Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan premýer-ministri Jonson Breksitiň wagtynda amala aşjakdygyny aýdýar


Britan premýer-ministri Boris Jonson. 13-nji dekabr, 2019 ý.

Britaniýada Breksiti goldaýan Konserwatiw partiýa irki parlament saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazandy. Bu premýer-ministr Boris Jonsonyň (Boris Johnson) ýurdy Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykarmak tagallalaryna uly mümkinçilik berdi.

13-nji dekabrda tas ähli sesleriň sanalmagy netijesinde Jonsonyň partiýasy parlamentiň aşaky öýündäki 650 ornuň 364-ni almagy başardy.

Konserwatiwleriň ýeňişinden soň, Jonson Britaniýanyň, planlaşdyrylyşy ýaly, 31-nji ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykjakdygyny aýtdy.

“Men bu boş gürrüňlere soň berip, Breksiti 31-nji ýanwara çenli, öz wagtynda amala aşyraryn. Bu ýerde başga ‘ýa-da’ we ‘ýöne’ bolmaz” diýip, Jonson belledi.

2016-njy ýylda geçirilen referendumda britanlaryň 52%-i Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmagy saýlap alypdy. Şondan bäri Breksit üstünde syýasy gapma-garşylyklar döredi.

Eger Breksit amala aşsa, onda üýtgetmeler geçirilmezden öň, geçiş döwrüni 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli tamamlamak planlaşdyrylýar.

Britaniýanyň Zähmet partiýasy saýlawlarda diňe 203 orun almagy başardy. Bu partiýanyň işini tamamlaýan parlamentdäki häzirki ornundan 59 ýer azdyr. Bu netije partiýanyň lideri Jeremi Korbiniň (Jeremy Corbin) wezipeden çekilýändigini yglan etmegine getirdi.

Zähmet partiýasy Britaniýany yza gaýtmak ähtimallygy babatynda başga bir referendumyň öňünde goýmazdan öň, Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmagyň şertlerine täzeden seretmegi goldap çykyş edipdi.

Ýewropa Geňeşiniň täze prezidenti Çarlz Mişel (Charles Michel) blok Breksit boýunça çalt (...) ses berişligiň geçirilmegini we Londonyň öz planlary babatynda açyk bolmagyny umyt edýär diýdi.

“Biz britan parlamenti tarapyndan ses berişligiň mümkin boldugyndan çalt geçirilmegine garaşýarys... Mümkin boldugyndan çalt açyklygyň bolmagy möhümdir” diýip, Mişel Ýewropa Bileleşiginiň sammitiniň ikinji gününde aýtdy.

Birtan saýlawlarynda Şotlandiýanyň Milli partiýasy 48 we Breksite düýbünden garşylyk görkezen Liberal demokratlar jemi 11 orun aldy.

Londonyň öňki häkimi Jonson saýlaw kampaniýasynyň çäginde “Breksiti tamamlamagy” wada berip çykyş etdi.

Breksit Britaniýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky tas bäş onýyllyga çeken integrasiýanyň soňlanmagyna we iki tarapyň gol goýmagynda täze howpsuzlyk we söwda ylalaşyklarynyň baglaşylmagyna getirer.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG