Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda ‘Türkmengazyň’ işgärleri aýlyklaryň gijikdirilmeginden, beýleki işgärler zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Mary welaýatynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň işgärleri öz aýlyk haklarynyň gijikdirilmeginden kösenýän bolsa, beýleki edara-kärhanalaryň işgärleri plastik bank kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

“‘Türkmengaz’ işgärleriň aglabasynyň aýlyklaryny saklaýar. Olar adatça aýyň 20-ne çenli aýlyk haklaryny doly alýardylar. Işgärler günde diýen ýaly edaranyň buhgalteriýa bölümine baryp görýärler. Emma hasapçylar ‘Entek habar ýok, haçan aýlyk çykjagy belli däl’ diýip, jogap berýärler” diýip, bu edaranyň ençeme işgäri bilen söhbetdeş bolan Azalyk Radiosynyň maryly habarçylarynyň biri 23-nji iýulda anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylarynyň ýene biri bolsa, aýlyklary plastik bank kartlaryna geçirilen býujet işgärleriniň hem öz zähmet haklaryny eline almakda kynçylyk çekýändigini, munuň bolsa bankomatlarda nagt puluň azlygy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy indi üç gün bäri Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde adamlaryň uly nobatlarynyň emele gelendigini aýdyp, şeýle diýýär:

“Bankomatlardaky pul tiz wagtda gutarýar. Şeýle-de, şäherdäki bankomatlaryň köpüsi işlemeýär. Adamlar plastik bank kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyrmak üçin ir säherden nobata durýarlar. Bu ýerdäki adamlaryň sany onlarçadyr. Adamlar bankomatdaky pul gutarsa, gaýtadan pul gelýänçä, öz nobatlaryny ýitirmejek bolup, käte jokrama yssyda ençeme sagatlap garaşýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji iýulda gürrüň berdi.

Habarçy howanyň gyzgynlygy 46 gradusa çenli ýetýän şu günlerde nobata duran adamlaryň arasynda özünden gidip, çaşýanlaryň hem bardygyny aýdýar.

“Düýn bankomadyň öňünde ýaşy 50-den geçen bir aýal çaşdy. Ol aýalyň derrew ýüzüne suw sepip, özüne getirdiler. Soňra ol aýala Tiz kömegi çagyrmagy teklip etdiler. Ýöne ol aýal ‘Ýok, häzir gowulaşaryn. Irden turanyma pul almak niýetim bilen gaýtdym. Irden çaý-nan iýmedim’ diýdi. Adamlar ol daýzanyň pul almagyna kömek etdiler” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynda bu wakanyň anyk nirede bolandygy barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Mary welaýatyndaky edaralaryndan, şeýle-de “Türkmenistan”, “Türkmenbaşy”, “Daýhanbank” we “Halkbank” döwlet täjirçilik banklaryndan telefon arkaly kommentariý alyp bilmedi.

Soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda býujet işgärleriniň aýlyklarynyň öz wagtynda berilmezligi we bankomatlarda nagt pul serişdesiniň ýetmezçilik edýändigi barada Azatlyk Radiosy her aý diýen ýaly habar berip gelýär.

Iň soňky gezek şu aýyň başynda, has takygy 12-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Mary şäherindäki habarçylarynyň biri adamlaryň indi bankomatlaryň öňünde nobatda garaşmagy bes edendigini, sebäbi olarda nagt puluň ýokdugyny habar berdi.

Bu wakadan sanlyja gün öň, habarçy bankomatlaryň öňünde adamlaryň uzyn nobatlarynyň emele gelendigini, ýöne nagt puluň azlygy sebäpli, diňe käbir adamlaryň öz zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilýändigini gürrüň beripdi.

Türkmen resmileri bankomatlar boýunça ýurtda bar bolan kynçylyklary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG