Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda 15–19 ýaş aralygyndaky müňe golaý gyz özüni abort etdirdi


Täjigistanda şu ýyl 14 müňe golaý aýal, şol sanda 15-den 19 ýaş aralygynda bolan müňe golaý gyz abort ýoly bilen islenmeýän göwreliligiň öňüni aldylar.

Täjigistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi bu sanyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende azdygyna garamazdan, onuň howsala dörediji ýagdaýdygyny aýdýar.

Uly ýaşdakylara garanda, ýaşlykda abort etdirmegiň soňlugy bilen agyr ýagdaýlara alyp barmagynyň mümkindigini wraçlar duýdurýarlar. Şeýle-de bolsa, Täjigistanda ýaş gyzlaryň köpüsi göwreli bolmagyň öňüni alýarlar, sebäbi gyzlyk ýagdaýynda durmuşa çykmak, ol maşgalanyň soňky berkliginiň binýady saýylýar. Namysy bozulan ýagdaýynda, toýuň ertesi güni ýaşlaryň aýrylyşmagy bolup biljek ýagdaý, bu bolsa gyza hem onuň maşgalasyna agyr kynçylygy getirip bilýär.

Kämillik ýaşyna ýetmedik gyzy Aziza diýip atlandyrsak, ol bir ýyl mundan öň halaşýan ýigidinden göwreli bolýar, köpçüligiň özüni masgara etmeginden gorkup, abort usuly bilen islenmedik göwrelilikden dynýar. 16 ýaşly gyz özüniň göwreli bolandygyny ýokary synp okuwçylaryň arasynda medisina barlagy geçirilenden soň bilipdir. Ol kämillik ýaşyna ýetmedikleriň internat-mekdebinde okansoň, hossarlary ondan bireýýäm aýrylyşypdylar. “Men 9-njy synpda okaýan. Maňa abort etdirmekden başga alaç galmady, biziň ýaşar ýaly öz jaýymyz ýok. Men göwreliligiň 14-nji hepdesinde abort etdirdim. Gyz halyňa göwreli bolmak, bütin ömrüňe masgaraçylyk” diýip, Aziza aýdýar.

Täjigistanda durmuşa çykmadyk gyzlara jynsy gatnaşykda bolmak gadagan, şonuň üçinem ene-ata durmuşa çykmadyk gyzynyň göwreli bolandygyny ýaşyrýarlar, köplenç bolsa gizlinlikde abort etdirýärler. Nikasyz çaga dogranlar jemgyýet tarapyndan ýazgarylýar hem ol ene-ata üçin agyr masgaraçylyk saýylýar.

40 ýyllyk iş tejribesi bolan wraç-ginekolog Rajabgül Ýatimowanyň aýtmagyna görä, mekdeplerde jynsy gatnaşyklar barada sapak berilýändigine garamazdan, ýaşlaryň arasynda islenmeýän göwrelilik ýüze çykyp dur, ony bolsa abort ýoly bilen aýyrdýanlar az däl. “Ol gyzlar abortyň önelge saglygyna nähili zyýanynyň bardygyny bilmeýärler. Olaryň köprägi ýetim ýa-da üpjünçiligi pes bolan maşgalalardan. Köp ýagdaýda olar göwreli bolandygyny ginekologa gelenlerinden soň bilýärler” diýip, wraç aýdýar.

“Gyzlaryň köpüsi hossarlarynyň gahar-gazabyndan gorkup, ginekologa-da, reproduktiw saglyk merkezine-de barman, şahsy doktorlara ýüz tutýarlar. Olar soňy bilen näme boljagy barada, munuň nesilsizlige getirip biljegi hakda pikir etmeýärler” diýip, wraç-ginekolog alada bildirýär.

Täjigistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň Milli reproduktiw saglyk merkeziniň direktory Munira Ganizoda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolanda, ýurtda kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin 20-den gowrak reproduktiw, ýagny howpsuz göwrelilik hem nesil öndürmek saglyk merkeziniň bardygyny aýtdy. Bilim ministrligi bolsa 3-4-nji synpda okaýan çagalara sagdyn durmuş ýollarynyň öwredilýändigini, ýokary synp okuwçylaryna biologiýa hem anatomiýa ýaly esasy sapaklaryň çäginde, «Maşgala medeniýeti» sapagynyň geçilip, onda reproduktiw saglyk temasynyň öwredilýändigini aýtdy.

Şeýle-de bolsa, bilermenleriň sözüne görä, mekdeplerde ýaşlara jynsy gatnaşyklar barada aýtmazlyga, islenmeýän göwreliligi abort ýoly bilen aýyrmagyň netijeleri hakda gürrüň etmezlige çalyşýarlar.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, täjik aýallary abort etdirmäge birnäçe sebäpler arkaly mejbur bolýar; owaly ykdysady faktorlar, adamsynyň gazanç üçin uzak ýerlerde bolmagy, durmuş şertleriniň kanagatlanarsyz ýagdaýy olary aborta iterýär. Aýallar köp ýagdaýda abortyň nämedigine düşünip, akyl ýetirip hereket edýärler. Ekspertler resmi däl abort has köp diýip hasaplaýar.

Bütindünýä Saglyk guramasynyň statistiki maglumatyna görä, dünýäde her ýylda 50 milliondan gowrak abort etdirilýär. Dokuz million ilaty bolan Täjigistanyň ýarysyndan gowragyny aýallar düzýär. Ol aýallaryň iki milliony reproduktiw ýaşdadyr.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG