Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan kürtlere garşy operasiýasyny ‘has uly aýgytlylyk bilen’ dowam etdirjekdigini duýdurýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan kürt söweşijileri Amerikanyň araçyllygynda atyşyklary togtatmak barada üstlerine alan borçlaryny ýerine ýetirmedik halatynda, demirgazyk-gündogar Siriýada alyp barýan harby operasiýasyny “has uly aýgytlylyk bilen” dowam etdirjekdigini aýdýar.

22-nji oktýabrda Ankaradan orsýetli kärdeşi Wladimir Putin bilen Soçide geçmeli duşuşyga barýarka Erdogan Kürt halk gorag birikmeleri (YPG) “howpsuz zonany” terk etmeli diýdi.
Türkiýe bu zonany Siriýa bilen aralykdaky serhet boýunda döretmek isleýär.

“Birleşen Ştatlar tarapyndan biziň ýurdumyza berlen wadalar ýerine ýetirilmese, biz öz operasiýamyzy goýan ýerimizden has aýgytlylyk bilen dowam etdireris” diýip, Erdogan aýtdy.

Waşingtonyň araçylygynda atyşyklary bäş günläp togtatmak barada gelnen ylalaşygyň möhleti gepleşikleriň geçirilýän gününde tamamlanýar. Türkiýe Siriýa bilen aralykdaky serhetde 120 kilometrlik “howpsuz zonany” esaslandyrmagy maksat edinýär. Ankara bu ýerde 2 million töweregi uruş bosgunyny ýerleşdirjekdigini aýdýar.

Kremliň web saýtynda bildirilmegine görä, duşuşyk Orsýetiň Gara deňziň kenaryndaky Soçi şäherinde geçiriler. Duşuşykda üns merkezinde durjak ýene bir zat “halkara terroristik toparlara garşy göreş” we Siriýada “syýasy çözgüt prosesini ilerletmek” bilen baglanyşykly meseleler bolar.

Erdoganyň saparyndan öň Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Putin bilen telefonda gürleşip, söweş arakesmesiniň uzaldylmagyny haýyş etdi.

Makron esgerlere demirgazyk Siriýada patrullyk etmegi buýran Putine “atyşyklary togtatmak baradaky häzirki ylalaşygyň uzaldylmagynyň we krizisiň diplomatik ýollar bilen soňlanmagynyň möhümdigini nygtady”.

Türkiýe kürtleriň ýolbaşçylygynaky güýçlere garşy hüjümine Amerikan prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň demirgazyk-gündogar Siriýadaky ýaragly güýçleriniň saldamly bölegini çykarjakdygyny yglan edeninden soňra, 9-njy oktýabrda başlady.

Kürtler üstümizdäki ýylyň başlarynda Amerikan güýçleri bilen birlikde Siriýadaky ekstremistik topar “Yslam döwletini” ýeňmekde uly rol oýnasalar-da, Ankara Siriýanyň kürt YPG ýarym harbylaryna terroristler diýip garaýar.

21-nji oktýabrda Türkiýäniň kürtlere edýän hüjümi hakda soralanda döwlet sekretary Maýk Pompeo “zerur” bolsa, Tramp harby güýç ulanmaga taýýar diýdi.

Pompeo “CNBC” telekanalynda eden çykyşynda: “Biz parahatçylygy uruşdan ileri tutýarys” diýdi.

“Ýöne kinetiki hereket ýa harby hereket zerur bolsa, bilşiňiz ýaly, prezident Tramp bu herekete doly taýýarlykly” diýip, Pompeo aýtdy. Emma ol Birleşen Ştatlaryň NATO agzasy Türkiýeniň garşysyna harby herekete geçmegi üçin näme zadyň gyzyl çyzyk bolup durýandygyny anyklanok.

Içerdäki we daşardaky tankytçylar Trampyň bu kararyny Amerikanyň kürt ýaranlaryna edilen “dönüklik” diýip atlandyrdylar. Köp adamlar hem “Yslam döwletiniň” kürt ýarym harbylary tarapyndan saklanýan tussaglary söweş gidip otyrka gaçyryp bilerler diýip alada bildirdiler.

22-nji oktýabrda Ýewropa geňeşiniň prezidenti D. Tusk Ýewropa Bileleşigine agzalyga dalaşgär Türkiýäni ýazgaryp, Erdogany öz güýçlerini çekmäge çagyrdy.

Türkiýe “özüniň harby hereketini hemişelik soňlap, ýaragly güýçlerini çekmeli, halkara ynsanperwer kanunyny hormatlamaly” diýip, Tusk aýtdy. Ol soňra hem “mundan başga her bir ugur kabul ederliksiz ejir-azaba getirer, Daeş [Yslam döwleti] üçin ýeňiş we Ýewropanyň howpsuzlygyna çynlakaý wehim bolar” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

21-nji oktýabrda ýaýradylan wideo ýazgyda ilaty esasan kürtlerden durýan Siriýa şäherinde ýaşaýjylaryň geçip barýan amerikan harby ulaglaryna azyk önümlerini, şol sanda kartoşka taşlaýandygy görünýär.

Kürt habar gullugy tarapynda görkezilen wideoda adamlar ulaglara kartoşka taşlap, iňlis dilinde “Amerika ýok” we “Amerika ýalançy” diýip gygyryşýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG