Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda tutulan neşe maddalary otlandy


14-nji dekabrda geçirilen çärä ýurduň güýç edaralarynyň resmileri, ýaşulular we ýaşlar gatnaşdy.
14-nji dekabrda geçirilen çärä ýurduň güýç edaralarynyň resmileri, ýaşulular we ýaşlar gatnaşdy.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň dowamynda ele salnan neşe serişdelerini, psihotrop maddalaryny we kontrabanda ýollary bilen getirilen temmäki önümlerini ýakmak çäresi geçirildi.

TDH döwlet habar agentliginiň maglumatyna görä, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat obasynyň golaýynda 14-nji dekabrda geçirilen bu çärä ýurduň güýç edaralarynyň resmileri, ýaşulular we ýaşlar gatnaşypdyr. Şeýle-de oňa daşary ýurtly diplomatlar, halkara guramalaryň wekilleri we habar beriş serişdeleri çagyrylypdyr.

Gatnaşanlara görkezilen we soň ýakylan neşe serişdeleriniň ýurduň harby we kanuny goraýjy edaralarynyň geçiren ýörite operasiýalarynyň dowamynda ele salnandygy aýdylýar.

Maglumatda Türkmenistanyň çägine getirilýän gadagan serişdeleriň sanynyň göz-görtele azalandygy bellenilýär. Şol bir wagtda-da ýurtda neşekeşleriň sanyny, neşe gaçakçylygynyň möçberini görkezýän resmi statistika köpçülige mälim edilmeýär.

Türkmenistanda ýurt resmileriniň, daşary ýurtly diplomatlaryň gatnaşmagynda neşe serişdelerini oda bermek çäresi 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri ýylda iki gezek iýun we dekabr aýlarynda geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG