Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýesir çalyşygyndan soň owgan paýtagtynda weýrançylykly partlama boldy


Kabul, 13-nji noýabr, 2019
Kabul, 13-nji noýabr, 2019

13-nji noýabrda Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň Kabuldaky edarasynyň jaýynyň golaýynda awtoulaga goýlan bombanyň partlamagy zerarly azyndan ýedi adam wepat boldy diýip, resmiler aýdýarlar.

Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nasrat Rahiminiň sözlerine görä, partlama Kabulyň Kasaba giňişliginde aeroportdan demirgazyk tarapda polisiýanyň 15-nji bölüminde bolupdyr.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar dessine öz üstüne almady. "Talyban" we "Yslam döwleti" toparynyň ikisi-de Kabulda aktiw hereket edýärler.

Rahimi wepat bolanlaryň ählisiniň adaty raýatlardygyny aýtdy we pidalaryň sanynyň artmagynyň ähtimaldygyny belledi.

"Bu deslapky maglumatlar has köp detal soň berler" diýip, Içeri işler ministrliginiň wekili aýtdy.

Bomba partlamasynyň öňüsyrasynda owgan hökümeti "Talybanyň" baş wekilleriniň üçüsini tussaglykdan boşatdy. Olaryň arasynda "Hakgani" toparynyň (Haqqani) lideri Sirajjuddin Hakganiniň inisi Anas Hakgani bardy. Owgan resmilerine görä, Hakganiden başga "Talybanyň" ýene iki sany tanymal wekili Hafiz Raşid Omari we Haji Milli Han boşadylypdyr.

Owgan hökümeti "Talybanyň" wekillerini Kabuldaky Amerikan uniwersitetiniň amerikaly we awstraliýaly iki professoryna çalyşypdy.

Käbir analitikler ýesir çalyşygynyň Owganystanda zorlugy köşeşdirip biljegine umyt baglapdy. Emma ne "Talyban", ne-de onuň düzümine girýän "Hakgani" topary ýesir çalyşygyny kommentirledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG