Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sinjiaňly gazaklar gazak häkimiýetlerini Hytaýda tussag edilen garyndaşlaryny azat edişmäge çagyrýar


Etniki gazaklar. Sinjiaň. Arhiw suraty

Hytaýyň demirgazyk-günbatar sebitinden bolan onlarça etniki gazak Gazagystany öz garyndaşlarynyň azatlyga goýberilmegi üçin kömek bermäge çagyrdy, olar hossarlarynyň “gaýtadan terbiýeleýiş lagerleri” diýilýänlerde tussaglykda saklanylýandygyny aýdýarlar.

27-nji noýabrda Nur-Soltanda bolan metbugat ýygnagynda ozalky hytaý tussaglarynyň birnäçesi žurnalistlere özleriniň Sinjiaňdaky gaýtadan terbileýiş lagerlerinde başdan geçiren tejribelerini gürrüň berdiler. Olar özleriniň bu lagerlerde ýyllap saklanandyklaryny aýtdylar.

Ozalky tussaglar özleriniň urlup-ýenjilendiklerini, gynalandyklaryny we käte, goşmaça jeza çägesi hökmünde, birnäçe günläp demir kapasalarda saklanandyklaryny, ol ýerde tä çykarylýançalar dyza çöküp durmaly bolandygyny gürrüň berdiler.

Ýewropa gazak forumynyň başlygy Ömürhan Altyn gazak häkimiýetlerini “Sinjiaňdaky etniki gazaklary gorap bilmezlikde... we şu günki metbugat ýygnagyna gatnaşmak baradaky çakylygy görmezlige salmakda” tankyt etdi.

Gazagystandaky german, britan we ABŞ ilçihanalarynyň wekilleri bu metbugat ýygnagyna gatnaşdylar.

Gazagystandaky hytaý ilçisi Zhang Xiao 27-nji noýabrda Azatlyk radiosyna Sinjiaňdaky tussaghanalarda etiniki gazaklaryň bendilikde saklanylýandygy barada berilýän maglumatlar “galp” diýdi.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargap, Gazagystan garaşsyzlyk gazanandan soň, Sinjiaňdaky we beýleki ýerlerdäki etniki gazaklaryň köpüsi Gazagystanyň etniki gazaklary ýurtda gaýtadan ýerleşdirmek programmasyndan peýda tapdy.

Olaryň köpüsi Gazagystandan hemişelik oturym aldy ýa-da gazak raýatlygyna eýe boldy. Ýöne olar garyndaşlaryny görmek ýa-da býurokratik sebäpler esasynda Sinjiaňa yzygiderli baryp-gelmegi dowam etdirýärler.

BMG-niň Adam hukuklary resmileri geçen ýylyň awgustynda 1 million çemesi musulmanyň, esasan sinjaiňlay uýgurlaryň Hytaýdaky “terrorizme garşy merkezlerde” saklanylýandygyny, ýene millionlarça adamyň bolsa gaýtadan terbileýiş lagerlerinde mejbury saklanylýandygyny aýtdy.

Uýgurlar Hytaýda iň uly etniki azlyk bolup durýar, olardan soň gazaklar gelýär. Şeýle-de bu regionda etniki gyrgyzlar, tatarlar we dunganlar hem diýip bilinýän hueýler kowçum bolup ýaşaýar.

Hytaýyň Sinjiaňdaky ikinji uly etniki jemagaty han hytaýlylary bolup durýar.


Soňky aýlarda Hytaýdan bolan gazagystanly ýaşaýjylar Almatyda, Nur-Soltanda Pekiniň Sinjiaňdaky syýasatlaryna garşy birnäçe ýygnanyşyk geçirdi. Bu mesele Gazagystan üçin ynjyk mesele bolmagynda galýar.

Hytaý Gazagystanyň esasy söwda hyzmatdaşy bolup durýar, döwlet kontrollygyndaky gazak mediasy Sinjiaňdaky içerki tussaghanalar barada maglumat bermekden umuman gaça durýar.

Şuňa meňzeş protestler Gyrgyzystanda, Orsýetiň Tatarystan sebitinde hem geçirildi. Tatarystanda häzir sinjiaňly iki dogan, Şahrizat we Şahdiyar Şawkat ýerli häkimiýetleriň özlerini Hytaýa deportasiýa etmek hakynda çykaran kararyna garşy göreşýär.


Doganlar Sinjiaňdaky ene-atalary gaýtadan terbileýiş lagerlerine iberilip, ogullarynyň okuw puluny töläp bilmänsoň, özleriniň Tatarystandaky uniwersitetden okuwdan çykarylandyklaryny aýdýarlar. Şeýle-de doganlar, eger Sinjiaňa gaýdyp barsalar, özlerine hem ene-atalarynyň ykbalynyň garaşýandygyny aýdýarlar.

Hytaý ol desgalaryň içerki tussaghanalardygyny ret edýär we olary “terrorçylygyň we ekstremizmiň ýetirýän zyýanyna açyk düşünmäge kömek etmek üçin gurlan bilim we tälim jaýlary" diýip atlandyrýar.

Teswirleri gör (1)

XS
SM
MD
LG