Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň polisiýasy saklanan raýatlary sakgally we sakgalsyz surata düşürýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda polisiýa işgärleriniň sakgaly ösen erkekleri awlamak çäresi tamamlanmaýar. Sen ýaş we sakgalyňy syrmaga wagtyň ýokmy? Onda sen polisiýa işgärleri üçin potensial awa öwrülýärsiň diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri habar berýär.

“Aşgabadyň dürli ýaşaýyş massiwlerinde, köçelerde sakgally ýaşaýjylara garşy reýdler yzygiderli geçirilýär. Bir ýa-da iki hepde sakgalyny syrmadyk erkekleriň ählisini iň golaýdaky polisiýa bölümine alyp gidýärler. Bu ýerde olary ösen sakgaly bilen surata düşürýärler. Soňra olara bir gezeklik ulanylýan päkini berýärler. Şondan soňra-da olary gaýtadan sakgalsyz surata düşürýärler” diýip, neşir özüniň ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 1-nji martda habar berdi.

Neşiriň bir çeşmesiniň tassyklamagyna görä, bu çäre Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan ýurduň polisiýa işgärlerine paýtagtda sakgally adamlaryň sanyny azaltmak boýunça ýörite plan kesgitlenendigini alamatlandyrýar.

“Saklanan adamlaryň sakgally we sakgalsyz suratlary planyň ýerine ýetirilýändiginiň gös-göni delili hökmünde hasabat üçin gerek ýaly bolup görünýär” diýip, neşir sakgalyny syrmadyk raýatlaryň saklanylmagy bilen bagly wakalaryň paýtagtyň 5-nji, 10-njy, 11-nji we 30-njy mikroraýonlarynda, şeýle-de “Parahat” etrapçalarynda ýüze çykandygyny hem belleýär.

Türkmenistanda murt, sakgal goýberýänlere, namaz okaýanlara basyş edilýändigi, şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň ýurduň Ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk edýän şahsy düzüme dini ybadatlary berjaý etmezligi tabşyrýandygy barada Azatlyk Radiosy indi iki ýyldan gowrak wagt bäri wagtal-wagtal habar berip gelýär.

Ýöne soňky aýlarda türkmen häkimiýetleri tarapyndan bu çäräniň güýçlendirilendigini Azatlygyň we garaşsyz habar serişdeleriniň ýurt içindäki habarçylary habar berýärler.

30-njy ýanwarda Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň ýüzünde diňe uzyn däl, eýse bir-iki günlük gyrçuw sakgaly bolan adamlary we ýaş oglanlary hem saklaýandygyny habar berdi.

“Organ işgärleri saklan adamlarynyň resminamalaryny we telefonlaryny alýarlar. Olar adamlary açyk meýdançada ýa-da başga ýerde sakgalyny syrmaga mejbur edýärler” diýip, habarçy aýdypdy.

Aşgabatda sakgal goýberýän adamlara garşy gözegçiligiň güýçlendirilendigini “Hronika Türkmenistan” neşiri hem habar beripdi.

“Polisiýa işgärleri sakgalyny syrmadyk ýaş adamlary polisiýa merkezlerine alyp gidýärler. Olar köplenç adamlary para bermäge mejbur edýärler. Polisiýa işgärleri saklanan adamlara diňe 100 manat berseler goýberjekdiklerini, ýogsa olara jerime saljakdyklaryny aýdýarlar” diýip, neşir 25-nji ýanwarda beren maglumatynda aýtdy.

8-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda namaz okaýan we il içinde dini agzaýan adamlaryň soraga çekilýändigini, polisiýa we Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň ilata aşa dinçilikden saklanmagy maslahat berýändiklerini, Azatlygyň habarçylary gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 18-nji maddasynda: “Her bir adam özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýär, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga..., dine bolan garaýyşlary bilen baglanyşykly ynam-ygtykatlaryny beýan etmäge we ýaýratmaga, dini däpler berjaý edilende gatnaşmaga haklydyr” diýilýär.

XS
SM
MD
LG