Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň daş-keşbi häkimiýetleriň üns merkezinde


Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň polisiýasy dellekhanalaryň işgärlerinden öz müşderileriniň saçlaryny moda görä ýörite görnüşde şekilli syrmak we bejermek işini etmejegi hakynda dil hatyny alýarlar diýip Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 21-nji ýanwarda habar berdi.

Mundan öň Aşgabadyň delleknalaryna müşderileriň sakgallaryny moda görä bejermek we erkekleriň başyny ýörite bir usulda şekilli syrdyrmak gadagan edilipdi.

Şeýle gadagançylyklary biri geçen ýylyň tomsunda peýda bolupdy. Şonda Aşgabadyň ýörite gözellik salonlarynda we erkekler üçin niýetlenen dellekhanalarynda erkek müşderileriň saçyny boýamak, şeýle-de saçyny ýaşlaryň arasynda meşhur bolan görnüşde şekilli syrmak gadagan edildi.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň paýtagtynda erkekleriň arasynda saçyny boýamak modasy soňky ýyllarda giňden ýaýrapdyr. Mundan öň saçyny boýanlaryň köpüsiniň daşary ýurtly kompaniýalaryň işgärleri, şeýle-de parikmaherleriň özleri, aýdymçy-sazandalar ýaly sungat işgärleri bolan bolsa, indi erkekleriň saçyny boýamagyň ýerli ýaşaýjylaryň arasynda-da has ýörgünli bolupdyr.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler häkimiýetler paýtagtyň ýaşaýjylarynyň daş keşbine gözegçiligini ýene-de güýçlendiripdir. Bu gözegçiligiň täsirini ilkinji nobatda-da döwlet işgärleri duýýarlar.

- Häzir döwlet edaralarynyň işgärleri babatynda demir we altyn dişleriniň gadagançylygy barada köp aýdylýar. Hatda çagalar baglarynyň işgärlerine-de demir diş sebäpli işden kowulmak haýbaty atylýar.

Habar berilýän bu gadagançylyklar baradaky maglumatlary resmi taýdan tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bolmady. Bu mesele ýurt resmileri tarapyndan hem açyk agzalmaýar, döwlet media serişdelerinde habar berilmeýär. Munuň sebäpleri düşündirilmeýär.

Şol bir gatda-da Türkmenistanda ilatyň daş-görnüşine degişli dürli gadagançylyklar, çäklendirmeler we talaplar häkimiýetler tarapyndan ýyllarboýy ýöredilýär.

Döwlet edaralarynyň işgärlerinden, okuw jaýlarynyň okuwçylaryndan keşdeli tahýa, aýal gyzlardan milli köýnek talap edilýär. Geçen ýylyň tomsunda aýal-gyzlardan mundan beýläk keşdeli balak ýagny milli aýak geýimi talap edilipdi.

Dürli ýyllarda ýurduň erkek ýaşaýjylarynyň altyn dişli, uzyn saçly we sakgally bolmagy gadagan edilipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG