Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň ýokary ruhany lideri Hameneýi Suleýmaniniň jaýlanyş mirasymyna gatnaşdy


Eýranyň harby lideri Kasym Süleýmaniniň giňişleýin tutulan jynaza çäresi. Tähran. 6-njy ýanwar, 2020 ý.
Eýranyň harby lideri Kasym Süleýmaniniň giňişleýin tutulan jynaza çäresi. Tähran. 6-njy ýanwar, 2020 ý.

Birleşen Ştatlaryň geçen hepdedäki howa zarbasynda ölen, “Kuds” güýçleriniň komandiri Eýranyň harby lideri Kasym Süleýmaniniň giňişleýin tutulan jynaza çäresi Tährana Amerika bilen dartgynlygyň barha artýan mahalynda baryp gowuşdy.

6-njy ýanwarda ýurduň paýtagtynda geçirilen çärelerde, Eýranyň ýokary ýolbaşçysy Aýatollah Ali Hameneýi Süleýmaniniň tabydyň başynda ýaş döküp, aýat okady. Tähranda matama gatnaşan ýüz müňlerçe adamy öz içine alan esasy köçeleriň birnäçesi ýapyldy.

Eýranyň döwlet telekanaly jynaza çäresinden janly sahnalary, şol sanda Tähran uniwersitetinden başlap, Azady skwerine çenli bolan üç kilometrlik köçede okalan jynaza namazyny görkezdi.

Süleýmaniniň amerikan prezidenti Donald Trampyň buýrugy boýunça 3-nji ýanwarda öldürilmeginden soňra Tähran bilen Waşingtonyň arasynda jedelli çekişmeler turdy, dünýä liderleri bolsa taraplary köşeşmäge çagyrdylar.

Süleýmani goňşy Yrakda Bagdadyň halkara aeroportyny terk edip gelýärkä dron zarbasy bilen öldürileninden soňra Tähran ara salym salman, öç aljakdygyny aýtdy. Tramp hem Eýran Birleşen Ştatlaryň bähbitlerine hüjüm eden halatynda, Eýranyň dürli ýerlerine, şol sanda medeni taýdan ähmiýetli ýerlere hem zarba urmak bilen haýbat atdy.

Süleýmaniniň jesedi 7-nji ýanwarda dogduk mekany Kerman şäherinde jaýlanmazdan öň 5-nji ýanwarda Tährana baranynda dartgynlyk has-da artdy.

Yragyň parlamenti adatdan daşary mejlis geçirdi. Bagdatdaky kanun çykaryjylar kararnama kabul edip, Amerikan esgerleriniň ýurtdan çekilmegine çagyrdylar.

Tramp 5-nji ýanwarda Air Force One uçarynyň bortunda žurnalistlere beren maglumatynda Amerikan esgerleri ýurdy terk etmäge mejbur edilse, “onda biz olara garşy ozal hiç haçan görmedik sanksiýalaryny girizeris” diýdi.

“Biz Yrakda gaty köp pul harçladyk. Biziň ol ýerde juda adatdan daşary howa bazamyz bar. Ony gurmak milliardlarça dollara durdy” diýip, Tramp aýtdy.

Amerikan prezidenti özüniň Eýranyň medeni ýadygärliklerine hüjüm etmek baradaky haýbatyny-da gaýtalady.

“Olaryň biziň halkymyzy öldürmäge rugsady bar, biziň adamlarymyzy gynap, maýyp etmäge rugsady bar. Olaryň ýoluň gyrasynda bomba goýup, biziň adamlarymyzy partlatmaga rugsady bar. Onsoň biziň olaryň medeni ýadygärliklerine el urmaga rugsadymyz ýokmy? Beýle iş bolmaz” diýip, Tramp aýtdy.

Süleýmaniniň ýerine gelen eýranly general hem 6-njy ýanwarda Eýranyň döwlet telewideniýesine beren interwýusynda öç almagy wada etdi.

3-nji ýanwara çenli uzak wagtlap “Kuds” güýçleriniň başlygynyň orunbasary bolan Ysmaýyl Kaani 6-njy ýanwarda şeýle diýdi: “Gudraty güýçli Alla öz aryny almagy wada edipdir, esasy öç alyjy Alladyr. Şübhesiz, hereketler bolar”.

2012-nji ýylda resmi habar gulluklarynyň biriniň saýtyndan soňra aýrylan interwýunyň çeşmesi Kaanidi. Ol şonda Eýranyň -“fiziki we fiziki däl taýdan” - Siriýada bolmagyny “uly gyrgynçylygyň” öňüni almak diýip atlandyrdy.

Bu aralyka Eýran hökümeti 2015-nji ýylda dünýäniň güýçli döwletleri bilen gelnen ýadro ylalaşygyndan ep-esli yza çekiljekdigini bildirdi. Bu geleşik Tähranyň ýadry programmasy sebäpli dörän aladalary ýatyrmak üçin baglaşylypdy.

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi öldürilen harby kommandir Kasem Suleýmaniniň tabydynyň golaýynda doga-dileg edýärler. Tähran. 6-njy ýanwar, 2020 ý.
Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi öldürilen harby kommandir Kasem Suleýmaniniň tabydynyň golaýynda doga-dileg edýärler. Tähran. 6-njy ýanwar, 2020 ý.

Eýran hökümeti 5-nji ýanwarda ýaýradylan beýannamada, özüniň mundan beýläk sentrifuglaryň sany barada ylalaşykda rugsat edilen çäkde durmajakdygyny aýdy. Ýadro ylalaşygyny Tramp 2018-nji ýylda terk etdi.

Tähran mundan beýläk urany baýlaşdyrmak, baýlaşdyrylan materiallary saklamak ýa ýadro işjeňliklerinde barlag we ösüş boýunça girizilen çägi hem ýerine ýetirmez diýlip, beýannamada aýdylýar.

Ýadro ylalaşygynda galan taraplar krizisiň barha artýandygyny nazarda tutup, bu barada alada bildirdiler.

Orsýet we Hytaý bilen birlikde ýadro ylalaşygynda galan Fransiýadan, Britaniýadan we Germaniýadan ybarat E3 diýilýän topar Tährany ylalaşygy ýerine ýetirmäge çagyrdylar.

6-njy ýanwarda Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas: “Munuň ylalaşygyň soňlanmagy üçin ilkinji ädim bolmagy mümkin, bu uly ýitgi bolar, şol sebäpden biz muny juda jogapkärçilikli ýagdaýda ara alyp maslahatlaşarys” diýdi.

Bu aralykda NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg krizis barada pikir alyşmak üçin, 6-nji ýanwarda ýaranlygyň ilçilerini Brýussele çagyrdy.

NATO-nyň Yrakda türgenleşik missiýasy bar, muňa ýüzlerçe adam gatnaşýar. Bu missiýa Süleýmanä urlan zarbadan soň wagtlaýyn togtadyldy.

5-nji ýanwarda Amerikanyň birnäçe telewideniýe programmasynda çykyş eden Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo Trampyň hereketini gorap, Eýrana ýene duýduryş berdi.

Ol eger Eýran Amerikan nyşanalaryny urmak üçin proksi güýçlerini ulansa – Yrakda, Siriýada, Ýemende, Liwanda we başga ýerlerde – Birleşen Ştatlaryň Eýranyň liderlerine hüjüm etmegi mümkin diýdi.

“Olary çeken Eýran we onuň ýolbaşçylary bolar. Indiki kararlara gelenlerinde Eýran ýolbaşçylarynyň hasaba almaly möhüm zatlary şulardyr” diýip, Pompeo aýtdy.

Prezident Tramp 4-nji ýanwarda ýerleşdiren tweetlerinde Süleýmanä zarba urmagy özüniň buýrandygyny, sebäbi eýranly komandiriň Amerikan we Yrak nyşanalaryny gurnandygyny we onuň “beýleki ýerlerde hem goşmaça zarbalary taýýarlandygyny” aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Süleýmaniniň öldürilmegi halkara hukugynyň bozulmagy we medeni ýadygärlikleriň nyşana alynmagy uruş jenaýaty bolar diýdi.

“Utanman oturyp, Eýranyň medeni we harby däl ýerlerini nyşana hökmünde kesgitleýän we özlerine diplomat diýýän masgarabazlar hukuk sözlügini açyp görmegiň aladasyny hem edenoklar” diýip, Zarif 5-nji ýanwarda ýazdy. “Jus kogens halkara hukugynyň gaýra goýulmasyz normalaryna, ýagny halkara gyzyl çyzyklara salgylanýar. Ol uly ‘ýok, ýok”.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG