Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brestde çagasyny öldürmekde aýyplanýan türkmenistanly zenan sud edilýär


Ýyldyz Haýdarowa
Ýyldyz Haýdarowa

Belarusda öz ýaş çagasyny öldürmekde aýyplanyp, sud edilýän Türkmenistanyň raýatynyň işine seredilýär.

Belarus metbugatynyň habar bermegine görä, 23-nji oktýabrda Brestiň regional sudy 29 ýaşly türkmenistanly Ýyldyz Haýdarowa garşy gozgalan jenaýat işi boýunça diňlenişigi dowam etdirdi. Türkmenistanly zenan özüniň iki aýlyk çagasyny öldürmekde aýyplanýar.

8-nji oktýabrda Belarusyň Derňew komiteti Brestde çaganyň öldürilmegi bilen bagly jenaýat işiň derňewiniň tamamlanandygyny habar beripdi.

Belarusyň Tut.by neşri 23-nji oktýabrda çap eden maglumatynda sud edilýän zenanyň öz çagasynyň ölümine tötänligiň sebäp bolandygyny, özüniň bolsa jogapkärçilikden gorkup, onuň jesedini gizländigini aýdandygyny habar berýär. Şeýle-de, maglumatda zenan barada käbir maglumatlar berilýär.

Ýyldyz Haýdarowa Türkmenistanyň obalarynyň birinde köp çagaly bir maşgalada ýaşapdyr. Ilkinji gezek ol Breste 2012-nji ýylda baryp, Brestiň döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt diller fakultetine giripdir. Bäş ýyldan soň ol okuwyny tamamlap, öz ýurduna dolanypdyr. Aşgabatda zenan syýahatçylyk şirketinde gid-terjimeçi bolup işläpdir. Başda kireýe alnan jaýda öz joralary bilen ýaşapdyr. Soňra öz halaşýany Röwşeniň jaýyna göçüp barypdyr we gysga wagtda birinji gezek göwreli bolupdyr. Şol çaga dünýä inmändir, sebäbi ýaşlar çaganyň bolmalygyny karar edipdirler, sebäbi "öz karýerasyny ileri tutupdyr" diýip, neşir belleýär we 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda zenanyň ikinji gezek göwreli bolandygyny, emma halaşýanynyň bu çagany hem islemändigini ýazýar.

Sudda Ýyldyz gyzynyň heläk bolmagynda özüni günäli hasap edýändigini aýtdy, emma ony öldürmek islemeýändigini nygtady: "Men özümiň aklanmagymy ýa-da boşadylmagymy islemeýärin. Men günäkär. Men oňa ömür bermedim. (...) Men munuň bilen ýaşap bijek däl we islämok" diýip, Tut.by ýazýar we türkmenistanly zenanyň özüne "kanuna görä berk jeza berilmegini" sorandygyny habar berýär.

Maglumatda bellenişine görä, çaganyň pajygaly tötänligiň netijesinde wepat bolandygyna derňew we prokuratura ynanmaýar. Çaga demigip ölüpdir.

Belarusyň Derňew komitetiniň 8-njy oktýabrda çap eden maglumatyna görä, öz ene borçlaryny ýerine ýetimek islemedik zenan 10-njy maýda öz tanyşynyň jaýynda bolan wagtynda gyzynyň dem alyş ýollaryny gysypdyr, netijede çaga ölüpdir. Mundan soň eden jenaýatyny ýaşyrmak üçin ol çaganyň jesedini suw howdanynyň kenaryndaky çukurda gizläpdir.

Türkmenistanyň raýaty we ýerli uniwersitetleriniň birindäki kurslara gatnaýan Ýyldyz Haýdarowa şu ýylyň maý aýynda, özüniň iki aýyk gyzynyň jesediniň tapylmagyndan soň Brest şäherinde tussag edilipdi. Şonda zenana garşy jenaýat işi gozgalypdy.

Brest regionynyň Içeri işler bölüminiň resmi websaýtynda 16-njy maýda çap bolan maglumata görä, iki aýlyk çaganyň jesedi çaga dogurylýan keselhanadan berlen habaryň esasynda we operatiw-gözleg işleriniň netijesinde Muhowets derýasynyň kenarynda tapylypdyr.

Ýyldyz Haýdarowa Belarusyň Jenaýat kodeksiniň 139-njy maddasynyň ikinji punktunyň 2-nji bölegi boýunça özüni goramaga ukypsyz kiçi ýaşly şahsy bilkastlaýyn öldürmekde günä bildirilýär. Bu madda 25 ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG