjy 16-njy oktýabrda Azatlyga gürrüň berdi.

Munuň bilen bir wagtda-da, türkmenistanlylar öz itlerini we pişiklerini ýurduň daşyna çykarmakda kynçylyga duçar bolýarlar.

- 12-nji oktýabrda bir ýaş zenan Türkmenistandan Orsýete göçüp gitdi. Ol özüniň dört pişigini we bir itini ýany bilen äkitmek üçin weterinar lukmanlardan ähli zerur resmi dokumentleri aldy. Ol taýýarlanan resminamalar, şeýle-de olaryň ýurtdan çykaryljagyna kepil geçmek üçin öňünden ylalaşyp, alan wadasy üçin uly möçberde pul töledi. Emma aeroportuň işgärleri oňa diňe itini we bir pişigini alyp gitmäge rugsat berdiler, olar aglap duran zenanyň üstünden açyk güldüler. Bu zenana ýörite gapyrjaklara salnan haýwanlaryny alyp gitmäge ýardam bermek üçin onuň ýany bilen barýan adama beýleki pişikleri äkitmäge rugsat bermediler, onuň resminamalarda olaryň eýesi diýip görkezilmändigi üçin - diýip, Azatlygyň habarçysy bu ýagdaýyň şaýatlarynyň birine salgylanyp, habar berdi.

Aşgabadyň häkimiýetleriniň itler we pişikler babatynda geçirýän çäreleriniň fonunda haýwanlaryň gynalyp öldürilmekden halas edilen ýagdaýlary hem bar.

- Meniň öýümde üç gün bäri tutulan haýwanlaryň saklanýan ýerinden haýwanlary goraýjylar tarapyndan satyn alnan öýsüz it ýaşaýar. Ol üç günläp ýüp bilen daňlyp, galyň sintetik haltada bükülen görnüşde ýatypdyr. Ol üç günläp boýnunda birnäçe gat sim saralyp, ýaralarynyň daşynda deşikli we arkasyna zeper ýeten halda ýatypdyr. Onuň gözlerine seredenimde meniň gan basyşym 200-e çenli galdy. Häzir men ony aýaga galdyrýaryn" diýip, Azatlyk bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan aşgabatly haýwanlary goraýjy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabatda tutulan haýwanlary köplenç dessine öldürýärler, ýa-da Çoganlyda öýsüz haýwanlaryň saklanýan ýerine tabşyrýarlar, olar şol ýerde açlykdan we ýowuz şertlerden heläk bolýarlar. Ölen haýwanlar şäheriň Bedew massiwiniň golaýyndaky senagat zolagynda, daşy gabalan we gorag astyndaky ýerde ýerleşýän çukura taşlaýarlar. Haýwanlary goraýjylar bu ýere käte diri haýwanlaryň getirilýändigini aýdýarlar.

Aşgabadyň häkimiýetleri şäherde haýwanlaryň awlanmagyna degişli meseläni resmi derejede agzamaýar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň häkimliginden düşündiriş almak üçin eden ençeme ýüzlenmesi jogapsyz galdy.

2018-nji ýylyň güýzünde Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, türkmen paýtagtynda itleriň we pişikleriň awlanmagy, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasarynyň 2013-nji ýylyň 26-njy dekabrynda gol çeken TS/15 nomerli buýrugy esasynda şäheri "gündelik görnüşde ykmanda it-pişiklerden arassalamak çäreleri" hökmünde amala aşyrylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG