Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO liderleri ýaranlygyň düýbüniň tutulmagynyň 70 ýyllygyny bellemek üçin Londonda duşuşýar


NATO liderleri 29 agzaly harby ýaranlygyň 70 ýyl mundan ozal düýbüniň tutulmagyny bellemek maksady bilen iki günlük sammit üçin, Londona ýygnanýar.

Goranyş harajaty baradaky çekişmeler, Siriýa babatyndaky syýasat, şeýle-de Fransiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky dawa-jenjel iki günlük duşuşygyň taýýarlyk işlerine garaňky saldy.

Häzirki dartgynlyklara garamazdan, ýaranlygyň baş sekretary Ýens Stoltenberg NATO “taryhda iň üstünlikli ýaranlyk” diýip, “CNN” telekanalyna duşuşykdan öň beren interwýusynda ýaranlaryň “dünýäniň üýtgemegi bilen öwran-öwran üýtgemegi başarandygyny” aýtdy.

NATO-nyň çykdajylary baradaky düzgünleriň ýerine ýetirilmegi üçin, beýleki agzalara basyş eden Amerikan prezidenti Donald Tramp Londona gelip düşeninden birnäçe sagat soňra ýaranlygyň roluny gorap, NATO “uly maksada hyzmat edýär” diýdi.

Demirgazyk Atlantik Ylalaşyk Guramasy 1949-njy ýylda Sowet Soýuzynyň ýaýbaňlanmagyndan gözbaş alýan gorkynyň içinde kollektiwleýin goranyş prinsipleri esasynda Birleşen Ştatlar, Kanada we Ýewropanyň 10 döwleti tarapyndan guruldy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp ýaranlygyň harajat düzgünlerini ýerine ýetirmekleri üçin, beýleki agza döwletlere gaty basyş edipdi.

Geçen aý Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň NATO-ny “beýnisi öli” diýip suratlandyryp, ýaranlygyň içinde syýasy we strategik utgaşyklyk ýok diýip nägilelik bildirmegi beýleki ýaranlaryň berk tankydyna uçrady.

Makron özüniň Ýewropadaky durnuklylygyň esasy kepillendirijisi bolan Birleşen Ştatlaryň trans atlantik ýaranlygyna bolan ygrarlylygynyň peselýändigini görýändigini aýtdy. Ol bu barada Waşingtonyň oktýabr aýynda demirgazyk Siriýadan öz güýçlerini çekmezden öň ýaranlar bilen geňeşmändigine salgylandy.

Birleşen Ştatlaryň çekilmegi NATO agzasy Türkiýäniň Ankara tarapyndan terroristler diýip tanalýan kürt ýarym harbylarynyň kontrollygyndaky regionlara girmegine ýol açyp, Türkiýe bilen ýaranlygyň beýleki agzalarynyň arasyndaky pikir tapawutlarynyň güýçlenmegine getirdi.

Tramp Londonda Stoltenberg bilen bilelikde metbugata beren beýanatynda Makronyň NATO-ny “beýnisi öli” diýip häsiýetlendirmegine “gaty kemsidiji” diýip, bu beýanaty “esasan 28 döwlet üçin gaty, juda ýaramaz beýanat” diýip atlandyrdy.

29-njy noýabrda türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan hem Makrony berk tankytlap, fransuz lideri “öz beýnisiniň ölüdigini barlatmaly” diýip, ony terrorizm boýunça “näsag we ýüzleý düşünjelilikde” aýyplady.

3-nji dekabrda Erdogan ýaranlyk Türkiýäniň terroristler diýip garşysyna söweş alyp barýan toparlaryny terroristler diýip ykrar etmedik halatynda, Ankaranyň ýaranlygyň Baltik döwletleriniň goranmagy baradaky planyna garşy çykjakdygyny aýtdy.

“Türkiýä ýetirilmeli habar ... biziň bu jogap planlarynda ilerlemegimiz, ony olaryň öz aýratyn aladalary bilen togtadyp bolmaz” diýip, Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Mark Esper “Reuters” habar gullugyna aýtdy.

Stoltenberg 3-nji dekabrda çap bolan bir interwýuda NATO Polşa ýa Baltik döwletlerine bolan her bir hüjüme jogap gaýtarar diýidi.

“NATO güýçleriniň Polşada we Baltik döwletlerinde bolmagy bilen biz Orsýete gaty güýçli signal iberýäris – Polşa ýa Baltik döwletlerine hüjüm edilse, tutuş ýaranlyk oňa jogap gaýtarar” diýip, Stoltenberg gazetlere beren interwýusynda aýtdy.

Türkiýe Orsýetden çylşyrymly howa-goranyş ulgamyny satyn almagy üçin hem tankytlandy. Onuň bu hereketi Birleşen Ştatlaryň sanksiýa girizmek bilen haýbat atyp, Ankarany F-35 uruş uçaryna degişli programmadan çykarmagyna getirdi.

Geçen hepdede Stoltenberg “birnäçe ýyl mundan ozal diňe üç ýaran bolan bolsa”, indi NATO ýaranlarynyň dokuzynyň jemi içerki önümiň 2 prosentine deň bolan çykdajy maksadyny amala aşyrýandygyny aýtdy.

Stoltenberg 29-njy noýabrda Ýewropa ýaranlary bilen Kanadanyň Trampyň prezident saýlanan ýyly bolan 2016-njy ýyldan bäri 2020-nji ýyla ýetirmän eden artykmaç çykdajylary 130 milliard dollara barar diýdi.

Tramp 2-nji dekabrda bir tweetde ýaranlaryň harajaty ýokarlandyrmagyny taryplap, şeýle ýazdy: “Men saýlanmazdan öň 30 ýylyň içinde NATO harajaty üçden iki essä aşaklady, NATO-nyň diňe üç sany beýleki agzasy maliýe borçlaryny ýerine ýetirdiler. Men wezipe başyna gelelim bäri NATO ýaranlygynyň agzalary öz borçlaryny iki esseden hem köpräk edip töleýärler, NATO-nyň harajaty 130 milliard dollar artdy”.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG