Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda tatuirowkaly aýal-gyzlar soraga çekilýär


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde bedenine tatuirowkalary, ýagny hemişelik suratlary çekdiren aýal-gyzlar soraga çekilip başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde maglumat beren habarçy soraga çekilýänleriň aglabasynyň daşary ýurtlarda, hususan-da Türkiýede işläp gelen aýal-gyzlardygyny aýdýar.

“Daşary döwletlerde işläp ýurda dolanan aýal-gyzlaryň endamynda tatuirowkasy barmy ýa-da ýokdugy öwrenilýär. Olar aýal-gyzlaryň gizlin, ýapyk ýerlerinde bolsa, olary aýal organ işgärleri öwrenýär. Endamynda şeýle suratlary bolan aýal-gyzlary soraga çagyrýarlar. Olardan tatuirowkanyň nämäni aňladýandygy, haçan we näme sebäpden çekdirendigi baradaky soraglar berilýär. Soragyň çäginde tatuirowkany surata düşürip, şol adamyň iş faýlyna goşup goýýarlar” diýip, habarçy soraga çekilen türkmenabatlylaryň ençemesine salgylanyp, 6-njy noýabrda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, aýal-gyzlaryň soraga çekilmegi, olaryň bedenindäki tatuirowkanyň surata düşürilmeginiň sebäpleri barada howpsuzlyk işgärleri tarapyndan düşündiriş berilmeýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan howpsuzlyk gullugynyň bir işgäri munuň howpsuzlyk çäreleri bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

“Aýal-gyzlaryň bedenindäki tatuirowkalaryň daşary döwletlerdäki jenaýat toparlarynyň logotipi ýa-da belgisi, nyşany bolaýmasyn diýlip alada edilýär we şol sebäpden hem olar barlanýar” diýip, howpsuzlyk işgäri aýtdy. Ýöne ol näme sebäpden diňe aýal-gyzlaryň bedenindäki tatuirowkalaryň barlanýandygyny we surata alynýandygyny aýdyňlaşdyrmady.

Mundanam başga, habarçy şol aýal-gyzlaryň hökmany medisina barlagyndan geçirilip, welaýatyň Aýallar guramasynyň ahlak baradaky we wagyz-nesihat beriji mazmundaky ýygnaklaryna gatnaşdyrylýandygyny hem belledi.

“Soňky döwürde endamyna suratlar çekdirýän we dürli ýazgylary ýazdyrýan aýal-gyzlar köpelýär. Olar diňe Türkiýede ýa-da Ýewropada işläp gelenler däl, ýurtda ýaşaýan aýal-gyzlar” diýip, habarçy aýtdy.

Munuň bilen bir wagtda, ol Türkmenabat şäherindäki we Farap etrabyndaky tatu ussalarynyň işine gözegçiligiň güýçlendirilendigini hem belledi.“Olaryňam işi durzuldy” diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginden kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

Türkmenistanda tatu ussalarynyň yzarlanmagyna degişli ýagdaýlar şu ýylyň bahar aýlarynda güýçlendi. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary polisiýa işgärleriniň ussalary gözläp tapmak üçin tatuirowkasy bar bolan adamlary saklap, soraga çekýändigini habar berdiler.

Türkmenistanda tatu ussalarynyň giňden gözlenýändigi baradaky maglumatlarymyzdan soň, ýurduň hökümetçi neşirlerinde tatuirowkalaryň zyýany we ölüm howpy barada maglumatlar peýda boldy.

Hususan-da, hökümetçi “ArzuwNews” neşiri 7-nji iýunda çap eden makalasynda tatuirowkanyň saglyga düzedip bolmajak zyýan ýetirip biljekdigini we hatda ölüme sebäp bolup biljekdigini habar berdi.

Makalanyň awtory adamlar bedenine tatuirowka çekdirende, organizme gepatit С infeksiýasynyň ýokuşyp biljekdigini öňe sürdi. Şeýle-de, ol tatu çekmek üçin ulanylýan syýada zyýanly maddalaryň bardygyny aýdyp, olaryň allergiýa, deride rak keseline we içerki organlaryň zaýalanmagyna sebäp bolup biljekdigini öňe sürdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan tatu ussasynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň polisiýasy we howpsuzlyk gulluklarynyň wekilleri ussalary soraga çekende olaryň yzarlanmagynyň sebäplerini tatuirowkalaryň zyýany bilen düşündirýärler. Ýöne ussanyň öz pikirine görä, adamyň saglygyna tatuirowkalar däl-de, hapaçylyk we bedene surat çekmegiň tehnikasy boýunça bilimsizlik zyýan ýetirip bilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG