Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda döwlet edara-kärhanalaryna we telekeçilere dekabryň ortasyna çenli täze ýyl arçasyny bezemek tabşyryldy


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň Magtymguly köçesiniň ugrundaky bir binanyň öňünde täze ýyl arçasy gurnalýar.

Mary welaýatynda döwlet edara-kärhanalaryna häkimligiň Täze ýyl arçasyny 15-nji dekabra çenli bezäp taýýarlamak boýunça buýruk berildi. Häkimlik welaýatyň çägindäki her bir hususy dükan eýelerine dükanlarynyň öňünde täze ýyl arçasyny oturtmagy, ýa-da dükanlaryň aýnalaryny täze ýyl bezegleri bilen bezemegi tabşyrdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy dekabrda Marydan habar berdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, welaýat merkezinde Täze ýyl arçasyny oturtmak boýunça döwlet edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna welaýat häkimligi tarapyndan berlen buýruk dilden görkezme esasynda berildi.

Onuň tassyklamagyna görä, Marynyň merkezinde döwlet edara-kärhanalarynyň hasabyna bezeljek arçadan daşgary, her bir hususy dükan eýelerine dükanlaryň işigine ýa arça bezäp oturtmak, ýa-da dükanlaryň penjirelerine ýanyp sönýän çyralary we beýleki bezegleri asmak tabşyryldy.


Habarçy bezeg işleriniň welaýat häkimi tarapyndan ýörite barlanjakdygyny habar berýär.

“Adamlar gijesi bilen işlemeli. Mary welaýatynyň häkimi 15-nji dekabr güni welaýatyň ähli köçelerine hut özüniň aýlanjakdygyny ähli edara başlyklaryna duýdurdy. Hemme söwda nokatlarynyň işiklerinde hökmany suratda bezeg işlerini geçirmeli” diýip, Azatlygyň habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde Marydan habar berdi.

Ol täze ýyl arçasyna degişli käbir çykdajylary öwrendi:

“Arçalara dakylýan kiçi çyralaryň bahalary 30 manatdan 100 manat aralygynda, arça asylýan oýunjaklar 20 manatdan başlanýar” diýip, habarçy aýtdy. Onuň sözlerine görä, welaýat merkezinde satylýan täze ýyl bezegleri esasan Hytaýda öndürilýän oýunjaklar we bezeglerdir.

Habarçy welaýatyň ähli edara-kärhanalarynda täze ýylyň bezeg we taýýarlyk işleri üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýandygyny habar berýär.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Mary welaýatynyň häkimliginden kommentariýa alyp bilmeýär.

Welaýat häkimliginde Täze ýyla taýýarlyk işleri bilen bagly bat alýan işjeňlik, prezident Berdimuhamedowyň 2-nji dekabrda Aşgabadyň hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen geçiren wideo şekilli iş maslahatynda Täze ýyla berk taýýarlyk görmegi tabşyrmagynyň yzýanyna gabat gelýär.

Şonda prezident baýramçylyga taýýarlyk işlerine köp sanly döwlet düzümlerini we edaralary çekmegi tabşyrypdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi şeýle habar berdi.

“[Täze ýyla] taýýarlyk işlerine köp sanly düzümleri hem-de dürli edaralaryň bölümlerini çekmek, şolaryň işiniň degişli derejede guralmagyny üpjün etmek we oňa yzygiderli gözegçiligi ýola goýmak möhüm talap bolup durýar. Şunlukda, baýramçylyk dabaralary köpöwüşginli, ýatda galyjy bolmalydyr” diýip, türkmen prezidenti häkimlerden talap etdi.

Şu günler Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görülýär.

Ýatladyp geçsek, mundan 4 gün ozal, 5-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky habarçysy ýerli häkimiýetleriň Mary şäherindäki edara-kärhanalaryň öňünde Täze ýyl arçasyny gurnamagy talap edýändiklerini habar berdi. Onuň tassyklamagyna görä, Maryda býujet işgärlerinden her bir döwlet edara-kärhanasynyň öňünde guraljak “täze ýyl arçasy üçin” adam başyna 10 manat möçberinde pul ýygnalýar.

Onuň maglumatlaryna görä, täze ýyl arçasyna degişli dilden görkezme esasynda pul ýygnalýan raýatlaryň hataryna Marynyň hassahanalarynyň işgärleri we sport mekdepleriniň okuwçydyr işgärleri hem girýär.

Beýleki tarapdan, 5-nji dekabrda Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy hem Türkmenabadyň 1-nji, 2-nji, 7-nji, 12-nji we 15-nji mekdeplerinde okaýan okuwçylardan mekdepleriň daşyny bezemek üçin hem-de otaglaryň bezeg işleri üçin pul ýygnalandygyny habar berdi.

Döwlet mediasy täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk çäreleriniň çäginde edara-kärhanalaryň işgärlerinden edilýän mejbury talaplar we ýygnalýan pullar barada kelam agyz gürrüň etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG