Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rysgalbank: Manatda bank hasabyny açdyrmak üçin başlykdan rugsat almaly


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň käbir banklarynda raýatlar manatda bank hasaplaryny açdyryp bilmän kösenýärler diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Ýurduň döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň töleglerini bank kartlary arkaly amala aşyrmak talabynyň güýçlenmegi bilen, şu günler işlemeýän raýatlaryň arasynda bank hasaplaryny açdyrmaga synanyşýanlar köpeldi. Düýn döwlet edarasynda işlemeýän bir tanşym Rysgalbankda täze bank hasabyny açdyrmakçy boldy. Ýöne bank işgärleri oňa häzir ýerli bank hasabyny açyp bolmaýandygyny aýtdylar. Munuň sebäplerini düşündirmediler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonim şertde söhbetdeş bolan habarçy 3-nji dekabrda gürrüň berdi.

“Türkmenistanyň döwlet ösüş bankynda hem şuňa meňzeş jogaby berdiler. Ýöne ‘Türkmenistan’ bankda bank hasabynyň 10 günüň dowamynda taýýar boljakdygyny aýtdylar” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosy raýatlaryň manatda bank hasabyny açdyryp bilmezliginiň sebäpleri bilen gyzyklanyp, Rysgalbank bilen habarlaşdy. 3-nji dekabrda telefona jogap beren, adyny aýtmakdan saklanan bank resmisi raýatlaryň bank hasabyny açdyrmak üçin “başlygyň ýanyna girip rugsat almalydygyny” aýtdy.

Banka baranyňda ýanyň bilen haýsydyr bir resminamany eltmelimi diýip soralanda, bank resmisi “hiç zat getirmeli däl. Ilki gelip başlykdan rugsat almaly. Soň onuň özi hemme zady aýdýar” diýip jogap berdi.

Bank resmisi “raýatlar bank hasaby açdyrjak bolsa, hemmesi başlygyň ýanyna girip rugsat almalymy?” diýlen soraga, “men bu zatlar barada telefonda jogap berip biljek däl” diýip, telefony taşlamak bilen boldy.

Azatlyk Radiosyna ýurduň galan banklarynda ýagdaýyň nähilidigini anyklamak häzirlikçe başartmady. Şeýle-de, munuň wagtlaýyn çäremi ýa däldigini hem-de bolaýmagy mümkin sebäplerini-de anyklap bolmady.

Galyberse-de, bu mesele barada​ "Rysgalbankyň" we Türkmenistanyň döwlet ösüş bankynyň resmi websaýtlarynda-da maglumat berilmeýär.

15-nji noýabrda Azatlygyň habarçylary döwlet dükanlarynda gyt harytlaryň nagt pula satylmagynyň bes edilendigini, tölegleriň diňe bank kartlary esasynda kabul edilýändigini habar beripdi. Şonda habarçylar bu talabyň ilat arasynda nägilelik döredip, howatyrlanmalary artdyrandygyny aýdypdy.

Türkmenistanda raýatlaryň zähmet, pensiýa we talyp haklaryny, döwlet kömek pullaryny we beýleki töleglerini olaryň bank hasaplaryna geçirmek işleri soňky 6 ýyla golaý wagtyň dowamynda tapgyrlaýyn esasda amala aşyryldy.

Şol bir wagtda, ýurtda girdejilerini nagt görnüşde alýan raýatlar hem bar. Olaryň hataryna ýaşy 70-den geçen pensionerler we maýyplyk sebäpli kömek pullaryny alýan raýatlar girýär. Şeýle-de, ýurtda işlemeýän ýa-da öýde tikin-çatym edip gazanç edýän raýatlar hem bar.

Türkmenistanda azyk önümleriniň nagt pula satylmagynyň çäklendirilmegi ýurtda ýumurtga, ýag, un we çörek ýaly esasy azyk önümleriniň ilata örän çäkli görnüşde satylýan we bankomatlarda nagt pul ýetmezçiliginiň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG