Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Tramp baradaky impiçment prosesi ‘oýlanyp tapylan toslama’ öňe sürmelere esaslanýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin. 19-njy dekabr, 2019 ý.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin. 19-njy dekabr, 2019 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp baradaky impiçment prosesiniň “oýlanyp tapylan toslama” öňe sürmelere esaslanýandygyny aýtdy.

Putin 19-njy dekabrda Moskwada geçirýän ýyllyk konferensiýasynda çykyş edip, 18-nji dekabrda ABŞ-nyň Wekiller öýüniň amerikan prezidenti boýunça impiçment prosesini başlatmak barada ses berendigine garamazdan, Trampyň wezipede galmagyna garaşýandygyny aýtdy.


“[Impiçment taslamasy] entek Senatdan geçmeli. Meniň bilşime görä, Senatda Respublikanlar agdyklyk edýär” diýip, Putin belledi.

Şeýle-de, ol “saýlawlarda utulan partiýanyň beýleki usullar bilen söweşi dowam etdirýändigini” hem aýtdy. Ol impiçmenti Trampyň Russiýa bilen dildüwşük edendigi baradaky aýdylanlar hakda ABŞ-da mundan ozal geçirilen derňewlere deňedi.

Putin Russiýanyň Birleşen Ştatlar bilen “Täze START” ýarag şertnamasy barada ylalaşmaga taýýardygyny, ýöne rus tekliplerine gaýtawul berilmändigini hem belledi.

Putin häkimiýet başyna geleni bäri yzygiderli her ýyl geçirilýän bu çäre telewideniýede görkezilýär. Bu konferensiýa Putiniň öz abraýyny artdyrmak we ruslary olaryň gowy ellerdedigini ynandyrmak, şeýle-de Birleşen Ştatlara we dünýäniň beýleki ýurtlaryna yşarat ibermek üçin ulanýan esasy çäreleriniň biridir.

Bu çäräniň dowamynda rus lideri ýurduň çar künjeginden göni liniýalar arkaly berilýän soraglara ençeme sagatlap jogap berýär. 2008-nji ýylda Putiniň metbugat konferensiýasy rekord derejä ýetip, 4 sagat 40 minut dowam edipdi.

Şu hepdäniň başynda Kreml Putiniň metbugat konferensiýasy barada maglumat taýýarlamak üçin 1895 žurnaliste akkreditasiýanyň berlendigini aýtdy. Bu gezekki çäre Putiniň şu görnüşde geçirýän 15-nji metbugat konferensiýasydyr.

Mundan ozal, Putin Russiýada howanyň maýlamagynyň global ortaça derejä garanda iki esseden hem çalt amala aşýandygyny aýtdy. Ol howanyň global derejede maýlamagynyň Russiýanyň doňaklykda gurlan Arktik şäherlerine we şäherçelerine howp abandyryp biljekdigini hem belledi.

Şeýle-de, Putin Russiýanyň global maýlamany haýallatmaga niýetlenen Pariž ylalaşygyny berjaý edýändigini aýtdy. Şol bir wagtda-da, ol klimatyň global derejede üýtgemegine sebäp bolýan faktorlaryň näbelli bolmagynda galýandygyny belläp, ony çaklamagyň kyndygyny nygtady.

Putin Russiýanyň Olimpiýa oýunlaryna we sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlaryna gatnaşmagyna dört ýyl möhlet bilen gadagançylyk girizilmegi barada hem çykyş edip, Dopinge garşy Bütindünýä Agentliginiň, ýagny WADA-nyň dolandyryjy komitetiniň adalatsyz hereket edendigini aýtdy.

Ol rus türgenlerine garşy islendik jezanyň kollektiwleýin däl-de, indiwidual görnüşde amal edilmelidigini hem belledi.

Putiniň ýylyň soňuna gabatlap geçiren bu metbugat konferensiýasy Moskwany we beýleki rus şäherlerini sarsan tomusky protestleriň hem yzýanyna gabat geldi.

Şeýle-de, bu çäre Russiýanyň ykdysadyýetiniň dikelmekde ejir çekýän mahalynda geçirilýär. Russiýanyň ykdysadyýeti dünýäde nebitiň bahasynyň aşaklamagyndan we 2014-nji ýylda Moskwanyň Krymy anneksiýa etmeginiň yzýany, Günbatar tarapyndan girizilen sanksiýalardan ejir çekdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG