Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar ýurduň daşyna manat çykarmakda çäklendirmelere sezewar bolýarlar


Türkmen manady

Türkmenistanyň daşyna gidýän raýatlar ýany bilen türkmen manadynda nagt pul alyp gitmekde çäklendirmelere sezewar bolýarlar. Bu barada Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.

"Aşgabadyň aeroportunda diňe dollarda alnyp barylýan pullar barada soralman, eýsem türkmen manady barada hem soraýarlar. Bir student tanyşymyň ýanynda 800 manat bardy, ol aeroportuň dükanyndan satyn aljak zadynyň bardygyny aýdyp ynandyransoň, puluny geçirdiler. Emma beýlekiniň 1000 manadyny geçirmediler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, bu çäklendirme Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň daşyna manat äkidip, soň ony dollara öwürmegine degişli ýagdaýlaryň köpelmegi bilen bagly.

"Ýarym ýyla golaý wagt bäri Türkiýä manady köp äkidýärler we ol ýerde dollara öwürýärler, emma edil häzir 100 we 50 manat möçberindäki pullaryň alnyp gidilmegi has ýaýbaňlandy. Ýöne adaty adamlar jikme-jik barlanýarka, uly bolmadyk çemodanly adamlaryň we bilinde içi pully guşakly zenanlaryň barlag edilmezden geçirilýän ýagdaýlaryna duş gelse bolýar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý bilen baglylykda Aşgabadyň halkara aeroportunyň resmilerinden kommentariý alyp bilmedi.

Üstesine aeroportuň we "Türkmenhowaýollarynyň" resmi websaýtlarynda Türkmenistanyň daşyna çykarmaga rugsat berilen nagt puluň möçberine degişli düzgünler görkezilmändir. Bu maglumaty "Türkmenhowaýollarynyň" Moskwadaky edarasynda hem anyklaşdyryp bilmediler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň daşyna nagt görnüşde çykarmaga rugsat berilen daşary ýurt walýutasynyň 10 müň amerikan dollaryndan artyk bolmaly däldigini habar beripdiler. 2018 ýylyň tomsunda bu möçberiň 3 müň dollara çenli çäklendirilendigi mälim bolupdy.

Emma türkmen manadynyň möçberine degişli çäklendirmeler baradaky maglumaty resmi çeşmelerden tapyp bolmady.

Şol bir wagtyň özünde-de, Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, türkmen manadynyň ýurduň daşyna köpçülikleýin çykarylmagy ýurtda nagt walýuta çalyşygynyň gadagançylygy, şeýle-de türkmen banklarynyň ilata walýuta çalyşygy üçin berýän mümkinçilikleriniň yzygiderli çäklendirilmegi bilen bagly.

2016-njy ýylda daşary ýurt walýutasynyň nagt çalyşygyny doly gadagan eden Türkmenistan öz raýatlarynyň belli bir bölegine nagt bolmadyk görnüşde resmi kursdan puly amerikan dollaryna çalyşmagyna rugsat berýär. Bu puluň möçberi soňky üç ýylyň dowamynda çürt-kesik azaldyldy.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, bu ýagdaýda türkmen manadyny daşary ýurtlara äkidip çalyşmak has amatly düşýär.

"Häzirki pursatda Türkiýede bir amerikan dollaryna 17 manat alýarlar, Türkmenistanda bolsa amerikan dollary elden 18-18,5 manada satýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar. Üstesine, Türkmenistanda nagt pul gytçylygy bar" diýip habarçymyz aýdýar.

Mundan öň Azatlyk Radiosyna türkmen manadynyň Orsýete we Özbegistana köp alnyp barylýandygy barada maglumatlar gowuşypdy.

​Şol bir wagtda-da, habarçylarymyz häzir ýurduň daşynda kabul edilýän türkmen manadyna çäklendirmäniň bardygyny belleýärler.

"Türkiýede dollara diňe Aziadadan soň çykarylan pullary çalyşýarlar. Puluň ýüzünde keseleýin çekilen kümüşsöw çyzyk, atyň kellesiniň suraty we Türkmenistan Aşgabat 2017 diýlen ýazgy bolmaly" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Habarçymyz Türkmenistanda ozalky ýyllarda çykarylan pullaryň hem deň derejede ulanylyşda bolmagyna garamazdan, täze pullara bolan talabyň soňky döwürde artandygyny belleýär.

"Şonuň üçin banklarda resmi bolmadyk bir görnüşde köne pullary täze pula çalyşyp başladylar, meselem köne görnüşli 2000 manada 1800 manady täze görnüşde berýärler, emma 10% tutup alýarlar" diýip habarçymyz aýdýar we şeýle resmi bolmadyk "bir hyzmatyň" döremeginiň türkmen manadynyň ýurduň daşynda dollara öwrülmegi bilen bagly ýagdaýlaryň köpelmegi bilen arabaglanyşygynyň bardygyny belleýär.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý boýunça Türkmenistanyň Daşary ykdysady gatnaşyklar bankyndan maglumat alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG