Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosgunlykdaky rus žurnalisti Babçenko Ukrainany terk etdi


Arkadiý Babçenko (çepden Ikinji).

Bir wagt Birleşen Ştatlarda öndürilen Abrams tanky bilen öz watanyna dolanmagy wada beren we 2017-nji ýyldan bäri öz meýline Ukrainada sürgünlikde ýaşan rus dissident žurnalisti Ukrainany terk etdi.

Arkadiý Babçenko hepdäniň aýagynda ýerleşdiren “Facebook” ýazgysynda Ukrainany näme üçin terk edýändigi barada anyk bir delili görkezenok. Bu bolsa aprel aýynda Wolodymyr Zelenskiý prezident saýlanaly bäri onuň howpsuzlygy baradaky aladalarynyň artan bolmagyny çaklara esas döredýär.

Ol alty aý mundan ozal sosial mediada Ukraina “prezident saýlawynda X dalaşgäri saýlasa, çalt gaçyp çykmak” barada ýerleşdiren ýazgysyna salgylandy.

Babçenko sözüni dowam etdirip: “Men ýurtdaky umumy ugur barada gürrüň edýärin ...muny takyk alty aý mundan ozal ýazdym. Muny aýtdym, [indi-de] etdim. Onsoň näme problema bar?” diýdi.

42 ýaşly Babçenko şu ýylky prezident saýlawyndan soňra Orsýetden sürgünlikden dolanyp gelen we Ukrainanyň ozalky prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň ýarany bolan Andriý Portnow bilen ýerini çalşandygyny aýtdy.

2014-nji ýylda demokratiýa ugrunda geçen Maýdan hereketinden soňra Ýanukowiç bilen onuň administrasiýasynyň beýleki ýokary derejeli agzalary Orsýete gaçyp geçdiler.

Žurnalist özüniň häzir nirededigini agzaman: “Portnow geldi – Babçenko gitdi. Bir bulagaýçy beýleki bulagaýçynyň ornuny aldy” diýdi.

Babçenko özüniň indi “germewiň aňyrsynda” durandygyny aýtdy. Ol gündogar Ukrainada Moskwa tarapyndan goldanýan separatistler bilen barýan urşa salgylanyp, “Ukraina indi edil pitneçileriň suw joşguny” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

29-njy maýda Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy SBU Orsýetiň Babçenkony öldürmek baradaky plany diýilýän bilen ilteşikli adamlary tutumak maksady bilen baglylykda onuň öldürilmegini sahnalaşdyrdy.

Ýöne SBU-nyň aýdylýan plan bilen Moskwanyň ilteşiginiň bardygy hakda görkezen subutnamasy ýok.

2018-nji ýylyň 30-njy awgustynda Kiýewiň bir kazyýeti ukrain raýaty Borys Hermany 4 ½ ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Aýdylyşyna görä, öldürme planyny gurnamagy üçin Orsýetiň gizlin gullugy ony hakyna tutupdyr.

SBU-nyň başlygy Wasyl Hrytsakyň aýtmagyna görä, Herman öz günäsini boýun alyp, häkimiýetler bilen hyzmatdaşlyk etmäge razylyk beripdir.

Herman Babçenkony öldürjek adama 40 müň dollar bermegi wada berenmiş.

Öldürjek adam ukrainaly öňki ruhany, uruş weterany Oleksiý Tsymbalýuk bolup çykdy. Ol Herman özi bilen gürleşeninden soňra SBU-nyň edarasyna gidendigini aýtdy.

Tsymbalýuk plany başa bardyrmazlyk üçin, özüniň agentlik bilen bile işleşendigini aýtdy.

SBU-nyň Babçenkonyň öldürilmegi baradaky galp operasiýasyny media gözegçileri, žurnalistler, şeýle hem beýleki adamlar berk tankytlap, onuň žurnalistleriň we ukrain resmileriniň abraýyna zyýan ýetirendigini aýtdylar.

Babçenko Ukrainany terk edip barýandygy baradaky ýazgyda “wada edişi ýaly”, Moskwanyň esasy köçesi Twerskoýdan Abrams tankyny sürüp geçmek planynyň şindi-de bardygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG