Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa dört ýyl möhlet bilen Olimpiýadadan, möhüm çempionatlardan çetleşdirildi


Dopinge garşy Bütindünýä Agentliginiň paneli Russiýany laboratoriýa maglumatlaryny ýoýmakda aýyplaýar.

Bütindünýä anti-doping agentligi WADA-nyň dolandyryjy komiteti derman barlaglary baradakylaboratoriýa synaglarynyň maglumatlaryny ýoýandygy sebäpli, Orsýete sportuň dürli görnüşleri boýunça dört ýyllap olimpiada ýaryşlaryna we düýnä çempionatlaryna gatnaşmagy gadagan etdi.

Bu karara 9-njy dekabrda “biragyzdan” gelindi. WADA ondan ozal galp subutnamalary ýerleşdirmek, pozitiw doping synaglary bilen baglanyşykly we derman boýunça edilen aldawlaryň üstüni açmaga kömek etmegi mümkin faýllary manipulirlemek bilen Moskwa laboratoriýasy maglumatlaryny ýoýupdyr diýen netijä gelipdi.

Moskwanyň anti-doping laboratoriýa maglumatlarynyň “hakyky” kopiýasyny bermedigi we Dünýäniň anti-doping kodeksini ýerine ýetirmänligi sebäpli indi WADA-nyň resmi belliginiň Orsýetiň anti-doping agentligi (RUSADA) iberilmegine garaşylýar.

WADA-nyň bu karary agentligiň şertleriniň ýerine ýetirilişini gözden geçirýän komitet tarapyndan berlen maslahata esaslanýar. Bu komitet maglumatlaryň derňewçilere berilmezden öň manipulirlenendigini aýdýar. Bu RUSADA-nyň kodekse laýyk hereket edýändigini dikeltmek üçin, 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda bellenen şertlerde talap edilipdi.

Halkara olimpiada komiteti Bütindünýä anti-doping kodeksine gol çekenleriň biri hökmünde, bu karary ýerine ýetirmeli.

RUSADA-nyň Şweýsariýanyň Luzanne şäherinde ýerleşýän Sport arbitraž kazyýetine bu karara garşy şikaýat bilen ýüz tutmagy üçin 21 gün möhleti bar.

Beýleki taraplar hem Luzannedäki kazyýete appelýasiýa arzasyny berip bilýärler. Bu kazyýetiň kararlaryny Halkara olimpiada komiteti we sportyň beýleki organlary ýerine ýetirmäge borçludyr.

Orsýet teklip edilen sanksiýalary tankytlady. Daşary işler ministri Sergeý Lawrow olar Günbataryň Orsýeti çetleşdirmek baradaky tagallalarynyň üstüne ýene birini goşdular diýdi.

“Orsýeti goranyş pozisiýasyna getirjek bolup, ähli zatda, halkara durmuşynyň her bir sferasynda – konfliktlerde, ykdysadyýetde, energiýada, gaz geçirijilerinde, ýarag satmakda ony aýyplaýanlar bar” diýip, Lawrow aýtdy.

Galp maglumatlar

Agentlige berlen laboratoriýa maglumatlarynda “näsazlyklar” tapylansoň, geçen aýda WADA-nyň bir komissiýasy Orsýete dört ýyl möhlet bilen global ýaryşlara, şol sanda geljek ýyl Tokioda geçjek Olimpiada oýunlaryna gatnaşmagy gadagan etmegi, şeýle hem beýleki çäreleri maslahat berdi.

2014-nji ýylda Soçide geçen gyşky olimpiada ýaryşlarynda köpräk medal gazanmak üçin, Orsýetiň giň möçberde we döwlet tarapyndan oňlanan suratda doping ulanandygy aýan bolaly bäri, doping belasy bu ýurduň başyndan sowulman gelýär.

WADA 2018-nji ýylyň sentýabrynda Orsýet 2012-2015-nji ýyla çenli bolan doping ülňülerini bermeli diýen şert bilen RUSADA-nyň garşysyna üç ýyl bäri ýörgünli bolan wagtlaýyn gadagançylygy ýatyrdy.

Ýöne CRC Orsýeti 25-nji noýabrda Moskwanyň laboratoriýasy tarapyndan berlen maglumatlaryň käbirini ýoýanlykda aýyplap, RUSADA dört ýyl möhlet bilen gadaganlyk girizmegi we ýurdy esasy sport ýaryşlaryndan çykarmagy teklip etdi

2016-njy ýylda altyn medal alan we Orsýetiň olimpiada komitetiniň dolandyryjy komitetiniň agzasy bolan Sofýa Welikaýa karardan öň öz ornundan çekiljekdigini aýtdy.

ROC-nyň metbugat gullugynyň başlygy Stanislaw Pozdnýakow Welikaýa salgylanyp, şeýle diýdi: “Men ROC-nyň sport komitetiniň agzalarynyň, aýratyn-da onuň başlygynyň beren maslahatlary esasynda özümiziň nähli ýagdaýdadygymyz hakda sammite gatnaşanlary habarly etdim”.

Ýöne RUSADA-nyň başlygy Ýuriý Ganus teklip edilen jezalary “esasly” diýip atlandyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG