Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda býujet işgärlerinden Täze ýyl dabaralary üçin 30 manatdan ‘pul ýygnalýar’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatyndaky edara-kärhanalaryň işgärlerinden Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyklar üçin 30 manat möçberinde pul ýygnalýar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär.

“Ýygnalýan pul serişdesi Türkmenabatda gurnaljak dört arçany bezemäge we beýleki bezeglere sarp ediler. Adatça edara-kärhanalar işgärleriň zähmet haklaryny her aýyň 16-17-ne bank hasaplaryna geçirýär. Ýöne häzirki wagt banklara her bir işgäriň aýlygyndan aýdylan pul serişdesini saklap galmak barada eýýäm görkezme berlipdir” diýip, neşir öz ýurt içindäki habarçysyna salgylanyp, 12-nji dekabrda çap eden maglumatynda belleýär.

Aýdylmagyna görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary pul bermekden boýun gaçyrýan işgärleriň “döwlet çärelerine gatnaşmak islemeýär” diýlip kabul ediljekdigini mälim edipdirler. Şeýle-de, olar pul goşmakdan boýun gaçyrýan işgärleriň öz islegi bilen işden çykýandygy barada arza ýazyp biljekdigini hem aýdypdyrlar.

Azatlyk Radiosy ýurduň dürli regionlarynda býujet işgärlerinden, okuwçylardan we studentlerden Täze ýyl baýramçylygy üçin pul ýygnalýandygy barada indi noýabr aýynyň ahyryndan bäri habar berýär.

5-nji dekabrda Marynyň häkimiýetleriniň şäherdäki edara-kärhanalaryň öňünde Täze ýyl arçasyny gurnamagy talap edendigi we munuň üçin işgärleriň her birinden 10 manat möçberinde pul ýygnalýandygy mälim boldy.

Şol güni Lebapdaky habarçymyz hem Türkmenabadyň 1-nji, 2-nji, 7-nji, 12-nji we 15-nji mekdeplerinde okaýan okuwçylardan mekdepleriň daşyny hem-de otaglary bezemek üçin pul ýygnalandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurt resmilerine Täze ýyl mynasybetli çärelere “hemmetaraplaýyn taýýarlanmagyň möhümdigini” noýabr aýyndan bäri aýdyp gelýär.

Iň soňky gezek döwlet baştutany 9-njy dekabrda Aşgabadyň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda “çagalar we uly adamlar üçin şowhunly baýramçylyk çärelerini we sahna eserlerini köpräk taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady”.

Soňky üç ýyla golaý wagt bäri garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýän Türkmenistanda häkimiýetler ýurtdaky baýramçylyklary ýa-da halkara çäreleri giň gerimde belläp gelýär.

Raýatlar bu çäreler üçin baýramçylyk we sport eşiklerini ýa-da welosiped, arça ýaly beýleki zatlary köplenç öz hasabyna satyn almaly bolýarlar.

Resmi media bu çäreler üçin býujet we medeniýet işgärlerinden, okuwçylardan hem-de studentlerden ýygnalýan pullar barada mesele gozgamaýar.

Türkmenistanda iň pes aýlyk zähmet haky 790 manada, orta mekdeplerde doly stawka görnüşinde işleýän mugallymlaryň ortaça aýlygy 1400 manada we ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentleriň talyp haklary takmynan 650 manada barabardyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG