Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ “Yslam döwletine” garşy söweşýän koalisiýany berkitmegi maksat edinýär


ABŞ-nyň Siriýadaky ulaglary. Illýustrasiýa suraty
ABŞ-nyň Siriýadaky ulaglary. Illýustrasiýa suraty

Birleşen Ştatlar “Yslam döwletine” garşy söweşýän koalisiýany berkitmegi maksat edinýär. Muny hepdäniň aýagynda amala aşyrylan operasiýada bu ekstremistik toparyň lideri Abu Bakr al-Bagdady we onuň metbugat wekili öldürileninden soňra, 28-nji oktýabrda Amerikanyň döwlet departamentiniň ýokary derejeli bir resmisi aýtdy.

Daşary işler ministrlerinden durýan bir topar 14-nji noýabrda Waşingtonda duşuşyp, Birleşen Ştatlaryň bu missiýasy barada pikir alşar.

“Reuters” habar gullugynyň bildirmegine görä, “Yslam döwleti” dünýäniň dürli şäherlerinde, şol hatarda Parižde, Nissada, Fransiýada, Orlandoda, Floridada, Mançesterde, Angliýada, Londonda, Berlinde, Türkiýede, Eýranda, Saud Arabystanynda we Müsürde geçirilen hüjümleriň ýa jogapkärçiligini ýa-da olary ruhlandyrandygyny boýun aldy.

Bu aralykda kürtleriň ýolbaşçylygyndaky Siriýanyň demokratik güýçleri (SDF) 28-nji oktýabrda Birleşen Ştatlar bilen birlikde geçirilen operasiýada “Yslam döwletiniň” metbugat wekiliniň öldürilendigini habar berdi.

Operasiýa Amerikan prezidenti Donald Tramp 27-nji oktýabrda “Yslam döwletiniň” lideri Abu Bakr al-Bagdadynyň Birleşen Ştatlaryň Siriýada geçiren reýdinde öldürilendigini yglan edeninden sanlyja sagat soňra bolupdyr.

SDF-iň harby ýolbaşçysy Mazlum Abdiniň Twitterde aýtmagyna görä, “Yslam döwletiniň” sözçüsi Abu Hassan al-Muhajir SDF-iň aňtaw gullugy bilen Amerikan goşunynyň arasyndaky utgaşykly operasiýada Türkiýe serhediniň golaýynda ýerleşýän şäherçe Jarablusda “nyşana alnypdyr”.

Twitterde soňra berlen bir ýazgyda bolsa SDF-niň metbugat wekili Mustefa Bali Muhajiriň öldürilendigini aýtdy.

Düýbi Londonda ýerleşýän gözegçi topar Siriýanyň adam hukuklary obserwatoriýasy Muhajiriň ölendigini tassyklap, SDF-iň goldawy bilen Amerikanyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan operasiýada öldürilen “Yslam döwletine” degişli bäş adamyň biri Muhajir diýdi.

“Amerikanyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan iki operasiýa [“Yslam döwletiniň]” demirgazyk-günbatar Siriýada “gizlenýän ýokary derejeli liderlerini üstünlikli sandan çykardy” diýip, Bali aýtdy. Ol soňra hem “bu sebitde gizlenýänler ýene-de köp” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

27-nji oktýabrda Tramp Bagdadynyň Amerikanyň ýörite güýçleriniň demirgazyk-günbatar Siriýada gije geçiren reýdinde öldürilendigini yglan etdi.

Tramp reýdiň dowamynda Amerikan güýçleriniň Yslam döwletiniň “köp sanly” jeňçilerini öldürendigini, bir tunelde gabawa düşen Bagdadynyň hem bilindäki partlaýjyly guşagyny göçürip, özüni öldürendigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG