Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Wekiller Öýüniň spikeri duýdansyz Owganystana sapar etdi


Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň spikeri Nansi Pelosi we owgan prezidenti Aşraf Gani. 20-nji oktýabr, 2019 ý.

Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýüniň spikeri Nansi Pelosi, şeýle hem kongresiň ýokary derejeli beýleki agzalary öňünden yglan edilmedik sapar bilen 20-nji oktýabrda Owganystana bardylar.

Iki partiýanyň agzalaryndan durýan delegasiýanyň sapary tamamlanyndan soňra çykarylan beýannamada aýdylmagyna görä, Pelosi owgan prezidenti Aşraf Gani we Amerikanyň saparda bolan goranmak ministri Mark Esper hem-de ABŞ-nyň harby ýolbaşçylary we beýleki esgerler bilen duşuşypdyr.

Esperiň iýul aýynda Pentagonyň başlygy wezipesine geleli bäri Owganystana eden bu ilkinji saparynyň Amerikanyň taryhynda iň uzaga çeken urşuň soňuna çykmaga gönükdirilen täze tagallalaryň alamaty bolmagy mümkin.

Esper hem Gani bilen bir duşuşyga gatnaşyp, Amerikanyň şindi-de Owganystanda bolan 14 müň çemesi esgerleriniň käbiri bilen duşuşdy. Birleşen Ştatlar halkara ýaranlygynyň ýolbaşçylygynda, Al-Kaýdany jezalandyryp, ekstremistik Talyban güýçlerini häkimiýet başyndan kowaly bäri aradan 18 ýyl geçdi.

Sapar ýaraşyk gepleşikleriniň gymyldysyz ýatan mahalyna gabat gelýär. Geçen aýda 5 müňden agdyk amerikan esgerini konfliktden çykarar ýaly deslapky ylalaşyk golaýlady diýlip ýörkä, amerikan prezidenti Donald Tramp Talyban bilen alnyp barylýan gepleşikleri wagtlaýyn togtatdy.

AP habar gullugynyň bildirmegine görä, Esper 20-nji oktýabrda ýanyndaky žurnalistlere özüniň Waşington Al-Kaýda bilen Yslam döwletiniň söweşijilerine garşy gönükdirilen tagallara zyýan ýetirmezden esgerleriň sanyny azaldyp, 8600-e getirip bolar diýip pikir edýändigini aýdypdyr.

“Maksat şindi-de belli bir derejede parahatçylyk ylalaşygyna gelmek, öňe gitmegiň iň gowy ýoly şol” diýip, Esper aýdypdyr.

Pelosiniň sapary Tramp bilen oňşuksyz gatnaşyklaryň başlanan döwrüne, ýagny onuň Trampa garşy impiçment barlaglaryna ýolbaşçylyk edýän mahalyna gabat gelýär.

Owganlar 19-njy oktýabrda, şondan bir gün öň gündogar Owganystanda bir metjide edilen bombaly hüjümde heläk bolanlary jaýladylar. Juma namazynda azyndan 69 adamyň başyna ýeten bu bomba soňky aýlarda hüjümleriň artandygyny görkezdi. Tramp Amerika bilen Talyban güýçleriniň arasyndaky gepleşiklere zyýan ýetiren şu hüjümler diýýär.

28-nji sentýabrda 35 million ilatly ýurtda Talyban we onuň ýaranlarynyň gazaply howplaryndan gorky içinde geçen saýlawlarda berlen sesler entek sanalyp tamamlananok, ýagny Gani baş ýerine ýetiriji Abdullah Abdullah bilen başa-baş ýaryş içinde.

Aslynda ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etmek 19-njy oktýabra planlaşdyrylypdy. Ýöne Owganystanyň saýlaw resmileriniň muny soňra goýmagy kimlik proseduralarynda bolan ýalňyşlyklar sebäpli sesleriň dörtden biriniň zyňlyp taşlanmagy mümkin diýen çaklamalara getirdi.

Talyban güýçleri owgan hökümeti bilen gepleşik geçirmegi ret edip, ony daşary döwletleriň “oýnatgysy” diýip atlandyrýar.

Talybanyň gepleşige gatnaşýan wekilleri Tramp parahatçylyk prosesleri “öldi” diýeli bäri ilkinji gezek oktýabryň başlarynda Amerikanyň Owganystan boýunça parahatçylyk wekili Zalmaý Halilzad bilen Pakistanda duşuşandyklaryny aýtdylar. Amerikan resmileri bu duşuşygy tassyklanok.

Esperiň uçary Owganystana gelip gonmazdan sanlyja sagat öň Ýewropa Bileleşiginiň Kabuldaky ýörite wekili Rolan Kobia Amerika diplomatik tagallalaryny täzeden ýola goýar ýaly, atyşyklaryň bes edilmegi barada çagyryş etdi.

AFP habar gullugynyň Kobia salgylanyp bildirmegine görä, ol şeýle diýipdir: “Bir ädim aňry ädip, gazaply hereketleri azaldyp, atyşyklary bes etmegiň ýollaryny tapmak üçin, bu bir gowy wagt we gowy pursat. Maksat – ony gijä goýmagyň deregine atyşyklary togtatmak pikirini nädereje ilerledip biljekdigimizi görmek”.

Kobia soňra hem: “Bu gün bu ýerde amatly pursat bar” diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir.

Kobia geçen hepde birnäçe günläp, Gani, Abdullah we Owganystanyň beýleki resmileri bilen duşuşyk geçirdi.

Ol Gani bilen geçiren duşuşygy barada Twitterde maglumat berip, 70 ýaşly owgan prezidenti bilen “saýlawlardan soňraky ýagdaý, parahatçylyk gepleşiklerine täzeden başlamak, atyşyklary bes etmek we ikisiniň birikmeginden soňraky ädimler” hakda pikir alşandygyny ýazdy.

Atyşyklary bes etmek barada soralanda, Ýewropa Bileleşiginiň wekili AFP habar gullugyna Talyban “bir ýa başga formada” häkimiýet başyna dolanyp biler, ol şeýlelikde Ýewropa bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga gyzyklanar diýdi. “Atyşyklary bes etmek bir alamat bolar, hoşniýetliligiň we bu gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin görlen gowy taýýarlygyň kepilnamasy bolar” diýip, Kobia aýtdy.

2014-nji ýylda prezident saýlawy netijesinde döräp, gan döküşiklige getirmegi mümkin jedelden soňra Gani bilen Abdullah Birleşen Ştatlaryň araçylygy bilen häkimiýeti bölüşmek barada razylaşdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG