Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Apple käbir tilsimlerinde Ukrainanyň Krym ýarymadasyny Russiýanyň bir bölegi edip görkezýär


Apple özüniň käbir tilsimlerinde Ukrainanyň Krym ýarymadasyny Russiýanyň bir bölegi edip görkezýär. Bu ädim Russiýanyň kanunçykaryjylary tarapyndan Birleşen Ştatlaryň ägirt tehnologiýa kompaniýasynyň öňki “ýalňyşynyň” düzedilmegi diýlip gowy garşy alnan bolsa, munuň Kiýewi gaharlandyrjagy şübhesizdir.

Şol bir wagtda, 27-nji noýabrda Apple Maps we Weather tilsimlerinde Ukrainanyň Gara deňizdäki ýarymadasynyň rus territroriýasy ýaly edilip, diňe Russiýadaky ulanyjylar üçin görkezilýändigi mälim boldy.

Bu tilsimler Birleşen Ştatlarda, Ukrainada we Ýewropanyň käbir böleklerinde ulanylanda, ýarymadanyň töwereginde hiç hili halkara serhetleri görkezilmeýär.

Google Maps tilsimi ulanylanda-da, şunuň ýaly bitarap netije peýda bolýar, ýagny onda Krym ýarymadasynyň ne Russiýa, ne-de Ukraina degişlidigi görkezilýär.

Russiýa ýarymada goşun salyp, möhüm desgalary ele salandan we azyndan 100 ýurt tarapyndan bikanun diýlip yglan edilen referendumy geçirenden soň, 2014-nji ýylyň martynda Krymyň kontrollygyny öz gözegçiligine geçirdi.

“Biz dawaly regionlary obýektiw beýan etmek üçin bar tagallany edýäris. Biz Google Maps tilsiminiň ýerli wersiýalarynda atlary we serhetleri görkezenimizde, ýerli kanunçylygy yzarlaýarys” diýip, Google kompaniýasynyň metbugat wekili “Tech Crunch” žurnalyna beren maglumatynda aýtdy.

Moskwa Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýçlerine garşy söweşýän separatistleri hem goldaýar. Gündogar Ukrainadaky bu uruşda 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 13 müňden gowrak adam öldi.

Waşingtondaky ukrain ilçihanasy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Apple kompaniýasyna hat iberilendigini we onda Krymdaky ýagdaýyň düşündirilýändigini hem-de ýarymadanyň tilsimlerde şekillendirilişiniň düzedilmeginiň talap edilýändigini aýtdy.

Ukrainanyň daşary işler ministri Wadym Prystaýko Krymyň ukrain territoriýasydygyny tassyklamak üçin Twitterde Apple kompaniýasyna ýüzlendi.

“Apple, maňa siziň nukdaýnazaryňyzdan düşündirmäge rugsat beriň. Göz öňüne getiriň, siz öz dizaýnlaryňyzyň we ideýalaryňyzyň, ençeme ýyllyk zähmetiňiziň we ýüregiňizden bir bölegiň iň ganym duşmanyňyz tarapyndan ogurlanandygyny aýdyp, gan aglaýaňyz. Soňra kimdir biri siziň çekýän jebriňizi äsgermeýär. Siz Krymy rus territoriýasy diýip atlandyranyňyzda, şeýle duýulýar” diýip, ukrain daşary işler ministri aýtdy.

27-nji noýabrda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti beýanat ýaýradyp, onda Krym ýa-da onuň kartada şekillendirilişi baradaky dawa agzalmazdan, “Ukrainanyň territorial bitewüligine we özygtyýarlygyna üýtgewsiz goldaw” ýene bir gezek tassyklandy.

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Howpsuzlyk we korrupsiýa garşy göreş baradaky komitetiniň başlygy Wasiliý Piskarýow Apple kompaniýasynyň ädimini gowy garşy alyp, “olar [öz hyzmatlaryny] rus kanunçylygyna gabat getirdiler” diýdi.

“Howa maglumatlaryny berýän tilsimde Krymyň şäherlerini görkezmek bilen bagly näsazlyk aradan aýryldy” diýip, Piskarýow žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.

Düýbi Kaliforniýada ýerleşýän Apple kompaniýasy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň kommentariý almak synanyşyklaryna häzirlikçe jogap bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG