Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda býujet işgärleriniň sentýabrdaky, käbiriniň awgustdaky aýlyklary tölenmeýär


Türkmenistanda derman satyn almak üçin nobata duran adamlar. Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň we Marynyň döwlete degişli edara-kärhanalarynyň ençemesinde işgärleriň sentýabr aýy üçin zähmet haklary heniz hem berilmeýär. Lebabyň käbir edara-kärhanalarynyň işgärleri bolsa, özleriniň entek awgust aýy üçin aýlyklaryny hem alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz Aşgabatdaky, Marydaky we Lebapdaky habarçylary habar berýärler.

“Aşgabat şäheriniň jemagat hojalygy işgärleri, mekdep mugallymlary we çagalar baglarynyň işgärleri, şeýle-de Oba hojalyk ministrliginiň we onuň düzümindäki edaralaryň işgärleri sentýabr aýy üçin zähmet haklaryny alyp bilmeýärler. Geçen hepde şäheriň käbir mekdep mugallymlaryna awgust aýynyň aýlyklary berildi” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonim şertde söhbetdeş bolan aşgabatly habarçy býujet işgärleriniň ençemesine salgylanyp, 22-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy býujet işgärleriniň aýlyklarynyň gijikdirilmegi bilen bagly ýagdaýyň bu welaýatda hem gaýtalanýandygyny aýtdy.

“Etrap mekdepleriniň we çagalar baglarynyň işgärleri, şol sanda terbiýeçiler, mugallymlar sentýabr aýy üçin aýlyklaryny heniz hem alyp bilmeýärler. Esasan-da, Türkmengazyň, şol sanda Şatlyk şäherçesinde ýerleşýän Mary gaz çykaryş we gaz gurluşyk edaralarynyň müňläp işgäriniň, şeýle-de agyz suw edarasynyň işgärleriniň aýlyklary saklanýar” diýip, maryly habarçy 22-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Lebapdaky habarçymyz bolsa, döwlete degişli edara-kärhanalaryň käbirinde işgärleriň awgust aýy üçin zähmet haklarynyň hem berilmeýändigini aýdyp, şeýle diýdi:

“Lebapda býujet işgärleriň tas ählisi diýen ýaly aýlyklaryň saklanmagyndan kösenýär. Esasan-da, şäheriň himiýa zawodunyň işgärleriniň, mugallymlaryň, lukmanlaryň aýlyklary saklanýar. Geçen hepde himiýa zawodunyň işgärleri özleriniň entek awgust aýy üçin zähmet haklarynyň hem berilmeýändigini aýtdylar” diýip, býujet işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan lebaply habarçysy sişenbe güni gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary aýlyklaryň gijikdirilmeginiň maşgalalara we bazarlara täsir ýetirendigini görse bolýandygyna hem ünsi çekýärler.

“Býujet işgärleriniň, hususan-da, ýurduň gaz pudagynyň käbir işgärleriniň güzeran aýlamaga puly bolmansoň, “aýlyklar berilýänçä” diýip, prosentine karz almak üçin adam gözleýändigini görse bolýar. Şeýle-de, bazarlarda, şol sanda Mary-Aşgabat ýolunyň ugrundaky täze bazarda alyjy az. Uly bazarda ýek-tük adam aýlanyp ýör. Söwdanyň pesligi sebäpli köp dükanlar ýapyk. Mary şäherindäki dükanlarda hem söwda edip duran adam gaty az. Şäher içindäki dükanlarda ‘eýýäm dört gün bäri hiç zat satyp görmedim’ diýýän satyjylar bar” diýip, maryly habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen resmilerinden, şol sanda Türkmenabadyň himiýa zawodundan kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanyň döwlete degişli edara-kärhanalarynda işgärleriň zähmet haklarynyň saklanýandygyny, käbirinde bolsa heniz awgust aýy üçin aýlyklaryň hem berilmeýändigini “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri hem habar berýär.

21-nji oktýabrda neşir öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, “Aşgabatagyzsuw” we “Türkmengaz” döwlet konserniniň düzümindäki atçylyk hojalygynyň işgärlerine awgustyň zähmet hakynyň tölenmändigini aýtdy.

“Awgust aýynyň zähmet haky diňe käbir bölüm başlyklaryna berildi” diýip, neşir öz habarynda belleýär.

Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda işgärleriň aýlyklarynyň öz wagtynda berilmezligi bilen bagly ýagdaý indi iki ýyldan gowrak wagt bäri wagtal-wagtal gaýtalanýar. Ýöne bu ýagdaý soňky aýlarda has-da güýçlendi.

Awgust aýynyň ortalarynda Lebap welaýatynda kombaýn sürüjileriniň şu ýylky galla oragy möwsüminde çeken zähmeti üçin aýlyklaryny alyp bilmän kösenýändigi mälim boldy.

Munuň bilen bir wagtda, ýurduň bankomatlaryndaky näsazlyklar, olarda nagt pul ýetmezçiligi we zähmet haklary plastik bank kartlaryna geçirilen býujet işgärleriniň öz aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmezligi bilen bagly kösençlikler hem dowam edýär.

Synçylaryň ençemesi Türkmenistanyň soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýändigini aýdýar. Döwlet resmileri muny tassyklap ýa-da inkär edip resmi beýanat bilen çykyş etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG