Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatarly zamunlar, 'Talybanyň' ýokary derejeli tussaglary ‘azat edildi’


Kewin King (sagda) we Timothy Weeks 2016-njy ýylda Kabulda “Talyban” tarapyndan alnyp gaçylypdy.
Kewin King (sagda) we Timothy Weeks 2016-njy ýylda Kabulda “Talyban” tarapyndan alnyp gaçylypdy.

Gowuşýan habarlarda “Talybanyň” üç sany ýokary derejeli tussaglary bilen çalşylyp, iki günbatarly zamunyň jeňçiler tarapyndan azatlyga goýberilendigi aýdylýar.

“Talyban” çeşmeleriniň we owgan resmileriniň aýtmagyna görä, zamunlar 19-njy noýabrda esasy bölegi “Talybanyň” kontrollygyndaky Zabul welaýatynyň Nawbahar etrabynda tussaglykdan boşadylypdyr.

AFP habar gullugynyň ady mälim edilmedik bir polisiýa işgärine salgylanyp beren maglumatynda, Kabulyň Amerikan uniwersitetiniň iki professory “Amerikan dikuçarlarynda Zabuly terk etdi” diýilýär.

Mundan birnäçe sagat öň, “Talyban” çeşmeleri bu toparyň ýokary derejeli üç tussagynyň owgan hökümeti tarapyndan türmeden boşadylyp, Katara uçurylandygyny habar beripdi.

Tussaglaryň çalşylmagy boýunça gelnen ylalaşyga “Talyban” bilen göni gepleşiklere girmek üçin owgan hökümeti tarapyndan edilen möhüm göçüm diýip garalýar. “Talyban” Kabuldaky “oýnatgy” režim diýýäni bilen şu wagta çenli göni gepleşikden boýun gaçyryp gelýär.

Iki sany uniwersitet mugallymy – 60 ýaşly amerikaly Kewen King bilen 48 ýaşly awstraliýaly Timothy Weeks – 2016-njy ýylyň awgust aýynda “Talyban” tarapyndan alnyp gaçyldy.

“Talyban” çemeleriniň bildirmegine görä, zamunlar Hakkani ulgamynyň ýolbaşçysy Sirajuddin Hakkaniniň inisi Anas Hakkani we ýene-de iki sany ýokary derejeli jeňçi: Hafiz Raşid Omari we Haji Milli Han bilen çalşylypdyr.

Owganystanda zabun hüjümleri amala aşyranlykda tanalýan Hakkani ulgamy “Talyban” toparynyň bir bölegi bolup durýar.

Habar gullugy Reutersiň maglumatynda 19-njy noýabrda Dohada gelip düşenlerinden soňra “Talybanyň” ýokary derejeli üç agzasynyň jeňçileriň Kataryň paýtagtyndaky syýasy edarasyna tabşyrylandygy aýdylýar.

“Tolo News” telekanalynyň habaryna görä, “Talybanyň” üç harby ýolbaşçysy Dohada “öý tussaglygynda” saklanar.

Mundan bir hepde ozal owan prezidenti Aşraf Gani “Talybanyň” üç şahsyýetiniň “şertli ýagdaýda boşadyljakdygyny” yglan edipdi welin, ýöne iki professoryň çalşylmagy gymyldysyz galansoň, Kabul ol gijikdirilmede jeňçi toparyny günäledi.

Döwlet departamentiniň aýtmagyna görä, 18-nji noýabrda döwlet sekretary Maýk Pompeo Gani bilen “prezidentiň ýokary derejeli Talyban tussaglaryny boşatmak baradaky kararyny amala aşyrmak boýunça gerekli ädimleriň gözden geçirilmegi” üçin gürleşipdir.

Beýannamada bellenilişi ýaly: “Pompeo Birleşen Ştatlaryň Ganiniň kararyny goldaýandygyny gaýtalap, prezidentiň karary niýetlenilen netijäni bermedik halatynda, zorluga jogap bermek üçin bilelikde ýakyndan işleşmegi wada edipdir”.

Birleşen Ştatlar 18 ýyllyk urşuň soňuna çykmak maksady bilen soňky ýyllarda “Talybanyň” wekilleri bilen Katarda tapgyrlaýyn gepleşikler getirdi.

Anas Hakkani bilen Omari 2014-nji ýylda gündogar Host welaýatynda ele salyndy. Aýdylyşyna görä, Anasyň daýysy Haji Milli Han hem 2011-nji ýylda gündogar welaýat Paktikada tutulypdyr.

1980-nji ýyllarda Owganystana çozup giren sowetleriň garşysyna alnyp barlan uruşda Jalaluddin Hakkani bilen ýaranlyga giren Birleşen Ştatlar 2012-nji ýylda onuň guramasyny terroristik topar diýip yglan etdi. Bu gurama 2001-nji ýyldan bäri NATO-nyň we owgan hökümetiniň garşysyna uruş alyp barýardy.

Hafiz Abdul Raşid Omari hem ozal Guantanamo türmesinde oturan we häzir “Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň ýokary derejeli agzasy bolan Muhammad Nabi Omariniň dogany.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG