Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň Sport mekdebindäki sportsmen çagalar Aşgabatdaky Täze ýyl baýramçylyk çäresine çekilýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

17-nji dekabrda paýtagt Aşgabatda Täze ýyl mynasybetli geçiriljek iň uly baýramçylyk çäresine Mary welaýatynyň Sport mekdebinden 150 adam mejbury gatnaşmaly edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertlerinde habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, sişenbe güni Aşgabatda Täze ýyl mynasybetli ýurt boýunça iň uly baýramçylyk çäresi geçirilýär. Bu çärä Marynyň Sport mekdebiniň okuwçylaryndan sportuň her ugry boýunça 7-8 adam, jemi 150 adam gatnaşmaly edildi.

“Aşgabat şäherinde Täze ýyla bagyşlanyp, ertir geçiriljek uly çärä gatnaşmaly edilen adamlara şu gün agşam (16-njy dekabr – red.) Aşgabat otlusyna münmek tabşyryldy. Sportuň her görnüşinden 7-8 adam gatnaşmaly edildi” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, Sport mekdebiniň administrasiýasy çärä gatnaşmaga mejbur edilýän her bir çaganyň hossarlaryndan 55 manat möçberinde ýol tölegi üçin pul serişdesini talap edýär.

“Olar ertir (17-nji dekabr – red.) çäre dynandan soň, yzlaryna gaýdýarlar” diýip, habarçy sözüne goşýar.

Onuň maglumatlaryna görä, mejbury çärä gatnaşmaga mejbur edilýän çagalar Aşgabatda bolýan döwürlerinde naharlanmak üçin özleri çykdajy etmeli bolarlar.

“Aňyrda çärä gatnaşýan çagalaryň ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlaryny [mekdep] boýun almaýar. ‘Özüňiz çagaňyza näçe pul ýeter öýtseňiz beräýiň’ diýýärler. Adamlar çagalaryna azyndan 200 manat bermeli bolar diýýärler” diýip, Azatlygyň habarçysy Marydan habar berdi.

Habarçynyň Marynyň Sport mekdebine ilteşigi bolan ençeme gürrüňdeşine salgylanyp, habar bermegine görä, ene-atalar Aşgabatdaky mejbury Täze ýyl çäresine gatnaşjak sportsmen çagalaryna azyndan 255 manat çykdajy etmeli bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň bu mesele dogrusynda Mary welaýatynyň Sport mekdebinden kommentariýa almak synanyşygy häzirlikçe netije bermeýär.

Türkmenistanda paýtagtda geçirilýän döwlet guramaçylygyndaky mejbury baýramçylyk çäreleri üçin ýurduň dürli regionlaryndan raýatlar öz hasaplaryna Aşgabatdaky çärelere çekilýärler.

Ýatlasak, dekabryň başynda Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Lebap welaýatynyň ençeme medeniýet işgäriniň paýtagta ugradylandygyny habar berdi.

Habarçynyň malgumatlaryna görä, Lebabyň her bir şäher medeniýet öýünden 15-25 adamyň, oba we etrap medeniýet öýlerinden 5-8 adamyň döwletiň guramagyndaky mejbury baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada ugradylandygyny 4-nji dekabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä, jemi 500-den gowrak lebaply medeniýet işgäri Bitaraplyk mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin paýtagta goýberildi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda Täze ýyl baýramynyň golaýlaşmagy bilen oňa döwletiň guramaçylygynda görülýän mejbury taýýarlyk çäreleri hem ýygylaşýar. 5-nji dekabrda Azatlygyň habarçylary Mary we Lebap welaýatlarynda býujet işgärlerinden we mekdep okuwçylaryndan Täze ýyl baýramçylygyna degişli bezegler bilen baglylykda býujet işgärlerinden hem-de mekdep okuwçylaryndan pul ýygnalýandygyny habar berdi.

Habarçynyň 5-nji dekabrdaky maglumatlaryna görä Marynyň her bir döwlet edara-kärhanalarynda işgärlerden adam başyna 10 manatdan baýramçylyk bezeglerine diýlip, pul ýygnaldy. Galyberse-de, 9-njy dekabrda maryly habarçy welaýat häkimligi tarapyndan welaýatyň administratiw merkezinde dikiljek täze ýyl arçasyny guramagyň hem-de onuň bezeg işleriniň welaýatyň döwlet edara-kärhanalaryna tabşyrylandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG