Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gowaça hasyly 'pes bolan' Mary welaýaty pagta planyny ikinji bolup doldy


Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň (TDH) websaýtyndan alnan surat.

Mary welaýaty pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurt boýunça ikinji bolup ýerine ýetirdi. Bu waka Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesiniň şu ýyl ýurtda, hususan-da, Mary welaýatynda pagta plan borçnamasyny doly ýerine ýetirmegiň gümanadygy barada beren habarlarynyň yzýanyna gabat geldi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň (TDH) 5-nji noýabrda beren habaryna görä, Mary welaýatynyň kärendeçileri 313 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny döwlet harmanyna tabşyrypdyr.

Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesi bu ýyl ýurduň pagta meýdanlaryndaky hasyl ýetmezçiligi bilen baglylykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde howsalaly ýagdaýyň dowam edýändigini 31-nji oktýabrda ​habar beripdi.

"Hususan-da Mary welaýatynda hasyl ýabygorly. Ol ýerde ýagdaýlar gözgyny. Ol ýerde plan borçnamanyň 30 prosente golaýynyň ýerine ýetiriljekdigi aýdylýar” diýip, mediada çykyş etmäge ygtyýarsyz çeşme howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertinde beren maglumatynda aýtdy. Bu 94 müň tonnadan gowrak pagta hasylyna deň bolýar.

Oktýabryň ahyrynda turkmen.news neşiri Ahal we Mary welaýatlarynyň ekin meýdanlaryndan 22-nji oktýabra çenli ýygnalan pagta hasylynyň olaryň döwlete tabşyrmaly plan borçnamasynyň bary-ýogy 40 prosentinden gowrakdygyny habar berdi.

Maryda gowaçalar gunçasyny dökýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:55 0:00

19-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Mary welaýatynda bu ýyl gowaçanyň ideginiň pesdigini, köreklemedik gowaçalaryň gunçalaryny döküp başlandygyny habar berdi. Onuň iberen wideosynda ine-gana ösüp bilmedik, gunçalaryny dökýän gowaçalary görse bolýar.

Galyberse-de, 9-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Sakarçäge etrabyndan gowşan beýleki bir wideoda seýrek gowaçaly ekin meýdanlaryny görmek bolýar.

Sakarçägäniň seýrek gowaçaly ekin meýdanlary
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:27 0:00

Azatlygyň ýerli habarçylary bu ýylky pagta möwsüminiň dowamynda ýurt boýunça daýhanlaryň gowaçalara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmäge mümkinçiligiň ýokdugy – suw, tehnika we dökün ýetmezçiligi barada hem habar berdiler.

Galyberse-de, mart, aprel, maý alarynda Türkmenistanyň Balkan, Ahal, we Mary welaýatlaryna gelen güýçli sil martyň aýagynda ekilen käbir gowaça meýdanlaryny hatardan çykardy. Şonda köp sanly kärendeçi gowaça meýdanlaryny söküp täzeden ekmäge mejbur boldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda pagtaçy daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan tehnika, dökün we suw ýetmezçilikleri, olara siliň ýetiren zyýany, şeýle-de pagtanyň ýurt boýunça pes hasyly barada habar berilmeýär.

Şu ýyl Türkmenistan boýunça gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanylyp, ondan 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

2018-nji ýylda türkmen häkimiýetleri 1 million 50 müň tonna diýlip meýilleşdirilen pagta plan borçnamasynyň artygy bilen, ýagny 1 million 100 müň tonna golaý ýerine ýetirilendigini mälim etdiler.

Ýöne Azatlygyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmesi 2018-nji ýylda ýurtda pagta plan borçnamasynyň 50%-niň hem berjaý edilmändigini şol ýylyň dekabrynda habar berdi.

Şu ýylyň fewralynda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri ýurduň şol wagtky Oba we suw hojalygy ministrliginden ele salnan içerki hasabatlara salgylanyp, geçen ýyl ýurt boýunça 450 müň tonna pagta hasylynyň ýygnalandygyny mälim etdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG