Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Wekiller öýi Tramp boýunça impiçment prosesini başlatdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

18-nji dekabrda giçlik Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýi prezident Donald Tramp boýunça impiçment prosesini başlatdy. Indi Senat Trampyň wezipeden çetleşdirilip çetleşdirilmejekdigini kesgitlär.

ABŞ-nyň 45-nji prezidenti, ýurduň konstitusiýasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, agyr jenaýatlar we etmişler boýunça resmi derejede aýyplama bildirilýän Ak tamyň üçünji ýaşaýjysydyr.

Tramp barada iki punkt boýunça impiçment prosesi başladyldy:wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmak we Kongresi böwetlemek – bularyň ikisi hem Demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky öýde kabul edildi.

Birinji aýyplama laýyklykda, Respublikanlardan bolan Tramp 2020-nji ýylda ABŞ-da geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda özüniň syýasy bäsdeşini derňetmek üçin daşary ýurtly ýaranyň – bu ýagdaýda Ukraina göz öňünde tutulýar – kömegine ýüzlenmek arkaly prezidentlik wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak bilen ilteşdirilýär.

Ikinji punktda Tramp impiçment diňlenişigi bilen bagly faktlary derňemek döwründe talap edilen müňlerçe resminamany saklamakda we Kongresiň derňew komissiýasyndan öň, şaýatlaryň maglumat bermegini böwetlemekde aýyplanýar.

Miçiganda geçiren saýlaw kampaniýasynda Tramp 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlaryna salgylanyp, Demokratlaryň “on müňlerçe watansöýüjilikli amerikanyň býulletenini güýçsiz hasaplamaga synanyşýandygyny” aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG