Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pagta plany dolandygy aýdylan Türkmenistanda býujet işgärlerinden pul ýygnamak we olary mejbury ýygyma çekmek işleri dowam edýär


TDH-nyň suraty. Pagtaçylar.

Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda döwlet pagta plan borçnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi resmi derejede yglan edilse-de, ýurduň dürli regionlarynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden “ýygym üçin” pul ýygnamak, olary mejbury ýygyma çekmek işleri dowam edýär. Harbylara ýatymlaýyn mejbury pagta ýygdyrylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 12-nji noýabrda habar berdi.


Azatlygyň maryly habarçysy welaýatyň käbir edara-kärhanalarynda işgärlerden “pagta ýygym üçin” diýlip, pul ýygnalýandygyny habar berýär. Onuň sözlerine görä, bu mejbury çäre işgärleriň arasynda nägilelige sebäp bolýar.

“Şu gün irden ‘Marygazçykaryşyň’ işgärlerinden adam başyna 100 manat möçberinde pul ýygnadylar” diýip, habarçy sişenbe güni iberen maglumatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, dilden görkezme esasynda öz garamagyndakylardan pul ýygnaýan edaranyň degişli ýolbaşçylary nägilelik bildiren işgärlere haýbat atýar.

“Gaz edaranyň işgärleri nägile bolýandyklaryny aýdýarlar” diýip, habarçy nygtaýar.

Ýöne edaranyň ýolbaşçylary işgärlerden “döwletiň ähli guramaçylyk işlerine gatnaşmagy, muňa razy bolmadyk işgärleriň işden boşamak üçin arzalaryny ýazmagy” talap edýär.

8-nji noýabrda döwlet metbugaty beýleki welaýatlar bilen bir hatarda Mary welaýatynyň döwlet pagta plan borçnamasyny ýerine ýetirendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Balkan welaýatynyň käbir etraplarynda-da býujet işgärlerinden “pul ýygnamak”, işgärleri we gullukçylary ýatymlaýyn ýygyma çekmek işleriniň güýçli depginde dowam edýändigini habar berýär.

Serdar etrabynyň etrap merkezinde ýerleşýän bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärlerinden hem-de saglyk pudagynyň işgärlerinden gündelik adam başyna 30 manatdan pul ýygnalýar. Bu pudaklaryň ýolbaşçylary görkezilen puluň hasabyna işgärleriň öz deregine hakyna işçi tutuljakdygyny aýdýarlar. Pudagyň düzümindäki edaralarda zähmet çekýän beýleki gullukçylar pagta ýygyma ýatymlaýyn özleri gatnaşmaly bolýar.

Serdar etrabynda ýatymlaýyn pagta ýygyma mejbury çekilýän gullukçylaryň hatarynda mekdepleriň we keselhanalaryň tämizlikçileri, beýleki hojalyk işgärleri bar. Olaryň ençemesi bilen gürrüňdeş bolan habarçy ýatymlaýyn ýygyma çekilýän býujet işgärleri üçin döredilen ýaşaýyş şertleriniň amatsyzdygyny aýdýar.

Mejbury ýygymçylar Serdar etrabynyň Çerkezli, Tutly, Mämili obalaryna şeýle-de Magtymguly etrabynyň çetki obalaryna pagta ýygmaga äkidilýärler.

Mejbury ýygymçylar diňe bir býujet işgärleri bilen çäklenmeýär, eýsem harbylar hem ýygyma çekilýär.

“Serdar şäherindäki Harby dwizýanyň polklarynda gulluk edýän esgerler hem ýygyma çekilýär. Olara gowaça meýdanlarynda gurlan ‘palatkalarda’ ýatymlaýyn pagta ýygdyrýarlar” diýip, habarçy belleýär.

Balkan welaýatynyň döwlet harmanyna tabşyrmaly pagtasynyň möçberi beýleki welaýatlar bilen deňeşdireniňde ujypsyzdyr. Balkanly pagtaçylar döwlete 5 müň tonna pagta tabşyrmaly edildi.

8-nji noýabrda turkmen.news neşiri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde-de ýygym üçin mugallymlardan her hepdede üç gezek 15 manatdan pul ýygnalýandygyny habar berdi.

Bu ýyl Türkmenistan boýunça 550 müň gektar ýere gowaça ekildi. Döwlet metbugaty ýurt boýunça 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagtanyň ýygnalyp, bu ýylky plan borçnamanyň doly ýerine ýetirilendigini öňe sürýär.

Beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn ygtybarly çeşmesi oktýabryň aýagynda ýurduň gowaça meýdanlarynda pagta ýetmezçiligi bilen bagly beren maglumatynda bu ýyl ýurt boýunça planyň ýarpysynyň dolunjagynyň gümanadygyny mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG