Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ‘taryhy’ geçiriji arkaly Hytaýa gaz akdyryp başlady


Russiýanyň "Gazprom" kompaniýasynyň logotipi.
Russiýanyň "Gazprom" kompaniýasynyň logotipi.

Orsýet we Hytaý dünýäniň iň uly gaz eksportirleýjisi bolmak bilen ikinji uly ykdysadyýeti özara baglanyşdyrýan gaz geçirijini ýola goýmak arkaly energiýa ugrunda özara hyzmatdaşlygy berkitdiler.

“Bu gün diňe Orsýet we Hytaý üçin däl, eýsem global energiýa bazary üçin-de bir ajaýyp, hakyky taryhy waka” diýip, prezident Wladimir Putin 2-nji dekabrda telewideniýe baglanyşykly dabara mynasybetli eden çykyşynda aýtdy. Bu dabara Hytaýyň lideri Si Jinping-de gatnaşdy.

3000 kilometrlik “Sibir kuwwaty” atly geçiriji Orsýetiň Uzak Gündogardaky aşa uly gorlaryndan, Hytaýyň serhetine gaz akdyryp başlady. Ol bu ýerden hem Hytaýyň öz ulgamyna çatylyp, barha artýan energiýa zerurlyklaryny doldurmaga kömek eder.

Si geçiriji “biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky iki tarapa-da peýdaly hyzmatdaşlygyň ... nusgasy bolup hyzmat edýär” diýdi. Ol soňra hem Hytaý-Orsýet gatnaşyklarynyň ösmegi “biziň iki ýurdumyzyň-da daşary syýasatynda ileri tutulýan mesele bolar” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Bu proýekt Orsýetiň döwlet kompaniýasy “Gazprom” bilen Hytaýyň Milli nebit korporasiýasy CNPC arasynda 2014-nji ýylda baglaşylan 400 milliard dollarlyk ylalaşykdan gözbaş alýar. Ylalaşykda Hytaýy otuz ýyllap, ýylda 38 milliard kub metr gaz bilen üpjün etmek göz öňünde tutuldy.

Gaz bahasynyň şertleri hakda CNPC ýa Gazprom tarapyndan berlen maglumat ýok, ýöne onda “al ýa töle” diýen madda ýok. Şeýlelikde, bazar töwekgelçiligi ýüki Hytaý kompaniýasynyň boýnuna düşýär.

“Sibiriň kuwwaty” atly geçirijä Moskwanyň Ukrainadaky hereketleri sebäpli Günbatar tarapyndan girizilen maliýe sanksiýalarynyň täsirini ýeňletmek üçin edilýän synanyşyk diýip garalýar.

Putin üstümizdäki ýyl Hytaý bilen bolan söwdanyň möçberi 100 milliard dollara barar diýdi. 2018-nji ýylda bolsa 87 milliard dollar möçberindedi.

2-nji dekabrda Hytaýyň lideri Si hem iki taraplaýyn söwda möçberi 2024-nji ýyla ýetmän 200 milliard dollar bolar diýdi.

Gaz geçirijisi boýunça Orsýetiň ýene iki proýekti bar. Ukrainadan sowa geçýän bu proýektler basym ulanyşa berlip, Ýewropany gaz bilen üpjün eder.

Planlaşdyrylyşyna görä, “Türk akymy” 8-nji ýanwarda öz işine başlar. Onuň bir liniýasy Türkiýä, beýlekisi hem günorta-gündogar Ýewropa gidýär.

Liniýalaryň her biriniň akdyrýan gaz mukdary ýylda 15,75 milliard kub metr bolar.

Planlaşdyrylyşyna görä, ýylda 55 milliard kub metr gaz akdyrmaga güýji bolan “Demirgazyk akym 2” hem öňümizdäki ýylyň birinji çärýeginde ulanyşa berler.

Bu geçirijiniň gazy Baltika deňziniň aşagyndan Ýewropa akdyrylýan gazyň üstüne goşulyp, Germaniýanyň gaz üpjünçiligini iki esse artdyrar.

AFP habar gullugynyň maglumatyna görä, 10,6 milliard dollarlyk proýektiň ýarpysyny Gazprom, galanyny bolsa, onuň ýewropaly ýaranlary – Germaniýanyň Winterşal we Uniper, Agliýa-Golland Şel, Fransiýanyň Engie we Awstriýanyň OMW – maliýeleşdirýär.

Günbatara gönükdirilen bu iki proýekt Ukrainanyň giň gaz geçiriji ulgamynyň esasan ulanyşdan galmagyna getirer.

Birleşen Ştatlar, şeýle hem gündogar we merkezi Ýewropa ýurtlary, aýratyn-da Ukraina “Demirgazyk akym - 2” geçirijisini tankytladylar. Olar bu geçiriji Ýewropany Orsýetiň energiýa üpjünçiligine garaşly eder, Moskwanyň syýasy basyş üçin muny ulanmagy mümkin diýýärler.

Ukrainanyň Orsýet bilen bolan gaz tranzit şertnamasynyň möhleti bolsa şu ýylyň aýagynda tamamlanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG