Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurt boýunça pagtanyň hasyly pes, planyň ýarpysynyň dolunjagy gümana, Oba hojalyk ministrligi ‘aljyraýar’


Illýustrasiýa suraty. Goza.
Illýustrasiýa suraty. Goza.

Şu günler Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň ýurduň oba hojalygyndan habarly hökümete ýakyn çeşmesi ýurt boýunça pagta plan borçnamasyny dolmagyň bu ýyl hem mümkin däldigini, hasylyň pesdigini habar berýär.

Mediada çykyş etmäge ygtyýarsyz çeşme howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde beren maglumatynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde şu günler howsala ýagdaýynyň höküm sürýändigini aýdýar:

“Bu ýyl hem pagta plan borçnamasy dolunmaz. Oba hojalyk ministrliginde eýýäm howsala – muny ‘başlyga’ nädip aýtjaklaryny bilmeýärler. Geçen ýyl bolşy ýaly ýurt boýunça bu ýylky hasyl [plan borçnamanyň] 50 prosentine-de ýetmez” diýip, Azatlygyň çeşmesi 31-nji oktýabrda habar berdi.

Geçen ýyl resmiler 2018-nji ýyl üçin ýurt boýunça pagta plan borçnamanyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini habar berse-de, garaşsyz çeşmeler ygtybarly maglumatlara salgylanyp, geçen ýyl döwlete tabşyrylan pagtanyň ýarym million tonna ýetmändigini habar berdiler.

2018-nji ýylda 1 million 50 müň tonna diýip meýilleşdirilen pagta plan borçnamasynyň, resmi maglumatlara görä, 1 million 100 müň tonna golaý ýerine ýetirilendigi mälim edildi, ýöne Azatlygyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmesi 2018-nji ýylda ýurtda pagta plan borçnamasynyň 50%-niň hem berjaý edilmändigini dekabrda habar berdi, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri ýurduň şol wagtky Oba we suw hojalygy ministrliginden edinen içerki hasabatlaryna salgylanyp, geçen ýyl ýurt boýunça 450 müň tonna pagta hasylynyň ýygnalandygyny habar berdi.

Azatlygyň çeşmesi bu ýyl hem Türkmenistan boýunça pagta hasylynyň pesdigini nygtaýar:

“Hususan-da Mary welaýatynda hasyl ýabygorly. Ol ýerde ýagdaýlar gözgyny. Ol ýerde plan borçnamanyň 30 prosente golaýynyň ýerine ýetiriljekdigi aýdylýar” diýip, çeşme aýdýar. Bu 94 müň tonnadan gowrak pagta deň bolýar.

Mundan ozal, 19-njy awgustda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Mary welaýatynda bu ýyl gowaçanyň ideginiň pesdigini, köreklemedik gowaçalaryň gunçalaryny döküp başlandygy barada habar berdi. Onuň iberen wideosynda gunçalaryny dökýän, heniz köreklemedik gowaçalary görse bolýar.

Galyberse-de, ýurt içindäki habarçylarymyz tomsuň aýagynda iberen maglumatlarynda ýurt boýunça, hususan-da Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gowaçalara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmäge mümkinçiligiň ýokdugy barada - suw, tehnika we dökün ýetmezçiligi hakynda habar berdiler. Şeýle-de, daşoguzly kärendeçiler Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde gowaçalarda gurçuk kebeleginiň köpelendigini aýtdy.

Maryda gowaçalar gunçasyny dökýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:55 0:00

Wideo: Maryda gowaçalar gunçasyny dökýär

“Beýleki welaýatlarda-da ýagdaý gowy däl, planyň 50 prosenti hem ýerine ýetirilmeýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň hökmüete ýakyn çeşmesi gürrüňe dowam edýär.

Ýagdaýlardan habarly çeşme Ahal welaýatynda-da plan borçnamanyň hötdesinden gelmek üçin ýeterlik hasylyň ýokdugyny aýdýar. Ýöne onuň sözlerine görä, prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edýän welaýaty bolan Ahal welaýatynyň plan borçnamasyny ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, dolmak boýunça görkezme berildi.

Bu ýyl Türkmenistan boýunça gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanyldy. Ahal welaýatynda 207 müň tonna, Balkan welaýatynda 5 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 230 müň tonna, Lebap welaýatynda 295 müň tonna, Mary welaýatynda bolsa 313 müň tonna, jemi Türkmenistan boýunça 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

“Munuň üçin belki-de beýleki welaýatlardan ýygnalan pagtanyň belli bir möçberini [Ahala] çekerler” diýip, çeşme sözüne goşdy.

Onuň sözlerine görä, bahar aýlarynda ähli ünsüň galla hasylyna gönükdirilmegi bilen pagtanyň ekişi ünsden düşürildi.

“Galyberse-de, döwlet kärendeçileriň öňündäki borjuny ýetirip bilmedi; olary tehnika, suw we dökün bilen üpjün edip bilmedi. Ilkibaşda kärendeçiler biraz dökün bilen üpjün edildi, onuň hem soňy bolmady. Kärendeçiler häkimiýetler bilen arada ýene-de mesele ýüze çykmagyndan gorkýar. Geçen ýyl köp sanly kärendeçi daýhana iş gozgalyp, olar prokuratura çagyryldy, emläkleri konfiskasiýa edildi. Şondan soň olaryň köpüsi daýhançylygy taşlap, işlemek üçin Türkiýä gitdi” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Sakarçägäniň seýrek gowaçaly ekin meýdanlary
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:27 0:00

Wideo: Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmesi 9-njy awgustda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň gowaça meýdanlaryndan iberen wideosynda seýrek gowaçaly ekin meýdanlaryny görmek bolýar

Şol bir wagtyň özünde aprel, maý alarynda Türkmenistanyň dürli künjeklerine, şol sanda Balkan, Ahal, we Mary welaýatlaryna gelen güýçli sil, Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, martyň aýagynda ekilen käbir gowaça meýdanlaryny hatardan çykardy, köp sanly kärendeçi gowaça meýdanlaryny söküp täzeden ekmäge mejbur bolupdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda pagtanyň ýurt boýunça pes hasyly barada habar berilmeýär.

XS
SM
MD
LG