Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrandaky protestlerde azyndan alty adam öldi, dartgynlyk öňküsi ýaly ýokary


Häkimiýetler protestlere berk jogap berjekdiklerini duýdurdylar.
Häkimiýetler protestlere berk jogap berjekdiklerini duýdurdylar.

Eýranda ýangyç bahasynyň aşa ýokarlanmagy netijesinde, ýurduň onlarça şäherinde ölümli protestleriň başlanany bäri aradan üç gün geçendigine garamazdan, dartgynlyk şindi-de öňküsi ýaly ýokary.

18-nji noýabrda köçelerdäki ýagdaý entek näbelli. Munuň esasy sebäpleriniň biri häkimiýetler tarapyndan internetiň kesilip, sosial mediada paýlaşylýan wideo we beýleki habarlaryň akymynyň böwetlenmegidir.

Resmiler çaknyşyklarda alty adamyň öldendigini aýtdylar. Bularyň üçüsi protestçilerden, ikisi Eýranyň howpsuzlyk güýçlerine degişli, biri hem howpsuzlyk sakçysy. Ýöne gowuşýan habarlardan çen tutulsa, ölenleriň sany mundan has ýokary.

Habar gullugy AFP hökümetiň sözçüsi Ali Rabiýä salgylanyp, käbir “ownuk meseleler” bolsa-da, ýagdaý “asudarak” diýdi.

Sosial media gowşan sanlyja wideo ýazgylaryň käbirinde hökümet güýçleriniň protestçilere ot açýandygy görünýär.

Eýran mediasynyň habar bermegine görä, Tähranda, Yspyhanda, Şirazda we beýleki ýerlerde azynda 5 uniwersitet ýapylypdyr. Ýurduň azyndan 5 welaýatynda ýapylan mekdepleriň sany bolsa 17-den ýokary.

Yspyhanda howpsuzlyk ýokdugy sebäpli metro işini togtatdy.

Häkimiýetler protestlere berk jogap berjekdiklerini aýdyp duýduryş berdiler. Protestler Amerikanyň girizen sanksiýalary netijesinde, hökümet satylýan benziniň möçberini çäklendirip, beýleki kömekleri kesjekdigini yglan edeninden soňra 15-nji noýabrda döredi.

Ýarym resmi “Fars” habar gullugynyň 17-nji noýabrda bildirmegine görä, demonstrasiýalaryň dowamynda ýüzden agdyk bank we dükan otlanyp, müň çemesi adam tutulypdyr.

Ýerli resmiler günbatar welaýat Lorestanyň bir özünde jemi 36 banka zyýan ýetendigini aýtdylar.

Çig nebit gory boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Eýranda ýangyç şindi-de döwletiň goşýan kömegi bilen iň arzan bahada saklanýar.

Bahalar 50 prosent töweregi gymmatlan hem bolsa, Eýran beziniň bahasy boýunça dünýäde iň arzan ýurtlaryň biri bolup, täze perman boýunça, her litr başyna 15 müň rialdan satylýar. Bu bolsa litr başyna 13 sent ýa galon başyna takmynan 50 sent töweregidir. Bu baha ortaça hasap bilen Birleşen Ştatlardaky adaty benziniň bäşden biri we Ýewropanyň esasy ýurtlaryndaky bahanyň ondan biri bolup durýar.

17-nji noýabrda Ak tam “demonstrantlaryň garşysyna ulanylýan heläkçilikli güýji we kommunikasiýanyň berk çäklendirilmegini” ýazgaryp, “parahatçylykly protestlerinde özüniň Eýran halkyny” goldaýandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG