Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply medeniýet işgärleri öz hasabyna Aşgabatdaky çärelere iberilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatyndaky Medeniýet öýleriniň işgärlerini Aşgabatda geçiriljek dabaralara ibermegiň nobatdaky tapgyry başlady.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply habarçylarynyň biri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärelere ýaşy 35-den geçmedik işgärleriň iberilýändigini aýdýar.

“Şu günler şäher Medeniýet öýlerinden 15-25 adam, oba, etrap Medeniýet öýlerinden 5-8 adam Aşgabada ugradylýar. Welaýat boýunça 500-den gowrak medeniýet işgäriniň gidýändigi aýdylýar. Olar otlyda gidip, Daýhan we Syýahatçy ýaly myhmanhanalarda galýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 4-nji dekabrda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda welaýatyň takyk haýsy Medeniýet öýleriniň işgärleriniň paýtagta iberilýändigi barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Aşgabada gitmeli edilen işgärler ýol, azyk we galjak ýeri üçin her gezek ortaça 4000 manat çykdajy etmeli bolýarlar. Bu resmi kursda $1142, ‘gara bazaryň’ nyrhynda ortaça $220 barabardyr.

Şol bir wagtda, medeniýet işgärlerine çykdajylaryň döwlet tarapyndan soňundan beriljekdigi aýdylyp, häzirlikçe olary öz hasaplaryna amal etmek tabşyrylýar. Ýöne medeniýet işgärleriniň ençemesi resmileriň öz wadasynda köplenç tapylmaýandygyny aýdýarlar.

“Bizi iň soňky gezek Aşgabada iberenlerinde-de şeýle wada berdiler. 27-nji sentýabrda bellenilýän Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin 10 gün çemesi öňünden paýtagta bardyk. Şonda iki hepdä golaý wagtyň dowamynda öz hasabymyza eden çykdajylarymyzy heniz hem yzyna gaýdyp bermedi” diýip, habarçy anonim şertde söhbetdeş bolan bir medeniýet işgäriniň sözüni sitirledi.

Onuň sözlerine görä, Medeniýet öýleriniň resmileri bu gezekdäki çykdajylaryň welaýatyň telekeçilerinden we býujet işgärleriniň aýlyklaryndan ýygnalyp beriljekdigini hem aýdypdyrlar.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Lebap welaýat häkimliginiň medeniýet bölüminden we ýurduň Medeniýet ministrliginden kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Bu habar, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurt resmilerine Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli “meýilleşdirilen çäreleriň taýýarlyk işlerine ýokary derejede ähmiýet bermegi tabşyrmagynyň" yzýanyna gabat geldi.

Türkmenistan soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirip gelýär. Muňa garamazdan, häkimiýetler ýurtdaky baýramçylyklary ýa-da halkara çäreleri giň gerimde belläp gelýär.

Esasy bölegi Aşgabatda geçirilýan bu çärelere ýurduň dürli welaýatlaryndan medeniýet we býujet işgärleriniň, studentleriň we okuwçylaryň müňlerçesi mejbury gatnaşdyrylýar. Bu çärelere gatnaşmakdan ýüz öwürýän raýatlara işden we okuwdan kowulmak howpy abanýar.

Mundanam başga, raýatlar bu dabaralar üçin baýramçylyk we sport eşiklerini ýa-da welosiped ýaly beýleki zatlary hem köplenç öz hasabyna satyn almaly bolýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG