Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Pyçak" operasiýasy: ýetginjeklerden pyçaklar, şokerler hem kastetler alyndy


Duşenbe şäheriniň Içeri işler bölüminiň foto saýty.

Soňky hepdede Duşenbe şäheriniň milisiýa işgärleri «Pyçak» operasiýasynyň çäginde, paýtagtly 13 ýetginjekden pyçak hem şoňa meňzeş sowuk ýaraglary aldylar.

Operasiýa soňky wagtlarda ýaşlaryň arasynda pyçak götermegiň köpelendigi bilen baglanyşykly geçirildi. Synçylaryň aýtmagyna görä, beýle bir kadaly bolmadyk hem garyp ýaşaýanlaryň, şeýle-de barjamly, hatda abraýly saýylýan maşgalalaryň çagalary pyçak göterýärler.

Paýtagtyň ýaşaýjysy Sultona Hakimowanyň 17 ýaşly agtygyndan galan ýeke-täk ýadygärlik – onuň suraty bolup durýar. Ol pyçak ýarasynyň pidasy boldy. Firuz Hakimow Duşenbedäki 1-nji orta mekdebiň 11-nji synpynda okaýardy. Ol öz bilimini ýurduň daşynda dowam etdirmekçidi, ABŞ-a hem Praga şäherine dokumentlerini iberipdi. Olardan geljek jogaba sabyrsyz garaşýardy. Ýöne onuň takdyry ters geldi.

Mekdebi gutarmagyna üç aý galanda, ýaşlaryň özara çaknyşygyna seredip duran wagty pyçakdan üç ýara aldy. Ýara agyr düşüpdir, ol 40 gün keselhanada ýatyp jan berdi. Ýogalanyň hossarlarynyň aýtmagyna görä, onuň ýetginjekler arasynda dörän çaknyşyga hiç bir dahyly ýok eken. Bolan hadysada onuň ýaşytdaşyny günälediler, A.I. Milli uniwersitete degişli liseýiň uçurymy eken.

Sultona Hakimowa sud diňlenişiginde eşidenlerini ýatlaýar. Haçan-da, A.I. jübüsinden pyçak çykaranda, onuň töweregindäkileriň barysy gaçypdyr. “Bu dawa goşulman, gapdalda seredip duran meniň agtygym hem ýene üç oglan galypdyr. A.I. ylgap gelip, Firuza üç gezek pyçak ýarasyny salypdyr. Meniň agtygym bolýan zada akylyny ýitirip, garşylyk görkezmäge-de ýetişmändir. Ol özüni ýaramaz duýýandygyny aýdyp, ýere ýykylypdyr” diýip, gürrüňdeşimiz ýatlaýar.

Firuzyň hossarlarynyň sözüne görä, sud edilen ýetginjek sorag wagtynda pyçagy öz deň-duşlaryndan gorkup, öz goragy üçin göterendigini aýdypdyr. A.I-niň üstünden sud diňlenişigi sentýabryň ahyrlarynda bolup geçdi. Ol adam öldürmekde günäli saýylyp, 6,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ýogalanyň hossarlary: “Biz, elbetde, suduň çykaran kararyna razy däl, ondan ýokardaky sud organyna arz etdik” diýýärler.

“Prokuror suddan 15 ýyl türme tussaglygyny sorady. Dürli ýeňillikler göz öňünde tutulanda, onuň işini ýeňilleşdirip, 13 ýyla getirip bilerdiler, ony bolsa soralandan 9 ýyl aşakladyp, 6,5 ýyla düşürdiler. Elbetde, A.I-niň kakasy oglunyň uzak möhletleýin türme tussaglygyna iberilmegine razy däl, ýöne biz öz oglumyzy jaýladyk ahyryn, hany bu ýerde adalat?” diýip, Firuzyň enesi Sultona Hakimowa aýdýar.

Gürrüňdeşimiz adam öldürýäniň jezasynyň ýeňilleşdirilmegi şeýle agyr jenaýatyň ýaşlaryň arasynda artmagyna getirip biler, kimdir biriniň başyna Firuzyň gara güni düşer diýip pikir edýär.

Paýtagtyň içeri işler bölüminiň geçiren barlagyna görä, ýaşlaryň arasynda toparlaýyn huligançylyk, dawa-jenjelde pyçak hem şoňa meňzeş sowuk ýarag ulanmak artypdyr. Soňky ýarym aýyň dowamynda ýaşlaryň arasyndaky pyçaklaşma degişli iki fakt aýan edildi. Netijede bir student ölüp, birnäçe adam tussag edildi.

Graždan jemgyýetiniň talap etmegi hem kämillik ýaşyna ýetmedikleriň toparlaýyn özara uruşlarynyň öňüni almak maksady bilen Duşenbäniň milisiýa işgärleri «Pyçak» operasiýasyny geçirdiler. Köçelerde hem mekdep jaýlarynda geçirilen operasiýanyň başky tapgyrynda, bir hepdäniň dowamynda 13 ýaş ýetginjekden pyçaklar, kastetler hem beýleki sowuk ýaraglar alyndy. Olaryň suraty Duşenbe şäher içeri işler bölüminiň saýtynda ýerleşdirildi.

Paýtagtyň içeri işler bölüminiň işgäri Muhsin Muhammadi Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde, ol operasiýanyň “pyçaklanma” hadysasyndan howatyr edýän şäher ýaşaýjylarynyň haýyşy bilen geçirilendigini aýtdy.

«13 pyçak alyndy, elektroşokerler, kastetler hem dürreler alyndy. Bu fakt boýunça ýokary okuw jaýynyň studentleri hem paýtagtyň mekdep okuwçylary saklandy. Olaryň işi boýunça kanuna laýyklykda hossarlary hem jogapkärçilige çekilip, olaryň işi suda hödürlendi” diýip, ol aýdýar.

Mundan başga-da, dört sany ýetginjegiň ýanynda pyçak hem beýleki sowuk ýaraglar bolandygyny, olaryň administratiw çäre hökmünde 5-den 7 güne çenli tussag edilendigini içeri işler bölüminiň işgäri Muhsin Muhammadi mälim etdi.

Ekspertler ýetginjekleriň hem ýaşlaryň arasynda gazaply hereketi maşgalada berilýän nädogry terbiýe bilen baglanyşdyrýarlar. Bu ýerde zorlugy hem rehimsiz gatnaşyklary propaganda edýän filmleriň hem dürli oýunlaryň täsiriniň bardygyny-da aýdýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, beýle ýagdaý kemlikde ýaşaýan ýa-da kadaly durmuşy bolmadyk maşgalanyň çagalary, käte munuň tersine; özüniň jenaýata çekilmejekdigine ynamy bolan barjamly maşgalanyň çagalary sowuk ýarag göterýärler.

Eger ýetginjegiň elinde pyçak bolsa, ol özüni güýçli hem deň-duşlarynyň arasynda lider saýýar diýip, psiholog Hurşed Kungurotzoda aýdýar.

«Çäkden çykmagyň esasy sebäbi – maşgaladaky ýeter-ýetmezlik, nädogry terbiýe hem köçedäki täsirler, şu ýagdaýda ýaş adam özüne kontrollygy başarmaýar. Medisina ylmynda muňa psihopatizasiýa diýilýär. Onda ýaş adam adaty ýagdaýdan çykanda, hereketini planlaşdyrmaga ukypsyz bolup, jemgyýetçilik kadalaryna hem kanuna laýyk öz häsiýetine erk edip bilmeýär. Onda jemgyýetden üzňelik, gaharjaňlyk, başgany diňlemezlik, uruşganlyk hem gazaplylyk peýda bolýar» diýip, psiholog aýdýar.

Bu çynlakaý meseleni çözmek üçin, hökmany suratda kanun aktlaryna düzediş girizmegiň zerurdygyny, mekdeplerde pyçagy hem beýleki howply serişdeleri aýan edýän ýörite enjamlaryň goýulmagyny, dürli okuw jaýlarynda iş alyp barar ýaly ýörite psihologlary taýýarlamak gerekdigini ol öňe sürýär.

«Pyçak» operasiýasy täjik paýtagtynda ýene dowam etdiriler.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG