Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň Stambuldaky ozalky wekili tussag edildi


Erkin Sopokow
Erkin Sopokow

Gyrgyzystanyň Stambuldaky ozalky baş konsuly Erkin Sopokow Bişkekde tussag edildi. Onuň awtoulagynyň şu aýyň başynda Stambulda janyna kast edilen sinjiaňly telekeçiniň atylyp öldürilen ýeriniň golaýyndan tapylandygy aýdylýar.

Gyrgyzystanyň döwlet milli howpsuzlyk komiteti onuň tussag edilendigini 28-nji noýabrda, Sopokow bu wezipeden boşadylandan iki hepde soňra yglan etdi.

Aýerken Saýmaýti 10-njy noýabrda Stambulda öli tapyldy. Sinjiaňly etnik uýgur öldürilmezinden öň Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň, Guramaçylykly jenaýatlar barada maglumat berýän guramanyň we Kloop habar saýtynyň bilelikde geçiren derňewleri üçin Gyrgyzystandan 700 million çemesi dollaryň bikanun çykarylyşy hakynda maglumat berdi.

Gyrgyzystanyň Baş prokuratura edarasy 22-nji noýabrda bu derňew netijesinde habar berlen maglumatlary, hususan-da “nämälim adamlaryň Saýmaýtä gaýta-gaýta ölüm haýbatyny atandyklary we munuň ony Türkiýä gaçmaga mejbur edendigi” barada aýdylýanlary derňemek üçin jenaýat işini açdy.

Türk mediasy Saýmaýtiniň awtoulagynyň “galp” belgiler bilen Gyrgyzystanyň konsullygynda hasaba alnandygyny habar berdi.

Emma muňa garamazdan, gyrgyz Daşary işler ministrligi 12-nji noýabrda bu awtoulagyň Sopokowa degişli bolandygyny we onuň diplomatik ygtyýarnamasynyň konsullykda kanun esasynda hasaba alnandygyny aýtdy.

Sopokow wezipeden boşadylyp, Gyrgyzystana dolanandan soňra tussag edildi. Ol Saýmaýtä we beýlekilere ulagy sürmäge rugsat berendigi üçin wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda güman edilýär. Şeýle-de, ol bikanun baýamakda aýyplanýar.

Gyrgyzystanyň döwlet milli howpsuzlyk komitetiniň maglumatyna görä, Saýmaýti medianyň geçiren derňewinde parahorlugy we pul ýuwmagy ýeňilleşdirmekdäki roluny boýun alyp, giň gerimli korrupsiýa shemasyna täsirli öňki gümrük resmisiniň gatnaşygyny öňe sürenden soňra derňew işi başladyldy.

Maý aýynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna Saýmaýtä we beýleki gyrgyz kompaniýalaryna degişli bank hasaplary arkaly azyndan $250 millionyň Gyrgyzystandan daşary ýurtlara çykarylandygyny tassyklaýan resminamalar gelip gowuşdy.

AÝ/AR-nyň habaryndan soňra, Gyrgyzystanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugy gyrgyz häkimiýetleri tarapyndan, olaryň sözüne görä, maliýe gaplygynda gözlenýän Saýmaýtiniň, onuň aýaly Wufuli Bumailiamunyň we “Abdyraz” atly kompaniýanyň 11 sany bank hasaby arkaly Gyrgyzystandan daşary ýurda $646 milliondan gowrak pul serişdesini iberendigini tassyklady.

Derňewde Saýmaýtiniň we onuň aýalynyň işleriniň gyrgyz kanunçykaryjysy Isgender Matraimowyň maşgalasy bilen baglanyşykly gyrgyz fondy bilen hamala, ilteşiklidigi hem aýdylýar.

Matraimow bu öňe sürmeleri ret edýär.

Türkiýäniň günortasyndaky Adana şäher polisiýasynyň başlygy Atilla Kylyç (Atilla Kilic) 12-nji noýabrda beren maglumatynda Saýmaýtiniň öldürilmegine gatnaşygy bolmakda güman edilýän iki gyrgyz raýatynyň – Husein Ahmataliýewiň we Abdullah Enweriň, şeýle-de Ali Sibeh atly siriýa raýatynyň tussag edilendigini mälim etdi.

Kylyçyň sözlerine görä, bu üç adam türk-siriýa serhedini geçmäge synanyşan mahaly, Adananyň golaýynda tussag edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG