Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede Türkmenistanyň bir raýaty ýaralandy, ýene biri ten satmakda tussag edildi


Stambul şäheri

Türkiýäniň Stambul şäherinde Türkmenistanyň bir raýatyna nämälim adam ýa-da adamlar tarapyndan hüjüm edildi. Bu wakadan bir gün öň, Türkiýäniň Sakarýa welaýatynda ten satýandygy aýdylýan üç zenan, şol sanda türkmenistanly bir aýal tussag edildi.

Türkiýäniň Haberler.com neşiriniň 18-nji oktýabrda çap eden maglumatyna görä, Stambulyň Beýoglu etrapçasynda R.M. atly türkmen raýatyna şahsyýeti entek anyklanmadyk adam ýa-da adamlar tarapyndan ot açyldy.

“Waka irden sagat 05:30 töwereginde Çukur mähellesiniň Zerdali köçesinde boldy. Köçede ýöräp barýan türkmen raýatyna ýarag bilen ot açyldy. Ok seslerini eşiden gije garawullary Zerdali köçesine gelende, R.M-niň aýagyndan ýaralanandygyny we ýerde ýatandygyny görýär. Garawullaryň habar bermegi netijesinde, wakanyň bolan ýerine baran polisiýa işgärleri ýaraly adama ilkinji saglyk kömegini berýärler. Soňra ol bu ýere gelen saglyk işgärleri tarapyndan Tiz kömek ulagynda keselhana alnyp gidilýär” diýlip, neşiriň habarynda bellenilýär.

Neşiriň maglumatynda aýagyndan ýaralanan türkmen raýatynyň ölüm howpunyň ýokdugy aýdylýar. Şeýle-de, türk polisiýasynyň hüjümi amala aşyran adamy ýa-da adamlary tussag etmek boýunça gözleg işlerine başlandygy hem bellenilýär.

Bu wakadan bir gün öň, has takygy 17-nji oktýabrda Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň başga bir raýaty barada habarlar peýda boldy.

“Milliýet” neşiriniň maglumatyna görä, Sakarýa welaýatynyň howpsuzlyk işgärleriniň geçiren reýdlerinde ten satýandygy aýdylýan üç zenan, şol sanda Türkmenistanyň bir raýaty tussag edildi.

“Howpsuzlyk işgärleri Sakarýa welaýatynyň Adapazary sebitindäki iki öýe reýd geçirdi. Reýdiň netijesinde ten satmakda öň hem hasaba alnan S.U., şeýle-de türkmenistanly aýal A.H. we özbegistanly zenan O.E. saklandy” diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar.

Habarda Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlaryny Türkiýeden deport etmek boýunça proseduralaryň başladylandygy hem bellenilýär.

Türk habar beriş serişdelerinde çykan aýrybaşga iki habarda-da Türkmenistanyň raýatlarynyň şahsyýetleri köpçülige doly mälim edilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Stambulyň Beýoglu etrap we Adapazary sebitiniň polisiýasyndan maglumat almak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermeýär.

Soňky ýyllarda türkmenistanlylar tarapyndan gazanç gözleginde iň köp ýykgyn edilýän ýurtlaryň biri hasaplanýan Türkiýede türkmen migrantlary barada yzygiderli habarlar peýda bolýar.

Şu aýyň başynda Türkiýäniň Antalýa şäherindäki Kemer şäherçesinde welosipedindäki çygly salfetkanyň gabyndan neşe maddasy tapylan Türkmenistanyň raýaty Arslan Geldiýewiň tussag edilendigi habar berildi.

Geçen aýyň ikinji ongünlüginde Stambulyň Esenýurt etrabyndaky gymmatbaha jaýlar toplumyndaky bir öýde eneke bolup işleýän türkmenistanly zenanyň ençeme metr beýiklikden ýere gaçmagy netijesinde aradan çykandygy mälim boldy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri bu habarlar barada kelam agyz söz aýtmaýarlar. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri ýurduň daşyna işlemäge, okamaga ýa-da ýaşamaga gidýän türkmenistanlylaryň sany baradaky statistiki maglumatlary hem halk köpçüligine mälim etmeýärler.

Bu habarlaryň fonunda, Türkmenistanda iş ýa-da okuw maksady bilen daşary ýurtlara, şol sanda Demirgazyk Kipre barýan raýatlaryň hereketiniň çäklendirilýändigi barada maglumatlar peýda bolýar.

1-nji oktýabrda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan bir türkmenistanly Demirgazyk Kiprde ýokary bilim alýan gyz doganyny Aşgabatdan çykarmak üçin golaýda özleriniň türkmen häkimiýetlerine müňlerçe dollar para bermäge mejbur bolandyklaryny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG