Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Maryda we Lebapda ýene pul ýygnalýar, bu gezekki Täze ýyl bezegleri üçin...


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda býujet işgärlerinden we mekdep okuwçylaryndan Täze ýyl baýramçylygyna bezegleri satyn almak üçin pul ýygnalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz Lebapdaky we Marydaky habarçylary habar berýärler.

“Mary şäherindäki edara-kärhanalaryň öňünde Täze ýyl arçasyny gurnamak talap edilýär. Bu arçalar şu hepdäniň ahyryna çenli gurnalmaly edilipdir. Munuň üçin edara-kärhanalaryň işgärleriniň her birinden 10 manatdan ýygnalýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 5-nji dekabrda gürrüň berdi.

Bu pul serişdesi Marynyň edara-kärhanalaryndan başga-da, hassahanalaryň we sport mekdepleriň okuwçydyr işgärlerinden hem ýygnalýar.

Lebap welaýatyndaky habarçymyz bolsa, şu günler Türkmenabat şäherindäki okuwçylaryň diňe mekdebiň daşyny bezemek üçin däl, eýse otaglaryny bezemek üçin hem pul bermäge mejbur bolýandygyny aýdýar.

“Şäheriň 1-nji, 2-nji we 7-nji mekdepleriniň okuwçylaryndan 100 manada çenli pul ýygnalypdyr. Käbir gurply maşgalalaryň çagalarynyň okaýan 12-nji we 15-nji mekdeplerde bolsa, okuwçylaryň käbirinden 2000 manada çenli pul ýygnalypdyr” diýip, habarçy bu mekdepde okaýan okuwçylaryň we mugallymlaryň ençemesine salgylanyp, 5-nji dekabrda gürrüň berdi.

Ol maşgalalaryň köpüsiniň bu pul serişdesini bermäge maddy mümkinçiliginiň örän çäklidigini hem aýtdy. Ýöne ol ene-atalaryň çagalaryna “gep gelmeginden ýa-da bahalaryna ýaramaz täsir ýetirilmeginden” alada edip, soralan puly bermäge mejbur bolýandygyny belledi.

“Köp okuwçylaryň ene-atalarynyň maşgala ýagdaýy kyn, olara iýjek çöregi gaýgy. Ýöne mekdep müdirleri muňa düşünseler-de, düşünmedik bolýarlar. Olar beýleki mekdeplerden öňe saýlanjak bolup, uly we bezelen arçany gurmaga dyrjaşýarlar. Olar üçin emeldarlaryň görkezmesi ähli zatdan ýokarda durýar. Olaryň ýaranjaňlyk derejesi iň ýokary derejä ýetdi” diýip, habarçy ene-atalara salgylanyp, gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada degişli edaralardan, şol sanda mekdeplerden kommentariý alyp bilmedi.

Ýöne bu habar, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurt resmilerine Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli “meýilleşdirilen çäreleriň taýýarlyk işlerine ýokary derejede ähmiýet bermegi tabşyrmagynyň" yzýanyna gabat geldi.

Soňky üç ýyla golaý wagt bäri garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýän Türkmenistanda häkimiýetler ýurtdaky baýramçylyklary ýa-da halkara çäreleri giň gerimde belläp gelýär.

Raýatlar bu çäreler üçin baýramçylyk we sport eşiklerini ýa-da welosiped, arça ýaly beýleki zatlary köplenç öz hasabyna satyn almaly bolýarlar. Munuň üçin býujet we medeniýet işgärlerinden, okuwçylardan hem-de studentlerden yzygiderli pul ýygnalýar.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanda iň pes aýlyk zähmet haky 790 manada, orta mekdeplerde doly stawka görnüşinde işleýän mugallymlaryň ortaça aýlygy 1400 manada we ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentleri talyp haklary takmynan 650 manada barabardyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG