Ýewropa parlamentiadam hukuklary üçin Saharow baýragyny uýgur intellektualy, Hytaýda “separatizm” aýyplamalary esasynda ömürlik tussag edilen Ylham Tohtä bermek kararyna geldi. AFP bu maglumaty parlamentdäki çeşmelerine salgylanyp habar berdi.
Pekin uniwersitetiniň ozalky ykdysatçy professory we açyk gürleýän Tohti 2014-nji ýylda hytaý sudlary tarapyndan “separatizmde” günäli tapylyp, ömürlik tussaglyga höküm edildi. bu höküm daşary ýurt hökümetleriniň we adam hukuklary guramalarynyň giňden ýazgarmasyna sebäp boldy.
Bäşinji gün 50 ýaşy dolýan Tohti sentýabrda Ýewropanyň iň ýokary adam hukuklary baýragyna – Waslaw Hawel sylagyna hem mynasyp boldy. Ol bu sylaga “tutuş uýgur halkynyň sesine öwrülendigi” üçin mynasyp görüldi.
Ol “uýur azlygynyň ýagdaýyny gowulandyrmak we Hytaýda etnigara dialogy we düşünişmegi ilerletmek üçin 20 ýyldan gowrak işledi” diýip, Ýewropa geňeşi, Ýewropanyň iň ýokary hukuk guramasy Tohtini Waslaw Hawel baýragyna hödürländen soňra aýtdy.
Tohti 2014-nji ýylyň ýanwarynda tussag edilmezinden öň UighurOnline websaýtyny döretdi we uýgurça we hytaýça sosial meseler barada makala ýazdy.
Ol sebitdäki etniki dartgynlyklara ünsi çekýän aram ses hökmünde meşhurlyk gazandy we Pekin uniwersitetinde sapak berdi.
Hukuk toparlary we ekspertler bir milliondan uýguryň we beýleki musulman azlyklarynyň Sinjioaňdaky içerki lagerlere ýerleşdirilendigini aýdýarlar.
Demirgazyk-günbatar sebitiň häkimiýetleri örän giň gerimli gözegçilik ulgamyny, ýokary tehnologiýa usullaryny -ýüz keşbinden adamyň şahsyýetini kesgitleýän kameralary, wifi snifferlerini we adamlaryň öýlerine barmagy ulanyp, berk gözegçiligi ýola goýdular diýip, HRW aýdýar.
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän media gözegçiligi guramasynyň, Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň maglumatyna görä, Tohtiniň websaýty ol tussag edilende ýapyldy. Tohti ondan öň, 2009-njy ýylda hem, Sinjiaňda bolan etniki zorluklar arasynda, uýgurlaryň tussag edilişi we öldürülişi hakynda ýazandan soň tussag edildi diýip, “Amnesty International” guramasy aýdýar.
Hytaýyň Daşary işler ministrligi Tohtini “öte terrorçylygy goldaýan separatist” diýip atlandyrdy.
Hytaýyň uýgurlara çemeleşmesiniň barha köp derňelip başlanmagy bilen, ABŞ kanun çykaryjylary Tohtini Nobel parahatçylyk baýragyna hödürlediler.
Birleşen Ştatlar şu aýda Hytaýyň Sinjiaňdaky repressiw syýasaty bilen ilteşikli 28 guramasyny gara sanawa saldy, şeýle-de uýgurlaryň, gazaklaryň we sebitiň beýleki azlyklarynyň bikanun tussaglykda saklanmagy bilen bagly hytaý resmilerine wiza çäklendirmeleriniň giriziljekdigini aýtdy.