Moskwa sudy meşhur rus bloggeri Ýegor Žukowy internetde ekstremizme meçew bermekde günäli tapyp, oňa üç ýyl şertli türme tussaglygy hökümini çykardy. Oňa garşy gozgalan jenaýat işi syýasy sebäpli diýlip ýazgaryldy.
Kuntsewo etrap sudy bu hökümi 6-njy dekabrda, Moskwanyň meşhur Ýokary ykdysadyýet institutynyň studenti Žukowyň ýüzlerçe goldawçysynyň günbatar Moskwadaky sud binasynyň daşynda toplanan wagtynda yglan etdi.
"Sud Žukowyň internet arkaly ekstremist işjeňligine açyk çagyryş edendigini anyklady” diýip, sudýa Swetlana Ukhnalewa aýtdy.
Žukow awgustda, geçen tomusda orsýetlileriň ýurduň repressiw syýasy sistemasyna garşy gurnan protestleri Moskwany gaplap alan wagtynda tussag edildi.
"Elbetde, bu gutarnykly ýeňiş däl. Hemmelere uly sagbolsun aýdýaryn” diýip, Žukow höküm yglan edileninden soňra aýtdy.
Žukow 4-nji dekabrda, sudda soňky sözüni aýtmak mümkinçiligi berlende, öz goldawçylaryna ýüzlenip, hyjuwly söz sözledi we Russiýanyň syýasy sistemasyny aýyplady.
Žukow 10%-lik ýokarky gatlagyň ýurt baýlygynyň 90%-ne eýedigini aýdyp, Russiýanyň häzirki syýasy sistemasynyň ykdysady deňsizlige sebäp bolup, adamzadyň gülläp ösmegi üçin islendik mümkinçiligi ýumurýandygyny aýtdy.
“Elbetde, olaryň arasynda örän hormatlanýan raýatlar hem bar. Ýöne bu baýlygyň aglaba bölegi adamlaryň bähbidi üçin akýürekli zähmet bilen däl-de, lenç edilen korrupsiýa arkaly ele salyndy” diýip, ol belledi.
Žukow 2-nji awgustda tussag edilmezden öň, YouTube saýtynda örän uly göwrümli tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekipdi. Ol bu saýtda prezident Wladimir Putine garşy we ýurduň çägindäki oppozision protestleri mahabatlandyrýan wideo bloglaryň ençemesini çap edipdi.
Tomus paslynda, hepdäniň ahyrlarynda Moskwada geçirilen ençeme protestde polisiýa dürli aýyplamalar esasynda ýüzlerçe adamy tussag etdi. Olaryň aglabasy kiçi göwrümdäki düzgün bozmalary amal edendigi üçin tussaglykdan boşadyldy.
6-njy dekabrda rus paýtagtyndaky beýleki bir ýerde, Twer etrap sudunda 22 ýaşly programmist Nikita Hirtsow 27-nji iýuldaky rugsatsyz ýörişlere gatnaşmakda aýyplanyp, “umumy jeza beriş koloniýasynda” bir ýyl tussaglyga höküm edildi.
Ilkibada Hirtsowa jemgyýetçilik wakalaryny geçirmek baradaky düzgünleri bozandygy üçin 12000 rubl, ýagny 185 amerikan dollary möçberde pul jerimesi salnypdy. Şondan soň ol Moskwadan Belarusyň paýtagty Minske gidipdi. Ýöne bu wakadan birnäçe gün soň, Belarusyň resmileri ony Russiýanyň haýyşy esasynda tussag edip, Moskwa iberdi.
Şonda Hirtsow gaýtadan tussag edildi we ýörişler döwründe polisiýa ofiserine hüjüm etmekde aýyplanyp, deslapky tussaghana ýerleşdirildi.
Noýabr aýynda geçirilen sud diňlenişiginde Hirtsow özüniň günäsizdigini aýtdy. Diňlenişige gatnaşan polisiýa ofiseri şübheliniň “türme tussaglygyna mynasyp däldigini” belledi.
Twer etrap sudy 32 ýaşly Pawel Nowikowy hem 27-nji iýuldaky ýörişlerde polisiýa ofiserine hüjüm etmekde günäli tapdy we oňa 120000 rubl, ýagny 1850 amerikan dollary möçberde pul jerimesini saldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.