Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

UFA UEFA-nyň beren maliýe serişdeleriniň maksada laýyk harçlanyp-harçlanmandygyny derňemegi soraýar


Hryhoriý Surkis
Hryhoriý Surkis

Ukrainanyň Futbol Assosiasiýasy (UFA) UEFA-nyň yň 380 million ýewro (418 million dollar) pul iýenlikde güman edilýän we häzir kanun çykaryjy bolan öňki prezidentiniň işini derňemäge çagyrdy.

Ukrainanyň Futbol Assosiasiýasynyň Facebook sahypasyndaky ýazgyda bellenmegine görä, assosiasiýa Derňewler baradaky döwlet býurosyna, Baş prokuratura, şeýle hem Içeri işler ministrligine ýüz tutup,Ýewropanyň futbol assosiasiýasy tarapyndan 1999-2006-njy ýyllaryň aralygynda Ukrainanyň futbol birleşmesi üçin göz öňünde tutulan 380 million ýewronyň maksada laýyk harçlanyp-harçlanmandygyny derňemegi sorapdyr.

Ukrainanyň Futbol Assosiasiýasy bu aýyplamalary Hryhoriý Surkisiň garşysyna 6-njy sentýabrda Germaniýanyň “Spiegel” žurnalynda çykan makalanyň esasynda bildirdi.

Žurnalyň UEFA-dan alan maglumatlara görä, 17 ýyla golaý döwrüň içinde, Ukrainanyň Futbol assosiasiýasy üçin göz öňünde tutulan ähli maliýe serişdeleri Hryhoriý Surkisiň dogany we “Dinamo Kiýew” futbol toparynyň öňki eýerleriniň biri bolan Ihor Surkise degişlidigi aýdylýan bir kompaniýanyň üsti bilen gidipdir.

Ihor Surkis “Spiegel” žurnalyna iberen emeýllerinde özüne bildirilýän aýyplamalary “esassyz” we “manipulatiw” diýip ret etdi.

Häzir Orsýetiň tarapdary bolan oppozision “Ýaşaýyş üçin platforma” atly partiýanyň kanun çykaryjysy bolan Hryhoriý Surkis şu döwürde 15 ýyllap UEFA-nyň ýerine ýetiriji agzalarynyň biridi. Ol 2000-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli hem Ukrainanyň milli futbol assosiasiýasynyň prezidenti bolup işledi. Munuň 8 ýyly UEFA-nyň ýokary derejeli işgäri hökmünde geçdi.

“Dinamo Kiýew” “Speigel” žurnalyna futbol klubynyň Hryhoriý Surkis ýaly adamlaryň üsti bilen UEFA-nyň maliýe bölümine täsir edip-etmändigi baradaky soraglar “tutuşlygyna çaklamalara esaslanýar” diýdi.

UEFA sporty ösdürmek we ilerletmek, jynsparazlyga garşy kampaniýalar we Ýewropa ýaryşlaryna gatnaşýan toparlar üçin milli futbol birleşmelerini wagtal-wagtal maliýe serişdeleri bilen üpjün edýär.

“Spiegel” žurnalynyň habarynda aýdylmagyna görä, Ýewropanyň futbol assosiasiýasy özüniň Karribikdäki salgyt behişti hasaplanýan British Virgin Islandsde hasaba alnan “Newport Management Limited” atly kompaniýa pul töleýändigini 2016-njy ýylda bilip galypdyr.

2002-2016-njy ýyllaryň aralygynda UEFA bu kompaniýanyň Şwesariýadaky bank hasabyna 400 gezek pul töläpdir. Bu pullar soňra hem Kipr Bankyna geçirilipdir.

“Speigel” žurnaly UEFA-nyň tölän pullary baradaky dokumentleriň esasynda bu bank hasabynyň “Dinamo Kiýew” klubunyň adyna aýlyklary tölemek we pul geçirmek üçin, Newport tarapyndan ulanylýandygyny” anyklapdyr.

UFA bir beýannamada 2015-nji ýylda UEFA-dan Ukrainanyň futbol birleşmesi üçin tölenýän puluň “daşary ýurtlardaky kompaniýalaryň üsti bilen däl-de, göni” özüne berilmegini sorandygyny aýdýar.

“Spiegel” žurnalynyň bellemegine görä, UEFA-nyň kanuny direktory Alasdair Bell UFA-nyň 2015-nji ýylyň martynda UEFA faks iberendiginden habarly edildi. Onda aýdylyşy ýaly, UFA tölegleriň Newportyň üsti bilen iberilmeginiň togtadylmagyny soraýar.

Bell german žurnalyna şeýle ýazypdyr: “Eger şu UEFA iberilen hakyky faks bolsa ... biz tarapdan hem hiç haçan jogap berilmedik bolsa, onda käbir soraglar döreýär. Şol wagtlarda iki bilen ikini goşup bilýän adam “Dinamo Kiýewiň” prezidentiniň UEFA-nyň ýerine ýetiriji agzalarynyň biridigini ýatlamaly? Ýa-da, belki, ýatlamaly däl”.

UFA Newportyň üsti bilen pul tölenmeginiň UEFA-da müdüriýet çalşanyndan soňra bes edilendigini aýdýar. Ýöne bu işiň anyk haçan bolandygy aýdylmaýar.

UEFA german žurnalyna 2015-njy ýylyň mart aýynda UFA-dan beýle bir faksyň gelip gowşandygy hasaba alynmandyr diýdi.

Ol şeýle hem bir komissiýa 2017-nji ýylyň maý aýyna çenli bolan töleg işlerini barlady, ýöne “UFA ýa-da UEFA-nyň işgärleri tarapyndan UEFA-nyň disiplinar düzgünleriniň bozulan ýerine gabat gelenok” diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG