Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň obalarynda çagalar sowuk synplarda sapak geçmäge mejbur bolýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň käbir etraplarynda howanyň temperaturasy gündizlerine 0 we gijelerine minus gradusa çenli ýetýän şu günlerde, oba mekdepleriniň we çagalar baglarynyň ençemesinde ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär. Bu habar Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň ýyladyş ulgamlaryny gyşky möwsüme taýýarlamak barada eden yzygiderli çykyşlarynyň yzýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän Lebapdaky habarçylarynyň biri ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp, mekdep klaslarynyň aşa sowuklygy sebäpli çagalaryň gyşky galyň paltolarynda okamaly bolýandyklaryny aýdýar.

“Geçen anna gününden bäri Lebap welaýatynyň demirgazyk etraplarynda howanyň derejesi o gradusa çenli ýetýär, gijelerine bolsa ondan hem aşaklaýar. Darganata etrabynyň Halkabat we Gyzylbaýdak ýaşaýyş nokatlaryndaky çagalar baglarynyň we mekdepleriň tas ählisinde ýyladyş ulgamlary işlemeýär. Mekdeplere gatnaýan çagalar sapak wagty sowuk klaslarda üşeýändiklerini aýdyp, ene-atalaryna şikaýat edýärler. Olar gyşky paltolarynda okamaly bolýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 4-nji noýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu oba mekdeplerine we çagalar baglaryna 15-nji oktýabrdan gyş möwsümine geçmek, ýyladyş ulgamlaryny işletmek barada tabşyryk berlipdir. Emma muňa garamazdan, ýyladyş ulgamlary işledilmeýär we munuň sebäpleri barada düşündiriş hem berilmeýär.

“Ýyladyş ulgamlarynyň näme üçin işledilmeýändigi barada ne mekdep ýolbaşçylary, ne-de beýleki oba resmileri düşündiriş berýärler. Ýöne ýerli ýaşaýjylar munuň obalara gelýän tebigy gazyň pesdigi, käbir çet ýerlerde bolsa düýbünden ýokdugy bilen düşündirýärler” diýip, habarçybelledi.

Şeýle-de, habarçy ýyladyş ulgamlarynyň bu ýaşaýyş nokatlaryndaky diňe çagalar baglarynda we mekdeplerde däl, eýse Darganata etrap Medeniýet öýünde we bu etrapdaky hassahanalarda hem kadaly ýola goýulmandygyny hem sözüni üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Daraganata etrap we Lebap welaýat häkimlikleri bilen habarlaşyp, kommentariý almak boýunça eden yzygiderli synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak we olaryň ulanyş ýagdaýyny üpjün etmek barada irgözinden alada etmelidigini indi sentýabr aýynyň başyndan bäri ençeme gezek aýtdy.

Iň soňky gezek 28-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda prezident ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň, şäheriň inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini, jemagat hojalyklarynyň sazlaşykly hereket etmegini üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

Döwlet baştutany hökümet resmilerine şuňa meňzeş tabşyryklary indi ençeme ýyl bäri berip gelýär. Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi gyş paslynda ýaşaýyş jaýlarynda, çagalar baglarynda, mekdeplerde we beýleki jemgyýetçilik merkezlerinde ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemeýändigi barada her ýyl diýen ýaly habar berýärler.

2018-nji ýylyň ýanwarynda özüni Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy diýip tanyşdyran okyjymyz gyş aýlarynda obalardaky çagalar baglarynda ýyladyş ulgamynyň işlemeýändigini gürrüň berdi. Şonda okyjy çagalar baglarynda ýerli ussalaryň elde ýasan gaz peçleriniň ýakylyp, otaglaryň azda-kemde ýyladylýandygyny aýdypdy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylaryň ençemesi ýurtdaky ýyladyş ulgamlarynyň aglabasynyň mundan 50-60 ýyl ozal gurlandygyny, şondan bäri turbalary uçdan tutma çalyşmak ýaly düýpli abatlaýyş işleriniň tas geçirilmeýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG