Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýranyň saýlama harby bölüminiň komandirini öldürdi


Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň “Kuds” bölüminiň komandiri, general-maýor Kasem Suleýmani (ortada)
Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň “Kuds” bölüminiň komandiri, general-maýor Kasem Suleýmani (ortada)

3-nji ýanwarda, ABŞ-nyň Bagdat aeroportuna ir sagatlarda uran zarbasy netijesinde, Eýranyň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň saýlama harby bölüminiň – “Kuds” güýçleriniň komandiri, general-maýor Kasem Suleýmani öldürildi.

Onuň ölümi baradaky habary Eýran, ABŞ, Yrak resmileri tassyk etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp biraz soň twitterde Suleýmanyň “uzak döwür içinde müňlerçe amerikany öldürendigini ýa-da agyr ýaralandygyny, ýene köpüsini öldürmegi planlaşdyrandygyny..., emma saklanylandygyny!” aýtdy. Ol ony millionlarça adamyň, şol sanda golaýdaEýranyň özünde öldürilenköp sanly protestçiniň ölüminde “göni ýa-da gytaklaýyn” günäli bolmakda aýyplady.

Suleýmani Yraga bu ýerdäki toparlanyşyklara kömek bermek üçin geldi. Zarba netijesinde Halk güýçleriniň jemlenmesi toparynyň komandiriniň orunbasary Abu Mahdi al-Muhandisiň hem wepat bolandygy aýdylýar.

Abu Mahdi al-Muhandis
Abu Mahdi al-Muhandis

Pentagonyň biraz soň yglan etmegine görä, Suleýmanyň öldürilmegi planlaşdyrylan operasiýa bolup, prezident Donald Trampyň tabşyrygy esasynda ýerine ýetirildi.

"ABŞ-nyň prezidentiniň tabşyrmagy esasynda, amerikanlaryň daşary ýurtlardaky bähbitlerini goramak üçin, aýgytly goranyş çäresini görmek karar edildi. General Suleýmani Yrakda we bütin sebitde amerikan diplomatlaryna we harbylaryna işjeň hüjüm etmek planlaryny işläp düzdi. General Suleýman we onuň “Kuds” bölümi ABŞ-nyň we koalisiýa güýçleriniň ýüzlerçe öldürilen we müňlerçe ýaralanan agzasy üçin jogapkärçilik çekýär” diýip, Goranmak departamentiniň beýanatynda aýdylýar.

ABŞ 2019-njy ýylyň ýazynda EYRGK-ny daşary ýurt terrorçy guramalarynyň sanawyna girizdi, döwlet departamantiniň başlygy Maýk Pompeo bolsa general Suleýmanini terrorçy diýip atlandyrdy.

ABŞ başga bir ýurduň resmi hökümetiniň bir bölegini öz taryhynda ilkinji gezek terrorçy gurama diýip ykrar etdi. Şeýle-de ABŞ 2019-njy ýylyň sentýabrynda “Kuds” bilen baglylykda şahsy sanksiýalary girizdi.

Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif “Kudsyň” komandiriniň öldürilmegini halkara terrorçylyk hereketi diýip atlandyrdy.

"General Suleýmaniniň (YD, Al-Nusra fronty, Al-Kaýda we beýlekiler bilen göreşde iň netijeli) yzarlanmagy we öldürilmegi ABŞ-nyň halkara terrorçylyk akty bolup, örän howply we akmak gyzyşdyrma ädimi bolup durýar” diýip, Zarif ýazdy.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani telewideniýede berlen sözünde bu kast edişligiň Tährany Birleşen Ştatlara garşy durmakda has aýgytly etjekdigini aýtdy.

“Roýters” habar gullugynyň maglumatyna görä, "Suleýmaniniň şehitligi Eýrany Amerikan ekspansiýonizmine we biziň yslam gymmatlyklarymyzy goramaga has kän kararlylyk getirer. Şübhesiz, Eýran we sebitde beýleki erkinlik isleýän ýurtlar onuň aryny alarlar” diýip, Rohani aýtdy.

Bu wakanyň öňüsyrasynda birnäçe şaýy toparlanyşygynyň goldawçylary ABŞ-nyň Yrakdaky – Bagdatdaky ilçihanasyna hüjüm etdi. Bina zabt etmäge synanyşanlaryň arasynda Halk güýçleriniň jemlenmesi toparynyň agzalary hem boldy.

Yragyň howpsuzlyk güýçleri hüjüm eden mähellä garşy göz ýaşardyjy gaz ulandy, ilçihananyň binasynyň içindäki goragçylar bolsa protestçileri dargatmak üçin galmagal granatlaryny zyňdylar.

Bu wakadan soň Waşington derhal ilçihananyň işiniň togtadylandygyny we işgärleriň ewakuasiýa edilendigini yglan etdi.

Ilçihana hüjüm edilmezinden biraz öň ABŞ Siriýadaky we Yrakdaky şaýy toparlanyşyklaryna garşy harby zarba urdy.

Döwlet departamantiniň wekilleri bu howa zarbalaryny Kerkugyň golaýyndaky harby baza edilen raketa hüjümlerine jogap hökmünde urlan “goranyş urgulary” diýip atlandyrdy.

Şol raketa hüjümlerinde şertnama boýunça gulluk edýän amerikan raýaty öldürildi. Yragyň premýer-ministri Adil Abdul-Mahdi ABŞ-nyň bu hereketleri bilen ýurduň özygtyýarlylygyny bozandygyny aýtdy.

Eýrana tarapdar şaýy güýçleri soňky aýlarda Yrakdaky beýleki amerikan bazalaryna, şol sanda Baladda, et-Tajide, Aýn al-Assadda we Bagdat aeroportunda ýerleşýän bazalara, ABŞ ilçihanasyna hem zarba urdular.

Hameneýi “jenaýatçylardan” “gazaply öç alynjakdygyny” aýdýar

Eýranyň ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýi Suleýmany öldüren “jenaýatçylardan” “gazaply öç alynjakdygyny” aýdyp, haýbat atdy.

Hameneýi soňky on ýylda Tähranyň Siriýa we Yrak goşunlary bilen bir hatarda hökümete garşy güýçler bilen gurlan söweşlere gatnaşmagy netijesinde jemgyýetçilik abraýy ýokarlanan generalyň hatyrasyna üç günlük ýas yglan etdi.

Biraz soň Hameneýi “Kuds” güýçleriniň başlygynyň uzak wagtlyk orunbasary Ismail Kaani öldürilen komandiriň ornuna komandirlige hödürledi.

Yragyň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Adil Abdul-Mahdi Suleýmani bilen Muhandisi nazarda tutup, “bu iki şehidiň “Yslam döwleti” toparyndan üstün çykylmagy netijesinde gazanylan ýeňşiň uly nyşanlary bolandygyny” aýtdy.

“Roýters” habar gullugynyň maglumatyna görä, Abdul-Mahdiniň şu hepdäniň başynda özleriniň ABŞ-nyň bu ýurtda bolmagy meselesindäki ylalaşyklary üýtgetmekçidigini syzdyran hökümeti Suleýmanini öldüren zarbany “ABŞ güýçleriniň Yrakda bolmagynyň şertleriniň elhenç bozulmagy” hökmünde häsiýetlendirdi.

Yragyň prezidenti Barham Salih milli bähbitleri we howpsuzlygy gorap saklamak üçin agzybirlige çagyrdy. Ol ýurt “özüni kyrk ýyldan gowrak tozduran ýaragly çaknyşyk betbagtçylyklaryndan gaça durmaly” diýdi.

ABŞ-nyň ilçihanasy, harby zarba hakyndaky habardan soň, amerikan raýatlaryny “Yragy derhal terk etmäge” çagyrdy.

Eýran mediasy ýurduň Daşary işler ministrliginiň Şweýsariýanyň bu ýurtda ABŞ bähbitlerine wekilçilik edýän ynanylan wekilini çagyryp, “berk protestini” bildirendigini habar berdi.

Damaskda, Eýranyň ýaran ýurdunyň Daşary işler ministrligi ABŞ hüjümini “namart” we “haýynçylykly, jenaýatçylykly amerikan agressiýasy” diýip häsiýetlendirdi.

“Roýtersiň” maglumatyna görä, Pekin hüjüm baradaky habardan soň “sabyr-kanagatlylyga” çagyrdy we “parahatçylyk we durnuklylyk saklanmaly” diýdi. Hytaý hususan-da “dahylly taraplaryň ählisini, hususan-da Birleşen Ştatlary asudalyga we kanagatly bolmaga” çagyrdy.

Moskwa bu adam öldürilmeginiň “dartgynlyklary ýokarlandyrjakdygyny” aýtdy.

“The New York Times” we “Washington Post” gazetleri howa zarbasynyň drondan, adamsyz uçardan urlandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň respublikanlary Trampyň bu kararyny gutlasa, demokratlaryň köpüsi bu hüjümi tankyt etdi we onuň ABŞ işgärlerini howply ýagdaýlara saljakdygyny aýtdy.

Eýranyň döwlet telewideniýesi ABŞ zarbasynyň 10 adamy öldürendigini, olaryň bäşisiniň Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyň agzasy bolandygyny, “Kuds” güýçlerine ýolbaşçylyk eden adamlardygyny habar berdi. Bu sanlar garasyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Tährandaky juma namazyna adatdakysyndan has kän adam toplandy, onlarça müň eýranly ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň emrine boýun bolmajaklaryny aýtmaga geldi.

XS
SM
MD
LG