Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbede iki uly çagasy bolan bir maşgala wagon-konteýnerde ýaşamaga mejbur bolýar


Ýüzlerçe adam çala gurlan jaýlarda ýa-da konteýnerlerde ýaşamaly bolýarlar, olary sowuk gyşyň ýakynlaşmagy howsala salýar.

Ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek Täjigistanyň ýiti kynçylygy bolup durýar. Paýtagtdaky köp gatly jaýlarda bir kwadrat ýaşaýyş meýdany 200-den 1200 dollar aralygynda durýar. Jaý kynçylyklary köp ýaşaýjylary wagon-konteýnerlerde ýa-da gurlup gutarylmadyk ýerlerde ýaşamaga mejbur edýär.

Gülnora Olimowa 4 aýdan bäri adamsy hem iki uly ýaşly çagasy bilen dar konteýnerde oňşuk edýär. Ol aýalyň sözüne görä, iki adam zordan ýerleşip biljek ol garaňky otagda maşgala bolup ýaşamaga hem çagalara garaşyk etmäge hiç bir mümkinçilik ýok.

«Ýuwnara ýer ýok, çagalarymyzyň kellesini köçede ýuwýarys. Howluda bolsa maşyn ýuwýanlar işleýär, ol ýere zol çykyp durmaga men utanýan. Hajathana hem howluda, şonuň üçin işçiler işini gutaryp, bu ýerden ugraýançalar çydamaly bolýan» diýip, Gülnora gözýaş bilen gürrüň berýär.

Howluda goýlan ol konteýner şäheriň awtoulag ýuwýan kärhanasyna degişli. Gülnoranyň adamsy Hikmatullo maşyn ýuwujylaryň biri, şol hyzmat bilen maşgalasyny ekleýär. Ol maşgala öz hossarlarynyň ýanyndan ýer tapylmansoň, wagtlaýynça awtoulag ýuwujylaryň konteýnerinde ýaşamaga rugsat edilipdir.

Gülnoranyň gürrüňine görä, owal başda olar kireýine jaý almak isläpdirler, ýöne äriniň gazanjy az bolansoň, ol puly kireýine jaýa tölemelimi ýa çagalary aç galdyrmaly dälmi diýen soragy döräpdir. «Elbetde, köçede ýaşanyňdan, bu ýer has ganymat, ýöne bu ýerde eýýäm sowuk duýulýar» diýip, ol aýal aýdýar.

Hikmatullonyň gazanjynyň köp bölegi iki ýarawsyz çaganyň hem aýalynyň däri-dermanyna gidýär. Onuň aýaly demigysmadan ejir çekýär. Dar konteýnerde ýaşamaga şert ýokdugy sebäpli, olar uluja gyzyny internata bermäge mejbur bolupdyrlar. Bu olara gaty agyr düşüpdir, ýöne olaryň ýanynda ýaşasa, gyz mekdebe gatnap bilmejek eken.

«Biziň özümiz okap bilmedik, biz sowatsyz. Gyzymyzyň hem şeýle bolmagyny islemedik. Eger meniň mümkinçiligim bolsa, gyzymy internata berermidim?» diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

Bu maşgalanyň iki oguljygy hem ýarawsyz; birinde maýyplyk bar, ol ýaramaz ýöreýär hem gepläp bilmeýär, beýleki oglunyň derdi ýürek bilen baglanyşykly. Tomsuň yssy günlerinde olara dar konteýnerde ýaşamagyň gaty agyr düşendigini Hikmatullo aýdýar. «Şonuň üçinem çagalar uzakly gün maşyn ýuwulýan howluda boldular. Biz olara daşardan düşek ýazyp berdik, olar şol ýerde oýnap, şol ýerde hem ukladylar» diýip, çagalaryň kakasy aýdýar.

Mundan birnäçe ýyl öň Hikmatullo zähmet migranty bolup, Moskwa işlemäge gidipdir. Ol kwartira üçin pul toplajak eken, ýöne migrasiýa kanunyny bozany üçin, Orsýetden deportasiýa edilipdir. Onuň häzirki maşyn ýuwup gazanýan puly iýjeklerine zordan ýetýär, jaý satyn almak üçin pul toplamak barada-ha gürrüňem ýok.

Ol özüne mellek ýer berilmegini sorap, hökümetlere birnäçe gezek ýüz tutupdyr, ýöne hiç bir netije bermändir. «Bize ýa ýer, ýa-da kwartira beriň diýip, üç gezek ýüz tutduk. Beýle mümkinçiligiň ýokdugyny aýtdylar. Biziň çagalarymyz ösüp-ulalyp barýar, ýyl geldigiçe-de durmuşymyz agyrlaşýar» diýip, Hikmatullo aýdýar.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG